Birinji Musa
11 Şol wagtlar ähli adamlar bir dilde gepleýärdi, ulanýan sözleri-de meňzeşdi. 2 Olar gündogara gidip, Şyngar+ ýurdunda bir jülgäniň üstünden bardylar we şol ýerde ýaşap başladylar. 3 Soňra olar bir-birlerine: «Geliň, kerpiç ýasap, oda tutalyň» diýdiler. Şeýdip, daşa derek kerpiç, palçyga derek gara şepbik* ulanyp başladylar. 4 Olar: «Geliň, bir şäher bilen diň guralyň. Goý, diňiň depesi asmana ýetsin. Şonda at gazanarys, dumly-duşa dargap gitmeris»+ diýişdiler.
5 Ýehowa adamlary synlap, olaryň gurýan şäherini we diňini gördi. 6 Şonda Ýehowa: «Adamlar bir dilde gepleýär+. Şonuň üçin birigip, gör, näme edip ýörler. Olar ýüregine düwen zadyny etmekden gaýtmaz. 7 Biri-birine düşünmez ýaly, gel+, olaryň dilini garyşdyraly» diýdi. 8 Ýehowa olary ýer ýüzüne dargatdy+. Şeýdip, şäheriň gurluşygy kem-kemden durdy. 9 Şol şähere Wawilon*+ diýilýär, sebäbi Ýehowa şol ýerde adamlaryň dilini garyşdyrdy. Şeýdip, Ýehowa olary çar tarapa dargatdy.
10 Samyň+ ömri şeýledir.
Tupandan iki ýyl geçensoň, Sam 100 ýaşyndaka, Arpahşat+ diýen ogly boldy. 11 Arpahşat doglandan soň, Sam 500 ýyl ýaşady, onuň başga-da ogul-gyzlary boldy+.
12 Arpahşat 35 ýaşyndaka, Şela+ diýen ogly boldy. 13 Şela doglandan soň, Arpahşat 403 ýyl ýaşady, onuň başga-da ogul-gyzlary boldy.
14 Şela 30 ýaşyndaka, Eber+ diýen ogly boldy. 15 Eber doglandan soň, Şela 403 ýyl ýaşady, onuň başga-da ogul-gyzlary boldy.
16 Eber 34 ýaşyndaka, Pelek+ diýen ogly boldy. 17 Pelek doglandan soň, Eber 430 ýyl ýaşady, onuň başga-da ogul-gyzlary boldy.
18 Pelek 30 ýaşyndaka, Rehuw+ diýen ogly boldy. 19 Rehuw doglandan soň, Pelek 209 ýyl ýaşady, onuň başga-da ogul-gyzlary boldy.
20 Rehuw 32 ýaşyndaka, Seruh diýen ogly boldy. 21 Seruh doglandan soň, Rehuw 207 ýyl ýaşady, onuň başga-da ogul-gyzlary boldy.
22 Seruh 30 ýaşyndaka, Nahur diýen ogly boldy. 23 Nahur doglandan soň, Seruh 200 ýyl ýaşady, onuň başga-da ogul-gyzlary boldy.
24 Nahur 29 ýaşyndaka, Tarah+ diýen ogly boldy. 25 Tarah doglandan soň, Nahur 119 ýyl ýaşady, onuň başga-da ogul-gyzlary boldy.
26 Tarah 70 ýaşyndaka, Ybram+, Nahur+ we Haran atly ogullary boldy.
27 Tarahyň ömri şeýledir.
Tarah Ybramyň, Nahuryň we Haranyň atasydy. Haranyň Lut+ diýen ogly boldy. 28 Kakasy Tarah heniz dirikä, Haran öz dogduk mekanynda, haldeýleriň+ Ur+ şäherinde aradan çykdy. 29 Ybram bilen Nahur öýlendi. Ybramyň aýalynyň ady Sara+, Nahuryň aýalynyň ady bolsa Milkady+. Milka bilen Iska Haranyň gyzlarydy. 30 Sara önelgesizdi+, çagasy bolmaýardy.
31 Soňra Tarah ogly Ybramy, agtygy Luty*+, gelni Sarany* alyp, haldeýleriň Ur şäherinden çykdy-da, Kengan ýurduna+ gitdi. Emma olar Harana+ ýetip, şol ýerde ýaşap başladylar. 32 Tarah 205 ýaşynda Haranda aradan çykdy.