Birinji Musa
28 Yshak Ýakuby çagyrdy-da, ak pata berip, şeýle tabşyryk berdi: «Kengan gyzlaryna öýlenäýme+. 2 Paddan-arama, babaň Betuweliň öýüne git-de, daýyň Labanyň bir gyzyna+ öýlen. 3 Gudratygüýçli Hudaý seni ýalkar we ogul-gyzly edip, nesliňi köpelder, senden uly halk dörär+. 4 Hudaý Ybraýyma wada eden berekedini saňa we nesliňe berer+. Sen Hudaýyň Ybraýyma beren ýurduny, gelmişek bolup ýaşap ýören topragyňy miras alarsyň»+.
5 Şeýlelikde, Yshak Ýakuby Paddan-arama iberdi. Ol hem ýola düşüp, siriýaly* Betuweliň+ ogly Labanyň ýanyna gitdi. Laban Ýakup bilen Ysawyň ejesi Rebekanyň doganydy+.
6 Ysaw Yshagyň Ýakuba ak pata berendigini, «Kengan gyzlaryna öýlenäýme»+ diýip, gelin almak üçin Paddan-arama iberendigini, 7 inisi Ýakubyň hem ene-atasyna gulak asyp, Paddan-arama gidendigini eşitdi+. 8 Şonda Ysaw kakasynyň Kengan gyzlaryny halamaýandygyna düşündi+. 9 Ol Ysmaýylyň kowum-garyndaşlarynyň ýanyna gitdi-de, öňki iki aýalynyň üstüne Nebaýotyň uýasy Mahalaty aldy+. Mahalat Ybraýymyň ogly Ysmaýylyň gyzydy.
10 Ýakup Beýer-şebadan çykyp, Harana+ tarap gidip barýardy. 11 Gün ýaşanda, ol gijäni geçirmek üçin düşledi we bir daşa kellesini goýup ýatdy+. 12 Düýşünde ýerden asmana çenli uzalyp gidýän basgançak gördi. Şol basgançakdan Hudaýyň perişdeleri münüp-düşüp ýördi+. 13 Basgançagyň ýokarsynda Ýehowa durdy. Ol Ýakuba şeýle diýdi:
«Men ataň Ybraýymyň, kakaň Yshagyň Hudaýy Ýehowa+. Ýatan ýeriňi, tutuş ýurdy saňa we nesliňe bererin+. 14 Nesliň çäge deý köpelip+, çar tarapa* ýaýrar. Ýer ýüzüniň ähli milletleri sen we nesliň arkaly bereket alar+. 15 Men seniň bilendirin, nirä gitseňem, seni gorap, şu ýurda sag-aman yzyňa getirerin+. Seni hiç wagt taşlamaryn, beren wadalarymy berjaý ederin»+.
16 Ýakup ukudan oýanyp: «Asyl men Ýehowanyň mesgenine gelipdirin-ä, muny bilmändirinem» diýdi. 17 Ol gorkup: «Bärsi mukaddes ýer! Hudaýyň öýi+ we gögüň derwezesi eken»+ diýdi. 18 Ir bilen turup, kellesiniň aşagyndaky daşy ýadygärlik edip goýdy-da, üstüne ýag guýdy+. 19 Ýakup şol ýere Beýtel* diýip at goýdy. Öň şäheriň ady Luzdy+.
20 Şonda Ýakup Hudaýa söz berip: «Eger Hudaý meni goldap, ýolboýy penasynda saklasa, aç-hor etmän, 21 atamyň öýüne sag-aman getirse, Ýehowanyň, hakykatdanam, meniň Hudaýymdygyna göz ýetirerin. 22 Ýadygärlik edip goýan daşym Hudaýyň öýi+ bolar. Eý Hudaý, maňa berjek ähli zadyň ondan birini saňa bererin» diýdi.