Zebur
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Meni heläk etme» diýen saza goşup aýtmaly. Asafyň aýdymy+.
75 Hudaýym, saňa şükür edýärin, saňa şükür edýärin!
Sen biziň bilensiň+,
Halk ajaýyp işleriňi yglan edýär.
2 Hudaý diýýär: «Men höküm etmek üçin wagt belleýärin,
Adalatly kazylyk edýärin.
3 Ýer we onuň ilaty titrände,
Men Ýeriň sütünlerini sakladym». (Sela)
4 Men öwünjeňe: «Öwünme!» diýýärin.
Erbet adama aýdýaryn: «Güýjüňe buýsanma.
5 Tumşugyňy göge tutma,
Ulumsy gepleme.
6 Şan-şöhrat ne gündogardan,
Ne günbatardan, ne-de günortadan geler.
7 Hudaý Kazydyr+.
Ol birini peseldýär, beýlekisini beýgeldýär+.
8 Ýehowanyň elinde käse bardyr+;
Ol köpürjikleýän güýçli şerapdan doludyr.
Hudaý ähli erbetlere şerap içirer,
Olar soňky damjasyna çenli içer»+.
9 Men bolsa Allanyň işlerini ebedilik jar ederin,
Ýakubyň Hudaýynyň şanyna aýdym aýdaryn.