Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Eýýup 1
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Eýýup kitabynyň mazmuny

      • Wepaly Eýýubyň baýlygy (1—5)

      • Şeýtan Eýýuba töhmet atýar (6—12)

      • Eýýup baýlygyndan we çagalaryndan mahrum bolýar (13—19)

      • Eýýup Hudaýy günäkärlemeýär (20—22)

Eýýup 1:1

Çykgytlar

  • *

    Ýigrenjiň pidasy diýmegi aňladýan bolmaly.

  • *

    Ýa-da: aýypsyz.

Parallel aýatlar

  • +Hyz 14:14; Ýak 5:10, 11
  • +1Ms 6:9
  • +Eýp 2:3

Eýýup 1:4

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: toý-meýlis.

Eýýup 1:5

Parallel aýatlar

  • +1Ms 8:20; 12:7, 8
  • +1Ms 18:17, 19

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/4/2009, sah. 9

Eýýup 1:6

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: Hudaýyň ogullary.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 6:2; 5Ms 33:2; Eýp 38:7
  • +1Pa 22:19; Zb 103:20; Dan 7:13
  • +Zek 3:1; Mat 4:1, 3; Luk 22:31; Ýah 13:2; Ylh 12:9
  • +Eýp 2:1—3

Eýýup 1:7

Parallel aýatlar

  • +1Pe 5:8

Eýýup 1:8

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: aýypsyz.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 6:9

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    2/2019, sah. 4

    «Okuw depderi üçin salgylar», 11/2023, sah. 10, 11

Eýýup 1:9

Parallel aýatlar

  • +Ylh 12:10

Eýýup 1:10

Parallel aýatlar

  • +1Ms 15:1; 31:7
  • +1Ms 26:12

Eýýup 1:11

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: ýüzüňe.

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 34

    «Garawul diňi»,

    15/4/2009, sah. 3

Eýýup 1:12

Parallel aýatlar

  • +Eýp 2:7

Eýýup 1:13

Parallel aýatlar

  • +Eýp 1:4

Eýýup 1:16

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: ýyldyrym çakdyryp.

Eýýup 1:17

Parallel aýatlar

  • +1Ms 11:28

Eýýup 1:21

Parallel aýatlar

  • +1Ms 3:19; Zb 49:17; Nes 5:15; 12:7; 1Tm 6:7
  • +Nes 5:19; Ýak 1:17

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/8/2006, sah. 22

Umumy salgylar

Eýp. 1:1Hyz 14:14; Ýak 5:10, 11
Eýp. 1:11Ms 6:9
Eýp. 1:1Eýp 2:3
Eýp. 1:51Ms 8:20; 12:7, 8
Eýp. 1:51Ms 18:17, 19
Eýp. 1:61Ms 6:2; 5Ms 33:2; Eýp 38:7
Eýp. 1:61Pa 22:19; Zb 103:20; Dan 7:13
Eýp. 1:6Zek 3:1; Mat 4:1, 3; Luk 22:31; Ýah 13:2; Ylh 12:9
Eýp. 1:6Eýp 2:1—3
Eýp. 1:71Pe 5:8
Eýp. 1:81Ms 6:9
Eýp. 1:9Ylh 12:10
Eýp. 1:101Ms 15:1; 31:7
Eýp. 1:101Ms 26:12
Eýp. 1:12Eýp 2:7
Eýp. 1:13Eýp 1:4
Eýp. 1:171Ms 11:28
Eýp. 1:211Ms 3:19; Zb 49:17; Nes 5:15; 12:7; 1Tm 6:7
Eýp. 1:21Nes 5:19; Ýak 1:17
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
Mukaddes Kitap
Eýýup 1:1—22

Eýýup

1 Uz ýurdunda Eýýup*+ atly bir adam ýaşaýardy. Ol halal we Hudaýa wepaly*+ adamdy. Eýýup Hudaýdan gorkýardy we erbetlikden gaça durýardy+. 2 Onuň ýedi ogly, üç gyzy bardy. 3 Şeýle⁠-⁠de 7 000 goýny, 3 000 düýesi, 1 000 iri şahly maly, 500 eşegi we ençeme gul⁠-⁠gyrnagy bardy. Ol gündogar halklaryň arasynda iň baý adamdy.

4 Ogullarynyň hersi öz öýünde gezekli⁠-⁠gezegine oturylyşyk* gurnardylar. Olar üç uýasyny hem oturmaga çagyrardylar. 5 Oturylyşykdan soňra Eýýup ogullaryny ýanyna çagyryp, Hudaýyň öňünde olary tämizlärdi. Ol: «Belki⁠-⁠de, ogullarym günä edendir, içinden Hudaýa gargandyr» diýip, säher bilen perzentleriniň hersi üçin ýakma gurbanlygyny+ bererdi. Eýýup hemişe şeýle ederdi+.

6 Bir gün perişdeler*+ Ýehowanyň huzuryna+ gelip, öz ýerlerinde durdular. Şeýtan+ hem olaryň arasyndady+.

7 Şonda Ýehowa Şeýtandan: «Nireden gelýärsiň?» diýip sorady. Şeýtan: «Men ýer ýüzüne aýlanyp, syn etdim»+ diýip, Ýehowa jogap berdi. 8 Ýehowa Şeýtana: «Gulum Eýýuba üns berdiňmi? Ýer ýüzünde Eýýup ýaly halal, Hudaýa wepaly*+, Alladan gorkýan we erbetlikden gaça durýan adam ýokdur» diýdi. 9 Şeýtan Ýehowa şeýle jogap berdi: «Eýýup Hudaýdan ýöne ýere gorkýarmy?+ 10 Eýýuby, öýüni we ähli zadyny goraýarsyň+. Sen Eýýubyň eden işine bereket berdiň+, mal⁠-⁠garasyny köpeltdiň. 11 Emma eliňi uzadyp, ähli zadyny alyp gör hany, ol saňa aç⁠-⁠açan* gargamazmy?» 12 Ýehowa Şeýtana: «Bolýar, onuň ähli zadyny seniň eliňe berýärin, ýöne onuň özüne degme» diýdi. Şondan soňra Şeýtan Ýehowanyň huzuryndan gitdi+.

13 Eýýubyň ogul⁠-⁠gyzlary iň uly agasynyň öýünde nahar iýip, şerap içip otyrdylar+. 14 Şol gün hyzmatkärleriniň biri Eýýubyň ýanyna gelip: «Öküzler ýer sürýärdi, eşekler otlap ýördi. 15 Birdenkä sabalylar çozup, olary alyp gitdiler, gullaryňy bolsa gylyçdan geçirdiler. Diňe men gaçyp gutuldym, şu habary aýtmak üçin geldim» diýdi.

16 Ol sözüni soňlamanka, başga bir hyzmatkäri gelip: «Hudaý gökden ot ýagdyryp*, goýunlaryňy we çopanlaryňy ýakyp ýok etdi. Diňe men gaçyp gutuldym, şu habary aýtmak üçin geldim» diýdi.

17 Ol sözüni soňlamanka, başga bir hyzmatkäri gelip: «Haldeýler+ üç topara bölünip, üstümize çozdular, düýeleri sürüp alyp gitdiler, gullaryňy bolsa gylyçdan geçirdiler. Diňe men gaçyp gutuldym, şu habary aýtmak üçin geldim» diýdi.

18 Ol sözüni soňlamanka, başga bir hyzmatkäri gelip: «Ogul⁠-⁠gyzlaryň iň uly agasynyň öýünde nahar iýip, şerap içip otyrdylar. 19 Birdenkä çölden tüweleý gelip, jaýyň dört tarapyndan urdy. Jaý ogul⁠-⁠gyzlaryň üstüne ýykyldy, olaryň bary heläk boldy. Diňe men gaçyp gutuldym, şu habary aýtmak üçin geldim» diýdi.

20 Eýýup ýerinden turup, ýakasyny ýyrtdy we saçyny gyrkdy. Soňra ýüzüni ýere berip, Hudaýa tagzym etdi⁠-⁠de, 21 şeýle diýdi:

«Dünýä ýalaňaç indim,

Ýalaňaç⁠-⁠da giderin+.

Beren⁠-⁠de Ýehowa+, alan⁠-⁠da Ýehowa.

Ýehowanyň adyna alkyş bolsun!»

22 Başyna betbagtçylyk inse⁠-⁠de, Eýýup günä etmedi ýa⁠-⁠da bolan zatlar üçin Hudaýy günäkärlemedi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş