Işaýa
64 Asmany böwsüp, aşak insediň,
Daglar öňüňde titrärdi.
2 Çöp-çalamy ýakýan,
Suwy gaýnadýan ot kimin aşak insediň,
Şonda milletler öňüňde sandyrar,
Duşmanlaryň adyňy biler.
4 Sabyrly garaşýanlary halas edýärsiň,
Senden başga Hudaý ýokdur.
Gadymy günlerden bäri
Seniň ýaly Hudaýy gören-eşiden ýokdur+.
5 Sen dogry işleri höwes bilen edýänleri+,
Seni unutmaýanlary, ýollaryňdan ýöreýänleri
Gujak açyp garşylaýarsyň.
Biz ýyllarboýy günä edip,
Seniň gaharyňy getirdik+.
Indi biz nädip halas bolarys?
Indi ählimiz ýaprak kimin saralyp solarys,
Günälerimiz sebäpli ýele sowrularys.
7 Hiç kim seniň adyňy tutup çagyrmaýar,
Saňa berk ýapyşmak üçin jan etmeýär.
Sen bizden ýüz öwürdiň+,
Günälerimiz sebäpli gurap gitdik.
9 Ýehowa, gahar-gazaba münme+,
Günälerimizi ýatlap durma.
Ýalbarýarys, bize nazar sal, biz seniň halkyňdyrys.
10 Mukaddes şäherleriň çöle döndi,
Sion takrap ýatan ýere döndi.
Iýerusalim haraba öwrüldi+.
11 Ata-babalarymyzyň saňa alkyş aýdan öýüni,
Mukaddes we şöhratly* ybadathanany otladylar+.
Biziň eziz görýän zatlarymyz haraba bolup ýatyr.
12 Ýehowa, şu zatlary görübem kömek etmersiňmi?
Ejir çekmegimize ýol berip, ümsüm oturarsyňmy?+