Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýermeýa 40
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Ýermeýa kitabynyň mazmuny

      • Nawuzardan Ýermeýany azat edýär (1—6)

      • Gedalýa häkim bolýar (7—12)

      • Gedalýa garşy dildüwşük (13—16)

Ýermeýa 40:1

Parallel aýatlar

  • +Ýer 39:9; 52:12, 13
  • +Ýuş 18:21, 25

Ýermeýa 40:3

Parallel aýatlar

  • +Ýer 50:7

Ýermeýa 40:4

Parallel aýatlar

  • +Ýer 39:11, 12

Ýermeýa 40:5

Parallel aýatlar

  • +2Pa 22:8
  • +2Pa 22:12, 13; Ýer 26:24
  • +2Pa 25:22; Ýer 39:13, 14; 41:2

Ýermeýa 40:6

Parallel aýatlar

  • +Ser 20:1; 1Pa 15:22

Ýermeýa 40:7

Parallel aýatlar

  • +2Pa 25:22; Ýer 39:10

Ýermeýa 40:8

Parallel aýatlar

  • +2Pa 25:25
  • +Ýer 41:11, 16; 43:2
  • +Ýer 42:1, 2
  • +2Pa 25:23

Ýermeýa 40:9

Parallel aýatlar

  • +2Pa 25:24; Ýer 27:11

Ýermeýa 40:10

Parallel aýatlar

  • +Ýer 39:10

Ýermeýa 40:14

Parallel aýatlar

  • +Ýer 41:10
  • +Ýer 41:2

Ýermeýa 40:16

Parallel aýatlar

  • +2Pa 25:22

Umumy salgylar

Ýer. 40:1Ýer 39:9; 52:12, 13
Ýer. 40:1Ýuş 18:21, 25
Ýer. 40:3Ýer 50:7
Ýer. 40:4Ýer 39:11, 12
Ýer. 40:52Pa 22:8
Ýer. 40:52Pa 22:12, 13; Ýer 26:24
Ýer. 40:52Pa 25:22; Ýer 39:13, 14; 41:2
Ýer. 40:6Ser 20:1; 1Pa 15:22
Ýer. 40:72Pa 25:22; Ýer 39:10
Ýer. 40:82Pa 25:25
Ýer. 40:8Ýer 41:11, 16; 43:2
Ýer. 40:8Ýer 42:1, 2
Ýer. 40:82Pa 25:23
Ýer. 40:92Pa 25:24; Ýer 27:11
Ýer. 40:10Ýer 39:10
Ýer. 40:14Ýer 41:10
Ýer. 40:14Ýer 41:2
Ýer. 40:162Pa 25:22
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
Mukaddes Kitap
Ýermeýa 40:1—16

Ýermeýa

40 Garawullaryň baştutany Nawuzardan+ Ýermeýany gandallap, Rama+ äkidipdi. Ol Wawilona sürgün edilen Iýerusalim we Ýahuda ýesirleriniň arasyndady. Garawullaryň baştutany Nawuzardan Ramada ony azat edenden soň, Ýehowa Ýermeýa bilen gepleşdi. 2 Garawullaryň baştutany Ýermeýany bir gyra çekip, şeýle diýdi: «Ýehowa Hudaýyň ýurtda heläkçiligiň boljakdygyny aýdypdy. 3 Ýehowa aýdan sözüni ýerine ýetirdi. Sebäbi siz Ýehowa garşy günä etdiňiz, oňa gulak asmadyňyz. Şonuň üçin şeýle zatlar başyňyza geldi+. 4 Indi eliňdäki gandallary aýryp, seni azat edýärin. Meniň bilen Wawilona gitmek isleseň, ýör, gideli, özüm aladaňy ederin. Eger gitmek islemeseň, gitme. Seret, tutuş ýurt seniň öňüňde. Göwnüň islän ýerine git!»+

5 Ýermeýa jogap bermäge ýaýdanyp duransoň, Nawuzardan: «Wawilon patyşasynyň Ýahudanyň şäherleriniň üstünden goýan häkimi Şapanyň+ agtygy, Ahykamyň+ ogly Gedalýanyň+ ýanynda, il⁠-⁠günüň arasynda ýaşaber ýa⁠-⁠da göwün islän ýeriňe git» diýdi.

Garawullaryň baştutany Ýermeýa azyk⁠-⁠owkat we sowgat berip, ýola saldy. 6 Ýermeýa Mispadaky+ Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna gitdi we ýurtda galan halkyň arasynda ýaşady.

7 Wagtyň geçmegi bilen, tutuş ýurduň goşunbaşylary we olaryň adamlary Wawilon patyşasynyň Ahykamyň ogly Gedalýany Wawilona sürgün edilmedik garyp adamlaryň, aýallaryň, çagalaryň hem Ýahuda ýurdunyň üstünden häkim edip belländigini eşitdiler+. 8 Netanýanyň ogly Ysmaýyl+, Kareýiň ogullary Ýohanan+ bilen Ýonatan, Tanhumetiň ogly Seraýa, netopaly Epaýyň ogullary we magakatlylardan Ýeznap+ hem⁠-⁠de olaryň adamlary Mispa şäherinde ýaşaýan Gedalýanyň ýanyna geldiler+. 9 Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýa olaryň we adamlarynyň öňünde ant içip, şeýle diýdi: «Haldeýlere gul bolmakdan gorkmaň. Ýurtda ýaşap, Wawilon patyşasyna hyzmat ediň, şonda özüňiz üçin gowy bolar+. 10 Men bolsa Mispada galyp, haldeýleriň öňünde size wekilçilik ederin. Siz bolsa hasyl ýygnaň, şerap hem ýag taýýarlap, küýzeleriňizi dolduryň, eýelän şäherleriňizde ýaşaberiň»+.

11 Mowapda, Ammonda, Edomda we başga ýurtlarda ýaşaýan ýehudylar hem Wawilon patyşasynyň Ýahuda ýurdunda galdyran adamlarynyň üstünden Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany häkim edip belländigini eşitdiler. 12 Şeýlelikde, çar tarapa dargan ýehudylar Ýahuda ýurduna we Mispa şäherindäki Gedalýanyň ýanyna geldiler. Olar örän köp şerap ýasadylar we köp ir⁠-⁠iýmiş ýygnadylar.

13 Kareýiň ogly Ýohanan bilen ýurtdaky ähli goşunbaşylar Mispa şäherindäki Gedalýanyň ýanyna geldiler. 14 Olar Gedalýa: «Ammon+ patyşasy Bagalysyň seni öldürmek üçin Netanýanyň ogly Ysmaýyly iberendiginden habaryň barmy?»+ diýdiler. Emma Ahykamyň ogly Gedalýa olara ynanmady.

15 Kareýiň ogly Ýohanan Mispada Gedalýa bilen gizlinlikde gepleşip: «Men gidip, Netanýanyň ogly Ysmaýyly öldüreýin, muny hiç kim bilmez. Ol seni näme üçin öldürmelimişin? Näme üçin ýanyňa ýygnanan ýahuda halky dargap, aman galanlar heläk bolmaly?» diýdi. 16 Emma Ahykamyň ogly Gedalýa+ Kareýiň ogly Ýohanana: «Muny etme. Ysmaýyl hakda aýdýanlaryň ýalan!» diýdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş