Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Musa 40
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Musa kitabynyň mazmuny

      • Ýusup zyndanda düýş ýorýar (1—19)

        • «Düýşüň ýorgudy Hudaýdan» (8)

      • Faraonyň doglan güni (20—23)

1 Musa 40:1

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: hojaýynlaryna garşy günä etdi.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 40:11

1 Musa 40:2

Parallel aýatlar

  • +1Ms 40:20—22

1 Musa 40:3

Parallel aýatlar

  • +1Ms 37:36
  • +1Ms 39:20; Zb 105:17, 18

1 Musa 40:4

Parallel aýatlar

  • +1Ms 39:22

1 Musa 40:8

Parallel aýatlar

  • +1Ms 41:15, 16; Dan 2:28, 45

1 Musa 40:13

Parallel aýatlar

  • +1Ms 41:12, 13
  • +1Ms 40:20, 21

1 Musa 40:14

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: wepaly söýgi bildirip.

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    4/2017, sah. 20, 21

1 Musa 40:15

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: guýa; çukura.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 37:28
  • +1Ms 39:7, 8

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi (Ýygnak üçin)»,

    1/2023, sah. 16

    «Garawul diňi»,

    4/2017, sah. 20, 21

    «Okuw depderi üçin salgylar»,

    5/2020, sah. 4

1 Musa 40:19

Parallel aýatlar

  • +1Ms 40:20, 22

1 Musa 40:20

Parallel aýatlar

  • +Mar 6:21

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 44

1 Musa 40:22

Parallel aýatlar

  • +1Ms 40:8

1 Musa 40:23

Parallel aýatlar

  • +1Ms 40:14

Umumy salgylar

1 Mus. 40:11Ms 40:11
1 Mus. 40:21Ms 40:20—22
1 Mus. 40:31Ms 37:36
1 Mus. 40:31Ms 39:20; Zb 105:17, 18
1 Mus. 40:41Ms 39:22
1 Mus. 40:81Ms 41:15, 16; Dan 2:28, 45
1 Mus. 40:131Ms 41:12, 13
1 Mus. 40:131Ms 40:20, 21
1 Mus. 40:151Ms 37:28
1 Mus. 40:151Ms 39:7, 8
1 Mus. 40:191Ms 40:20, 22
1 Mus. 40:20Mar 6:21
1 Mus. 40:221Ms 40:8
1 Mus. 40:231Ms 40:14
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
Mukaddes Kitap
1 Musa 40:1—23

Birinji Musa

40 Birnäçe wagtdan Müsür faraonynyň baş şerapçysy+ we baş çörekçisi hojaýynlarynyň göwnüni ýykdy*. 2 Faraon baş şerapçy bilen baş çörekçisine+ gaharlanyp, hyzmatkärleriň ikisini⁠-⁠de 3 garawullaryň baştutanynyň+ seredýän zyndanyna saldy. Ýusup hem şol zyndanda otyrdy+. 4 Garawullaryň baştutany Ýusuba olaryň ýanynda bolup, hyzmatyny etmegi tabşyrdy+. Olaryň zyndana düşenine birnäçe wagt bolupdy.

5 Bir gije Müsür faraonynyň zyndanda oturan şerapçysy we çörekçisi düýş gördi. Düýşleriň hersiniň öz ýorgudy bardy. 6 Ertesi irden Ýusup gelip görse, ikisi hem aladaly görünýärdi. 7 Ýusup faraonyň hyzmatkärlerinden: «Näme ýüzüňiz salyk?» diýip sorady. 8 Olar: «Ikimizem düýş gördük, ýöne ýorup biljek adam ýok» diýip jogap berdiler. Ýusup: «Düýşüň ýorgudy Hudaýdandyr!+ Hany, düýşüňizi gürrüň beriň» diýdi.

9 Baş şerapçy düýşüni Ýusuba gürrüň berip başlady: «Öňümde üzüm agajy duranmyş. 10 Agajyň üç şahasy bar. Ol pyntyklap gülledi, soňra üzüm salkymlary peýda boldy. 11 Faraonyň käsesi meniň elimdemiş. Üzümi käsä sykyp, faraona uzadýarmyşym». 12 Şonda Ýusup: «Ine, düýşüň ýorgudy: üç şaha üç gündür. 13 Üç günden faraon seni boşadyp, öňki wezipäňe bellär+. Sen öňkiň ýaly baş şerapçy bolup, faraona şerap guýup berersiň+. 14 Ýöne hemme işiň ugruna bolanda, meni hem ýatla. Maňa ýagşylyk edip*, faraona men hakda gürrüň beräý. Belki, ol meni boşadar. 15 Onsoňam, meni ýewreýleriň ýurdundan tutup getirdiler+. Bärde⁠-⁠de zyndana* taşlanar ýaly iş edemok»+ diýdi.

16 Ýusubyň düýşi gowulyga ýorandygyny görüp, baş çörekçi: «Menem bir düýş gördüm. Depämde ak undan bişirilen üç sebet çörek barmyş. 17 Iň ýokarky sebetde faraon üçin bişirilen süýji⁠-⁠süýji nygmatlar bar. Olary guşlar iýýärmiş» diýdi. 18 Ýusup: «Ine, düýşüň ýorgudy: üç sebet üç gündür. 19 Üç günden faraon seni zyndandan çykarar⁠-⁠da, kelläňi alyp, jesediňi pürsden asar. Maslygyň guşlara şam bolar»+ diýdi.

20 Üç günden faraon doglan gününi belläp+, emeldarlary üçin meýlis gurnady. Ol baş şerapçy bilen baş çörekçini zyndandan çykaryp, emeldarlarynyň öňüne getirtdi. 21 Faraon baş şerapçyny öňki wezipesine belledi. Ol ýene⁠-⁠de faraona şerap guýup berýärdi. 22 Baş çörekçini bolsa pürsden asdyrdy. Ähli zat Ýusubyň aýdyşy ýaly boldy+. 23 Ýöne baş şerapçy Ýusuby ýatdan çykarypdy+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş