Bäşinji Musa
33 Hak Hudaýyň guly Musa ölmezinden öň, ysraýyllara ak pata berip+, 2 şeýle diýdi:
«Ýehowa Sinaýdan geldi+,
Halkyna Segirden şöhle saçdy.
Şöhrata beslenip, Paran daglaryndan nur saçdy+.
Ýanynda müňlerçe mukaddesleri*+,
Sagynda batyr esgerleri bardy+.
Dyzyňda* oturyp+, sözüňi diňleýär+.
7 Musa Ýahuda şeýle ak pata berdi+:
«Eý Ýehowa, Ýahudanyň dilegini eşit+,
Halkynyň arasyna getir.
Ol gaýratly göreşip, hakyny gidirmedi,
Duşmanlaryny ýeňmäge kömek et»+.
8 Soňra Lewi hakda şeýle diýdi+:
Meriba çeşmesinde jedelleşdiň+.
9 Lewi ene-atasyndan ýüz görmedi,
Dogan-garyndaşym bar diýmedi+,
Ogullaryndan hem geçip,
Sözüňi berjaý etdi,
Ähtiňi bozmady+.
11 Eý Ýehowa, onuň güýjüne güýç goş,
Edýän işlerinden razy bol,
Garşy çykýanlaryň aýagyny* döw,
Duşmanlary gaýdyp aýaga galmasyn».
12 Benýamin hakda şeýle diýdi+:
«Ýehowanyň eý görýäni asuda ýaşasyn,
Bütin gün onuň penasynda bolsun,
Iki egniniň arasynda ýaşasyn».
13 Ýusup hakda şeýle diýdi+:
«Ýehowa topragyna bereket bersin+,
Asmanyň genji-hazynasyny,
Säher çygyny, gaýnap çykýan çeşme-çaýlary+,
14 Gün çoguna bitýän miweleri,
Her aý ýetişýän bol hasyly+,
15 Gojaman daglaryň* baýlygyny+,
Ebedi depeleriň hazynasyny,
16 Ýer ýüzüniň ähli baýlygyny bersin+.
Ýandakda görnen Hudaý ondan razy bolsun+.
Goý, şu bereketler Ýusubyň başyna,
Doganlaryndan saýlananyň täjine ýagsyn+.
17 Ol ilkinji doglan öküz deý haýbatlydyr,
Şahlary ýabany öküziň şahy kimindir.
Şahy bilen halklary süser,
Ýeriň aňry ujuna äkider.
Bir şahy — Efraýymyň+ 10 000 esgeri,
Beýlekisi — Manaşanyň 1 000 esgeri».
18 Zebulun hakda şeýle diýdi+:
«Şatlan, eý Zebulun, ýola düşeniňde,
Şatlan, eý Ysahar, çadyrlaryňda+.
19 Olar halklary daga çagyrar,
Dogrulyk gurbanlaryny berer.
Deňizdäki dürdäneleri alar,
Gumda gömlen hazynalary çekip çykarar».
20 Gad hakda şeýle diýdi+:
«Gadyň mülküni giňeldeniň döwleti artsyn!+
Gad öz mülkünde arslan deý ýatar,
Awunyň goluny, kellesini goparyp taşlar.
Halk baştutanlary jemlener.
Ol Ýehowanyň adalatyny dikelder,
Ysraýyl üçin hökümini amala aşyrar».
22 Dan hakda şeýle diýdi+:
«Dan ýolbars çagasy kimindir+,
Başandan okdurylyp çykar»+.
23 Naftaly hakda şeýle diýdi+:
«Ýehowany razy edýän,
Bol berekedini alýan Naftaly,
Günbatarda we günortada mesgen tut!»
24 Aşer hakda şeýle diýdi+:
«Goç-goç ogully Aşerden
Doganlary hoşal bolsun,
Goý, ol aýagyny ýaga ýuwsun*.
25 Derwezäň kiltleri demirden, misden+,
Ömürboýy asuda ýaşarsyň.
26 Ýeşurunyň+ hak Hudaýyna taý geljek ýok!+
Ol gökleri aşyp, dadyňa ýetişýär.
Bulutlar üstünden şan-şöhraty bilen gelýär+.
28 Ysraýyl asuda ýaşar,
Gallasy, täze şeraby köp bolar+.
Topragyna säher çygy düşer+,
Ýakubyň nesli* erkana ýaşar.
29 Sen nähili bagtly, eý ysraýyl!+