Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýermeýa 41
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Ýermeýa kitabynyň mazmuny

      • Ysmaýyl Gedalýany öldürýär (1—10)

      • Ysmaýyl Ýohanandan gaçyp gidýär (11—18)

Ýermeýa 41:1

Parallel aýatlar

  • +2Pa 25:23; Ýer 40:14
  • +2Pa 25:25

Ýermeýa 41:5

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +1Pa 12:1
  • +Ýuş 18:1
  • +1Pa 16:23, 24
  • +3Ms 19:27, 28; 5Ms 14:1
  • +3Ms 2:1

Ýermeýa 41:9

Parallel aýatlar

  • +1Pa 15:22; 2Tr 16:6

Ýermeýa 41:10

Parallel aýatlar

  • +Ýer 40:12
  • +Ýer 40:7
  • +Ýer 40:14

Ýermeýa 41:11

Parallel aýatlar

  • +Ýer 40:13; 43:2

Ýermeýa 41:12

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: uly howzuň.

Ýermeýa 41:14

Parallel aýatlar

  • +Ýer 40:6

Ýermeýa 41:16

Parallel aýatlar

  • +Ýer 41:2

Ýermeýa 41:17

Parallel aýatlar

  • +2Pa 25:26; Ýer 42:14; 43:7
  • +1Ms 35:19

Ýermeýa 41:18

Parallel aýatlar

  • +Ýer 41:2

Umumy salgylar

Ýer. 41:12Pa 25:23; Ýer 40:14
Ýer. 41:12Pa 25:25
Ýer. 41:51Pa 12:1
Ýer. 41:5Ýuş 18:1
Ýer. 41:51Pa 16:23, 24
Ýer. 41:53Ms 19:27, 28; 5Ms 14:1
Ýer. 41:53Ms 2:1
Ýer. 41:91Pa 15:22; 2Tr 16:6
Ýer. 41:10Ýer 40:12
Ýer. 41:10Ýer 40:7
Ýer. 41:10Ýer 40:14
Ýer. 41:11Ýer 40:13; 43:2
Ýer. 41:14Ýer 40:6
Ýer. 41:16Ýer 41:2
Ýer. 41:172Pa 25:26; Ýer 42:14; 43:7
Ýer. 41:171Ms 35:19
Ýer. 41:18Ýer 41:2
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
Mukaddes Kitap
Ýermeýa 41:1—18

Ýermeýa

41 Ýedinji aýda Alyşamyň agtygy, Netanýanyň ogly Ysmaýyl+ on adamy bilen Mispadaky Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna geldi. Ysmaýyl patyşanyň neslinden köşk emeldarlarynyň biridi. Olar Mispada+ iýip⁠-⁠içip otyrkalar, 2 Netanýanyň ogly Ysmaýyl we onuň ýanyndaky on adam ýerinden turup, Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany gylyç bilen öldürdiler. Ysmaýyl Wawilon patyşasynyň ýurduň üstünden bellän adamyny öldürdi. 3 Şeýle⁠-⁠de ol Mispada Gedalýanyň ýanyndaky ýehudylary we haldeý esgerlerini gylyçdan geçirdi.

4 Gedalýanyň ölenine bir gün bolupdy, ýöne hiç kimiň mundan habary ýokdy. 5 Şonda Şekemden+, Şilodan+ we Samariýadan+ 80 adam geldi. Olaryň sakgallary syrylandy, ýakalary ýyrtylandy, endam⁠-⁠jany dilim⁠-⁠dilimdi+, ellerinde bolsa Ýehowanyň öýüne getirilen galla sadakalary we ladan*+ bardy. 6 Netanýanyň ogly Ysmaýyl olary garşy almak üçin Mispadan çykdy. Ysmaýyl ýolboýy aglady we olaryň ýanyna gelip: «Ýörüň, Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna baralyň» diýdi. 7 Emma olar şähere giren badyna, Netanýanyň ogly Ysmaýyl nökerleri bilen olary öldürip, guýa taşlady.

8 Olaryň arasynda on adam Ysmaýyla: «Bizi öldürme! Biz bugdaý, arpa, ýag we bal gizläp goýduk» diýdiler. Şonda Ysmaýyl olara degmedi, doganlaryny⁠-⁠da diri galdyrdy. 9 Ysmaýyl öldüren adamlarynyň jesetlerini çuňňur guýa taşlady. Guýyny Asa patyşa Ysraýyl patyşasy Başa+ bilen söweşende gazdyrypdy. Netanýanyň ogly Ysmaýyl guýyny jesetden doldurdy.

10 Ysmaýyl Mispada+ galan halky, patyşanyň gyzlaryny we beýleki adamlary ýesir aldy. Garawullaryň baştutany Nawuzardan Ahykamyň ogly Gedalýany olara häkim edip belläpdi+. Netanýanyň ogly Ysmaýyl ýesirleri alyp, ammonlaryň tarapyna geçmek üçin ýola düşdi+.

11 Kareýiň ogly Ýohanan+ we ýanyndaky ähli goşunbaşylary Netanýanyň ogly Ysmaýylyň zalym işlerini eşitdiler. 12 Olar adamlary ýygnap, Netanýanyň ogly Ysmaýyl bilen söweşmäge çykdylar. Olar Gibgondaky kölüň* golaýynda Ysmaýylyň yzyndan ýetdiler.

13 Ysmaýylyň eline ýesir düşen adamlar Kareýiň ogly Ýohanany we goşunbaşylary görüp begendiler. 14 Ysmaýylyň Mispadan+ ýesir alan adamlary yzyna öwrülip, Kareýiň ogly Ýohanan bilen gaýtdylar. 15 Emma Netanýanyň ogly Ysmaýyl sekiz adamy bilen Ýohanandan gaçyp, ammonlaryň ýanyna geldi.

16 Kareýiň ogly Ýohanan we goşunbaşylar Netanýanyň ogly Ysmaýylyň Mispadan ýesir alan adamlaryny halas etdiler. Ysmaýyl Ahykamyň ogly Gedalýany öldüripdi+. Olar aýal⁠-⁠erkekleri, çagalary, köşk emeldarlaryny we esgerleri Gibgondan alyp gaýtdylar. 17 Olar Müsüre gitmek üçin+ Beýtullahamyň+ golaýynda ýerleşýän Kimhamdaky kerwensaraýda düşlediler. 18 Olar haldeýlerden gorkýardylar. Sebäbi Netanýanyň ogly Ysmaýyl Wawilon patyşasynyň ýurduň üstünden bellän adamyny, Ahykamyň ogly Gedalýany öldüripdi+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş