Işaýa
18 Efiopiýa+ derýalarynyň boýundaky ýurduň,
Wyzzyldap uçýan mör-möjekli ýurduň waý halyna!
2 Ol habarçylaryny gamyş gämilerde,
Deňziň üsti bilen ýollap, şeýle diýýär:
«Ýola düşüň, eý ýyndam çaparlar!
Daş-töweregini gorka salýan halkyň+,
Uzyn boýly, ýylmanak bedenli,
Güýçli hem basybalyjy milletiň,
Joşup akýan derýalary bolan halkyň ýanyna gidiň».
3 Eý zeminiň ilaty, ýer ýüzüniň halky!
Siziň görjek zadyňyz daglaryň başynda dikilen tug* deý,
Eşitjek owazyňyz surnaý sesi deý bolar.
4 Ýehowa maňa şeýle diýdi:
«Gün şöhlesiniň ýere ýylylyk berişi deý,
Hasyl döwri ýagyş damjalary deý,
Men arkaýyn durup, öz mekanyma* serederin.
5 Hasyl ýygymyndan öň,
Üzüm güllerini döküp, miwesi bişip başlanda,
Bag gaýçysy bilen şahalary gyrkylar,
Üzümiň murtjagazlary kesilip taşlanar.
6 Olaryň ählisi dagyň ýyrtyjy guşlaryna,
Ýabany haýwanlara şam bolar.
Olar tomsuna ýyrtyjy guşlara,
Hasyl ýygnalýan döwri ýabany haýwanlara iýmit bolar.
7 Şol döwür Serkerdebaşy Ýehowa sowgat getiriler,
Daş-töweregini gorka salýan halk,
Uzyn boýly, ýylmanak bedenli,
Güýçli hem basybalyjy millet,
Joşup akýan derýalary bolan halk,
Serkerdebaşy Ýehowanyň adyny göterýän Sion dagyna+ sowgat getirer».