Ikinji Patyşalar
19 Hizkiýa patyşa muny eşiden badyna, ýakasyny ýyrtyp, jul geýip, Ýehowanyň öýüne gitdi+. 2 Soňra ol baş wezir* Alyýakymy, Şebna kätibi we ýaşuly ruhanylary Amozyň ogly Işaýa+ pygamberiň ýanyna iberdi, olaram jul geýipdi. 3 Olar Işaýanyň ýanyna baryp şeýle diýdiler: «Hizkiýa şeýle diýýär: „Biz kyn güne düşdük, kemsidildik*, masgara bolduk. Şu wagt biziň ýagdaýymyz burgusy tutup, çagasyny dogurmaga ysgyn-mydary galmadyk aýalyňka meňzeýär+. 4 Assiriýa patyşasynyň iberen baş şerapçysy* Biribaryň üstünden gülýär+. Ýehowa Hudaý onuň sözlerini eşitsin. Goý, Ýehowa Hudaý oňa jeza bersin. Sen bolsa aman galanlar üçin dileg et“»+.
5 Emeldarlar Hizkiýa patyşanyň sözlerini Işaýa pygambere gürrüň berdiler+. 6 Işaýa pygamber şeýle jogap berdi: «Gidiň-de, hökümdara Ýehowanyň şu habaryny aýdyň: „Assiriýa patyşasynyň geňeşçileri* maňa dil ýetirdi, olaryň sözlerinden gorkma+. 7 Men Assiriýa patyşasynyň ýüregine bir pikir guýaryn. Ol bir habar eşidip, ýurduna dolanar. Ony öz ýurdunda gylyçdan geçirderin“»+.
8 Assiriýa patyşasy Lakyşdan+ gidip, Libna çozdy. Baş şerapçy muny eşidip, patyşanyň ýanyna gitdi+. 9 Assiriýa patyşasyna: «Efiopiýa patyşasy Tirkahan bize garşy söweşe çykdy» diýip habar berdiler. Şonda ol Hizkiýanyň ýanyna ýene-de çaparlaryny ýollap+, şeýle diýdi: 10 «Ýahuda patyşasy Hizkiýa aýdyň: „Sen Hudaýyňa bil baglama, „Iýerusalim Assiriýa patyşasynyň eline berilmez“ diýen sözlerine aldanma+. 11 Assiriýa patyşalarynyň ähli ýurtlary weýran edendigini bilýänsiň+. Indi gel-gel sen halas bolaryn öýdýäňmi? 12 Ata-babalarym birgiden halklary ýok etdi, taňrylary olary halas edip bildimi? Gozan, Haran+, Resep we Telasarda ýaşan Erem halky nirede? 13 Hamatyň, Arpatyň patyşalary, Separwaýym, Hena we Ywah şäherleriniň patyşalary nirede?“»+.
14 Hizkiýa habarçylaryň elinden hatlary alyp okady. Ol Ýehowanyň öýüne baryp, hatlary Ýehowanyň öňünde açyp goýdy+. 15 Hizkiýa Ýehowa şeýle doga etdi+: «Eý Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, keruplaryň üstünde*+ tagtda oturan Hudaý! Sen bütin ýer ýüzündäki patyşalyklaryň ýeke-täk hak Hudaýysyň+. Ýeri-gögi ýaradan sensiň! 16 Ýehowa, ýalbarýaryn, dogamy diňle!+ Ýehowa, nazar sal!+ Eý Biribar, Sanheribiň seni ýaňsylap aýdan sözlerini eşit! 17 Ýehowa, Assiriýa patyşalary birgiden halklary gyryp, ýurduny weýran etdi+. 18 Olaryň taňrylaryny-da otda ýakdylar, aslynda, olar hudaý hem däldi+, ynsan eliniň işidi, agaçdan we daşdan ýasalan butlardy+. Şonuň üçin olar ýok edildi. 19 Ýehowa Hudaýymyz, bizi Assiriýa patyşasynyň elinden halas et! Ýehowa, goý, ýer ýüzüniň ähli patyşalyklary seniň ýeke-täk Alladygyňy bilsinler»+ diýdi.
20 Amozyň ogly Işaýa pygamber Hizkiýa şeýle habar ýollady: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Assiriýa patyşasy Sanherip hakda eden dogaňy eşitdim+. 21 Ýehowa oňa şeýle diýýär:
„Sion gyzy seni kemsidip, üstüňden gülýär.
Iýerusalim gyzy saňa seredip, başyny ýaýkaýar.
22 Sen kimi kemsidýärsiň? Kime dil ýetirýärsiň?+
Kime haýbat atýarsyň?+
Kime göwnüýetmezçilik edýärsiň?
Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynamy?+
23 Çaparlaryňy iberdiň+.
Ýehowanyň üstünden gülüp, şeýle diýdiň+:
„Birgiden söweş arabam bilen,
Daglaryň depesine çykaryn,
Liwanyň aňry çetine baryp ýeterin.
Beýik kedr agaçlaryny, owadan arça agaçlaryny çaparyn.
Çet ýerlerine, gür tokaýlaryna bararyn.
24 Guýular gazyp, başga halklaryň suwuny içerin,
Müsüriň çeşmelerini* dabanym bilen guradaryn“.
Birmahallar niýet edipdim+.
Indi bolsa amala aşyraryn+.
Sen galalary weýran edip, haraba öwrersiň+.
26 Olaryň ilaty güýçden gaçarlar,
Gorkup, masgara bolarlar.
Sähradaky ot-çöpe dönerler+,
Gündogardan öwüsýän ýeliň howruna guran üçekdäki ot kimin bolarlar.
29 Hizkiýa, seniň üçin şeýle alamat bolar: şu ýyl öz-özünden biten hasyly iýersiňiz, indiki ýyl bolsa ýere gaçan dänelerden gögeren gallany iýersiňiz+. Üçünji ýyl tohum sepip, hasyl alarsyňyz we üzüm agaçlaryny oturdyp, miwesini iýersiňiz+. 30 Ýahuda halkynyň halas bolanlary we aman galanlary+ kök urup, miwe berer. 31 Aman galanlar Iýerusalimden, halas bolanlar Sion dagyndan çykyp gaýdar. Serkerdebaşy Ýehowa muny höwes* bilen eder+.
32 Ýehowa Assiriýa patyşasy hakda şeýle diýýär+:
33 Gelen ýoly bilen yzyna gider,
Şähere aýagyny hem sekmez“. Muny Ýehowa aýdýandyr.
35 Şol gije Ýehowanyň perişdesi gelip, assiriýalylaryň düşelgesinde 185 000 esgeri öldürdi+. Adamlar irden turup görseler, duşmanlaryň ählisi gyrlypdyr+. 36 Şonda Assiriýa patyşasy Sanherip Ninewiýa+ dolandy+. 37 Ol öz taňrysy Nisrohyň buthanasynda sežde edip durka, ogullary Adrammälik bilen Şareser ony gylyçdan geçirdiler+. Olar Ararat+ ýurduna gaçyp gitdiler. Sanheribiň ýerine ogly Esarhadon+ patyşa boldy.