Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Eýýup 5
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Eýýup kitabynyň mazmuny

      • Alypaz sözüni dowam edýär (1—27)

        • Hudaý akyldarlary öz duzagyna düşürýär (13)

        • Eýýup Hudaýyň terbiýesinden ýüz öwürmeli däl (17)

Eýýup 5:1

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: mukaddesden.

Eýýup 5:4

Parallel aýatlar

  • +Nak 22:22; Ams 5:12

Eýýup 5:13

Parallel aýatlar

  • +1Kr 3:19

Eýýup 5:21

Parallel aýatlar

  • +Nak 12:18

Eýýup 5:23

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Mellegiňdäki daşlar seniň bilen äht baglaşar.

Eýýup 5:24

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: parahatlykda.

Umumy salgylar

Eýp. 5:4Nak 22:22; Ams 5:12
Eýp. 5:131Kr 3:19
Eýp. 5:21Nak 12:18
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
Mukaddes Kitap
Eýýup 5:1—27

Eýýup

5 Çagyr hany! Saňa jogap berjek tapylarmy?

Haýsy perişdeden* kömek sorajak?

 2 Sebäbi akmagy öýke⁠-⁠kine heläk edýär,

Göriplik adamy ölüme eltýär.

 3 Men akmagyň döwran sürýändigini gördüm,

Emma onuň öýüne birdenkä nälet siňýär.

 4 Ogullary howp astynda,

Derwezede+ urlar, arkasyny tutjak tapylmaz.

 5 Bugdaýyny açlar iýýär,

Tikenekleriň arasyndakylary hem alýar,

Mekir adamlar mal⁠-⁠mülküni ýuwudýar.

 6 Sebäbi ýamanlyk toprakdan,

Bela⁠-⁠beter ýerden çykmaýar.

 7 Uçgunyň otdan syçraýşy ýaly,

Ynsan azap çekmek üçin dünýä inýär.

 8 Seniň ýeriňe bolsam, Hudaýa ýalbarardym,

Dawamy Alla aýdardym.

 9 Ol akyla sygmajak, beýik işleri edýär,

Sansyz⁠-⁠sajaksyz gudratlary görkezýär.

10 Ol ýere ýagmyr ýagdyrýar,

Meýdanlary suwarýar.

11 Garyplary beýgeldýär,

Göwnüçökgünleri halas edýär.

12 Ol hilegärleriň niýetini bozýar,

Eliniň işlerini puja çykarýar.

13 Ol akyldarlary öz duzagyna düşürýär+,

Parasatly adamlaryň maslahatyny ýele sowurýar.

14 Olar gündizine garaňkylykda gezýärler,

Günortan çagy gije dek sermenip ýörýärler.

15 Ol ynsany awuly dilden,

Pukaralary güýçliniň elinden halas edýär.

16 Ol garyba umyt berýär,

Erbetleriň bolsa agzy ýumulýar.

17 Hudaýyň temmi beren adamy bagtlydyr!

Gudratygüýçlüniň terbiýesinden ýüz öwürme.

18 Ol ýaralasa⁠-⁠da, ýarany saraýar,

Şikes ýetirse⁠-⁠de, eli bilen bejerýär.

19 Ol seni alty beladan gutarar,

Hatda ýedinji beladan hem gorar.

20 Açlyk döwri ölümiň penjesinden,

Uruşda kesgir gylyçdan seni azat eder.

21 Ol seni ajy dilden gorar+,

Gyrgynçylyk gelende gorkmarsyň.

22 Betbagtçylygyň, açlygyň üstünden gülersiň,

Ýer ýüzüniň ýyrtyjylaryndan gorkmarsyň.

23 Mellegiňde daş köp bolmaz*,

Ýyrtyjy haýwanlar saňa zyýan ýetirmez.

24 Çadyryňda arkaýyn* ýaşarsyň,

Öri meýdanda mal⁠-⁠garaň kemlik etmez.

25 Ogul⁠-⁠gyzlaryňa guwanarsyň,

Nesliň ýeriň ýüzünde gök maýsa kimin köpeler.

26 Ömür tanapyň kesilýänçä, gurbatyň gaçmaz.

Hasyl döwründäki galla desseleri dek bolarsyň.

27 Ine, biz derňedik, aýdylanlar hakykatdyr.

Muny diňle⁠-⁠de, kabul et».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş