Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Musa 29
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Musa kitabynyň mazmuny

      • Ýakup bilen Rahel (1—14)

      • Ýakup Rahele aşyk bolýar (15—20)

      • Ýakup Leýa bilen Rahele öýlenýär (21—29)

      • Ýakup bilen Leýanyň dört ogly: Ruben, Şimgon, Lewi we Ýahuda (30—35)

1 Musa 29:4

Parallel aýatlar

  • +1Ms 27:42, 43; Res 7:2

1 Musa 29:5

Parallel aýatlar

  • +1Ms 24:24; 31:53
  • +1Ms 24:29

1 Musa 29:6

Parallel aýatlar

  • +1Ms 46:19; Rut 4:11

1 Musa 29:13

Parallel aýatlar

  • +1Ms 24:29

1 Musa 29:14

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: ýakyn garyndaşym.

1 Musa 29:15

Parallel aýatlar

  • +1Ms 28:5
  • +1Ms 30:27, 28; 31:7

1 Musa 29:16

Parallel aýatlar

  • +Rut 4:11

1 Musa 29:18

Parallel aýatlar

  • +1Ms 31:41

1 Musa 29:20

Parallel aýatlar

  • +1Ms 30:26; Hoş 12:12

1 Musa 29:23

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Ýakup ýanaşar ýaly.

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 3/2020, sah. 6

1 Musa 29:24

Parallel aýatlar

  • +1Ms 16:1, 2; 30:9; 46:18

1 Musa 29:25

Parallel aýatlar

  • +1Ms 31:7, 42

1 Musa 29:27

Parallel aýatlar

  • +1Ms 31:41

1 Musa 29:29

Parallel aýatlar

  • +1Ms 35:22
  • +1Ms 30:1, 3

1 Musa 29:30

Çykgytlar

  • *

    Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.

Parallel aýatlar

  • +Hoş 12:12

1 Musa 29:31

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: onuň ýatgysyny açdy.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 46:15; Rut 4:11
  • +1Ms 30:22

1 Musa 29:32

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Görsene, oglum boldy!

Parallel aýatlar

  • +1Ms 30:20; 1Şm 1:5, 6; Luk 1:24, 25
  • +1Ms 35:22; 37:22; 49:3, 4; 2Ms 6:14; 1Tr 5:1

1 Musa 29:33

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Eşitmek.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 34:25; 49:5; 1Tr 4:24

1 Musa 29:34

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Ysnyşyk; birikmek.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 34:25; 49:5; 2Ms 6:16; 4Ms 3:12; 1Tr 6:1

1 Musa 29:35

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Şöhratlanan; alkyşlanan.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 35:23; 37:26; 44:18; 49:8; 1Tr 2:3; Ylh 5:5

Umumy salgylar

1 Mus. 29:41Ms 27:42, 43; Res 7:2
1 Mus. 29:51Ms 24:24; 31:53
1 Mus. 29:51Ms 24:29
1 Mus. 29:61Ms 46:19; Rut 4:11
1 Mus. 29:131Ms 24:29
1 Mus. 29:151Ms 28:5
1 Mus. 29:151Ms 30:27, 28; 31:7
1 Mus. 29:16Rut 4:11
1 Mus. 29:181Ms 31:41
1 Mus. 29:201Ms 30:26; Hoş 12:12
1 Mus. 29:241Ms 16:1, 2; 30:9; 46:18
1 Mus. 29:251Ms 31:7, 42
1 Mus. 29:271Ms 31:41
1 Mus. 29:291Ms 35:22
1 Mus. 29:291Ms 30:1, 3
1 Mus. 29:30Hoş 12:12
1 Mus. 29:311Ms 46:15; Rut 4:11
1 Mus. 29:311Ms 30:22
1 Mus. 29:321Ms 30:20; 1Şm 1:5, 6; Luk 1:24, 25
1 Mus. 29:321Ms 35:22; 37:22; 49:3, 4; 2Ms 6:14; 1Tr 5:1
1 Mus. 29:331Ms 34:25; 49:5; 1Tr 4:24
1 Mus. 29:341Ms 34:25; 49:5; 2Ms 6:16; 4Ms 3:12; 1Tr 6:1
1 Mus. 29:351Ms 35:23; 37:26; 44:18; 49:8; 1Tr 2:3; Ylh 5:5
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
Mukaddes Kitap
1 Musa 29:1—35

Birinji Musa

29 Ýakup ýoluny dowam edip, gündogar halklaryň ýurduna gitdi. 2 Ýolda bir guýa gözi düşdi. Guýynyň başynda üç süri goýun ýatyrdy. Mallary şol guýudan suwa ýakardylar. Guýynyň agzynda ullakan daş bardy. 3 Çopanlar sürülerini ýygnap, guýynyň agzyndaky daşy aýrardylar we mallaryny suwa ýakardylar. Soňra daşy ýene⁠-⁠de guýynyň agzyna goýardylar.

4 Ýakup çopanlardan: «Doganlar, siz nireli?» diýip sorady. Olar: «Harandan»+ diýip jogap berdiler. 5 Ýakup: «Nahuryň agtygy+ Labany+ tanaýaňyzmy?» diýip sorady. Olar hem: «Hawa» diýdiler. 6 Şonda Ýakup: «Ol sag⁠-⁠gurgun gezip ýörmükä?» diýdi. Çopanlar: «Hawa, sag⁠-⁠aman gezip ýör. Hana, gyzy Rahel+ sürüsi bilen gelýär» diýdiler. 7 Ýakup: «Ýaňy bir günortan boldy, heniz goýunlary ýygnardan ir ahyryn. Olary suwa ýakyň⁠-⁠da, bakmaga äkidiň» diýdi. 8 Olar bolsa: «Ähli sürüleri ýygnap, guýynyň agzyndaky daşy aýyrmasak, goýunlary suwa ýakyp bilmeris» diýip jogap berdiler.

9 Ýakup çopanlar bilen gepleşip durka, Rahel kakasynyň goýunlaryny guýa getirdi, sebäbi sürini ol bakýardy. 10 Ýakup daýysy Labanyň gyzy Raheli we sürüsini gören badyna, guýynyň agzyndaky daşy togalap aýyrdy⁠-⁠da, goýunlary suwa ýakdy. 11 Ol Raheli ogşap salamlaşdy⁠-⁠da, içigip⁠-⁠içigip aglady. 12 Ýakup Rahele kakasy bilen garyndaşdygyny, Rebekanyň ogludygyny aýtdy. Gyz ylgap gidip, bar zady kakasyna gürrüň berdi.

13 Laban+ ýegeni Ýakubyň gelendigini eşiden badyna, ylgap öňünden çykdy. Ol Ýakuby gujaklap ogşady⁠-⁠da, öýüne alyp gaýtdy. Ýakup ähli zady ýekän⁠-⁠ýekän gürrüň berdi. 14 Şonda Laban: «Sen meniň süňk hossarym*» diýdi. Ýakup bir aýlap Labanyň öýünde ýaşady.

15 Soňra Laban Ýakuba: «Ýegenim+ diýip, seni mugt işledip bolmaz. Hyzmatyň üçin näçe tölemeli bolsa aýt»+ diýdi. 16 Labanyň iki gyzy bardy. Ulusynyň ady Leýa, kiçisiniňki Raheldi+. 17 Leýanyň öçügsije gözleri bardy, Rahel bolsa üzümiň suwy ýaly owadandy. 18 Ýakup Rahele aşyk bolup, daýysyna: «Kiçi gyzyň Rahel üçin ýedi ýyl hyzmat edeýin»+ diýdi. 19 Laban: «Gyzymy kesekä berenden, saňa berenim gowy, ýanymda ýaşaber» diýdi. 20 Şeýlelikde, Ýakup Rahel üçin ýedi ýyl işledi+. Ýöne ýedi ýyl onuň üçin ýedi gün ýaly bolup geçdi, sebäbi ol Raheli ýürekden söýýärdi.

21 Soňra Ýakup Labana: «Işlemeli möhletim⁠-⁠ä doldy. Indi gelinligimi ber, öýleneýin» diýdi. 22 Laban töwerek⁠-⁠daşyny çagyryp, uludan toý tutdy. 23 Emma ol gije Ýakubyň ýanyna* Rahele derek uly gyzy Leýany eltdi. 24 Laban gyrnagy Zilpany gyzy Leýa berdi+. 25 Ýakup irden turup görse, ýanynda Leýa ýatan eken. Şonda ol Labana: «Daýy, näme üçin beýtdiň? Men saňa Rahel üçin hyzmat etdim⁠-⁠ä. Näme meni aldadyň?»+ diýdi. 26 Laban: «Adatymyza görä, uly gyzdan öň kiçisini durmuşa çykarmak aýyp görülýär. 27 Leýany alanyňa bir hepde bolsun, soň kiçi gyzymy hem bererin, ýöne onuň üçinem ýedi ýyl hyzmat etmeli bolarsyň»+ diýdi. 28 Ýakup Labanyň aýdyşy ýaly etdi. Bir hepdelik toý geçen badyna, Laban Raheli hem Ýakuba durmuşa çykardy. 29 Gyrnagy Bilhany+ bolsa Rahele berdi+.

30 Ýakup Rahele ýanaşdy*. Ol Leýadan Raheli has gowy görýärdi. Ýakup Rahel üçin Labana ýene⁠-⁠de ýedi ýyl hyzmat etdi+. 31 Ýehowa Leýanyň söýülmeýändigini görüp, oňa çaga berdi*+. Raheliň bolsa çagasy bolmaýardy+. 32 Leýa göwreli bolup, ogul dogurdy. Ol: «Ýehowa gözýaşymy görüp, maňa nazar saldy+. Indi⁠-⁠hä, ärim meni gowy görer» diýip, oglunyň adyna Ruben*+ dakdy. 33 Leýa ýene⁠-⁠de göwreli bolup, ogul dogurdy. Ol: «Ýehowa ahy⁠-⁠nalamy eşitdi, ärimiň meni söýmeýändigini görüp, ýene bir ogul berdi» diýip, adyna Şimgon*+ goýdy. 34 Ol ýene⁠-⁠de göwreli bolup, ogul dogurdy. Leýa: «Indi⁠-⁠hä, ärim maňa ysnyşar. Men oňa üç ogul dogrup berdim» diýip, oglunyň adyna Lewi*+ goýdy. 35 Soňra ýene⁠-⁠de göwreli bolup, ogul dogurdy. Ol: «Indi Ýehowany şöhratlandyraýyn» diýip, oglunyň adyna Ýahuda*+ dakdy. Şondan soň birnäçe wagtlap Leýanyň çagasy bolmady.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş