Işaýa
34 Eý milletler, golaýyma gelip diňläň!
Eý halklar, üns beriň!
Eý zemin we ondaky bar zatlar,
Toprak we onuň miweleri, diňläň!
Alla olary ýok eder,
Jelladyň eline berer+.
4 Gökleriň goşuny ýok bolar,
Asman golýazma kimin düýrlener.
Gökleriň goşuny tapdan düşer,
Saralyp ýere dökülen üzüm ýapragy kimin,
Gurap ýere gaçan injir kimin bolar.
5 «Gylyjym göklerde gana boýalar+.
Gylyjym Edomy gyrmaga geler+,
Höküm eden halkymyň başyndan iner.
6 Ýehowanyň gylyjy gana boýalar.
Sebäbi Ýehowa Bosra galasynda gurbanlyk berer,
Edom ýurdunda gan döker+.
7 Ýabany öküzler, ýaş we güýçli öküzler
Olar bilen bile gyrlar.
Olaryň ýurdy gana boýalar,
Topragyny ýag basar».
10 Ol gije-gündiz ýanyp durar,
Tüssesi hemişe asmana galar,
Ebedilik haraba döner.
Indi ol ýerden hiç kim geçmez+.
11 Ol ýerde gotanlar we oklukirpiler ýaşar,
Baýguşlar we gargalar mesgen tutar.
Alla ony heläkçilik ölçeg ýüpi bilen,
Harabaçylyk ölçeg daşy* bilen ölçär.
12 Begleri patyşa bolmaz,
Hanlarynyň ählisi ýok bolar.
13 Onuň diňlerinde ýandak biter.
Galalaryny tikenekler we haşal otlar basar.
Ol şagallaryň sürenine+,
Düýeguşlaryň mesgenine öwrüler.
14 Çöl haýwanlary bilen uwlaýan haýwanlar üýşer.
Ýabany geçi* jübütini çagyrar.
Gije uçýan guşlar höwürtge ýasar.
15 Okýylanlar mesgen tutar we ýumurtgalar.
Ýumurtgalaryny basyryp, olary gorar.
Çaýkeller jübüt-jübüt bolup üýşerler.
16 Ýehowanyň kitabyny açyp öwreniň, sesli okaň:
Olaryň hiç biri ýitmez,
Hiç biriniň jübüti kemlik etmez.
Ýehowanyň özi buýruk çykardy.
Onuň emri* bilen olar bir ýere jem boldy.
17 Alla olar üçin bije atdy,
Eli bilen olara ýer paýyny ölçäp berdi.
Ol ýer hemişe mesgeni bolar,
Çagalary-da hemişe ol ýerde ýaşar.