Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Musa 34
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Musa kitabynyň mazmuny

      • Dina zorlanýar (1—12)

      • Ýakubyň ogullarynyň mekirligi (13—31)

1 Musa 34:1

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: ýanyna köp gidýärdi.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 30:19, 21; 46:15
  • +1Ms 26:34, 35; 27:46

1 Musa 34:2

Parallel aýatlar

  • +5Ms 7:1; 1Tr 1:13—15

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Hudaýyň söýgüsi», sah. 102, 103

1 Musa 34:4

Parallel aýatlar

  • +1Ms 33:18, 19

1 Musa 34:7

Parallel aýatlar

  • +2Şm 13:22
  • +Ýew 13:4

1 Musa 34:9

Parallel aýatlar

  • +1Ms 24:2, 3

1 Musa 34:12

Parallel aýatlar

  • +1Ms 24:53; Hoş 3:2

1 Musa 34:14

Parallel aýatlar

  • +1Ms 17:9, 12

1 Musa 34:15

Parallel aýatlar

  • +1Ms 17:10

1 Musa 34:18

Parallel aýatlar

  • +1Ms 33:18, 19
  • +1Ms 34:2

1 Musa 34:19

Parallel aýatlar

  • +1Ms 34:15

1 Musa 34:20

Parallel aýatlar

  • +Zek 8:16

1 Musa 34:21

Parallel aýatlar

  • +1Ms 34:8, 9

1 Musa 34:22

Parallel aýatlar

  • +1Ms 17:11

1 Musa 34:25

Parallel aýatlar

  • +1Ms 46:15
  • +1Ms 49:5—7

1 Musa 34:27

Parallel aýatlar

  • +1Ms 34:2

1 Musa 34:30

Parallel aýatlar

  • +1Ms 49:5

Umumy salgylar

1 Mus. 34:11Ms 30:19, 21; 46:15
1 Mus. 34:11Ms 26:34, 35; 27:46
1 Mus. 34:25Ms 7:1; 1Tr 1:13—15
1 Mus. 34:41Ms 33:18, 19
1 Mus. 34:72Şm 13:22
1 Mus. 34:7Ýew 13:4
1 Mus. 34:91Ms 24:2, 3
1 Mus. 34:121Ms 24:53; Hoş 3:2
1 Mus. 34:141Ms 17:9, 12
1 Mus. 34:151Ms 17:10
1 Mus. 34:181Ms 33:18, 19
1 Mus. 34:181Ms 34:2
1 Mus. 34:191Ms 34:15
1 Mus. 34:20Zek 8:16
1 Mus. 34:211Ms 34:8, 9
1 Mus. 34:221Ms 17:11
1 Mus. 34:251Ms 46:15
1 Mus. 34:251Ms 49:5—7
1 Mus. 34:271Ms 34:2
1 Mus. 34:301Ms 49:5
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
Mukaddes Kitap
1 Musa 34:1—31

Birinji Musa

34 Ýakup bilen Leýanyň gyzy Dina+ şol ýurduň gyzlary+ bilen gatnaşýardy*. 2 Dina hiwileriň+ baştutany Hamoryň ogly Şekemiň gözüne ildi. Günlerde bir gün ol Dinany tutup zorlady. 3 Şekem Ýakubyň gyzyny gowy gördi. Ol Dina aşyk bolup, süýji sözler bilen göwnüni awlamaga çalyşýardy. 4 Şekem kakasy Hamora+: «Şu gyz üçin sawçylyga gidäý» diýdi.

5 Ýakup gyzy Dinanyň zorlanandygyny eşidende, ogullary örüde mal bakyp ýördi. Şonuň üçin ol sesini çykarman, ogullarynyň gelerine garaşdy. 6 Biraz wagtdan Şekemiň kakasy Hamor Ýakubyň ýanyna sawçylyga geldi. 7 Ýakubyň ogullary bolan zatlary eşidip, dessine öýlerine gaýdyp geldiler. Olar namys edip, gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýardylar. Sebäbi Şekem Ýakubyň gyzyny zorlap, namysyna degmek+ bilen, Ysraýyly ile⁠-⁠güne masgara edipdi+.

8 Hamor olara: «Oglum Şekem gyzyňyza aşyk bolupdyr. Gyzyňyzy ogluma sorap geldim. 9 Garyndaşlyk açalyň, guda bolup, gyz alşyp⁠-⁠berşeliň+. 10 Aramyzda ýaşaň, ine, tutuş ýurt siziňki. Söwda⁠-⁠satyk ediň, ýurtda ýerleşiň» diýdi. 11 Soňra Şekem gyzyň kakasyna we doganlaryna: «Bize ýok diýmäň, näme diýseňiz bereýin. 12 Galyňmy, halat⁠-⁠serpaýmy+, aýdan zadyňyzy getireýin, gyzyňyzy berseňiz bolýar» diýdi.

13 Ýakubyň ogullary bolsa Dinanyň namysyna degendigi üçin Şekemi we kakasy Hamory aldap: 14 «Uýamyzy sünnetsize+ bersek, ile çykarlygymyz galmaz. 15 Bir şertimiz bar: ähli erkekleriňiz biz ýaly sünnetlensin+. 16 Şonda guda bolup, bir halk ýaly agzybir ýaşarys. 17 Ýöne aýdylany etmän, sünnetlenmeseňiz, gyzy alyp gaýdarys» diýdiler.

18 Hamor+ bilen ogly Şekem+ olaryň şertini halady. 19 Şekem haýal etmän munuň ugruna çykdy+, sebäbi ol Ýakubyň gyzyny gowy görýärdi. Şekem kakasynyň öýünde iň abraýlysydy.

20 Hamor bilen Şekem şäher derwezesine baryp, halka şeýle diýdiler+: 21 «Olaryň hiç hili duşmançylygy ýok. Aramyzda ýaşap, söwda⁠-⁠satyk etsinler. Ýurt giň, bärde ýaşasalar⁠-⁠da, ýer darlyk etmez. Olar bilen guda bolup, gyz alşyp⁠-⁠berşeris+. 22 Olar biz bilen bir halk bolup ýaşamak isleýärler, ýöne bir şertleri bar, ähli erkekleriňiz biz ýaly sünnetlensin diýýärler+. 23 Şeýtsek, olaryň mal⁠-⁠mülki, baýlygy we sürüleri biziňki bolar. Olar aramyzda ýaşar ýaly, geliň, olaryň aýdyşy ýaly edeliň». 24 Şäher derwezesine ýygnanan adamlar Hamor bilen ogly Şekemiň sözüne gulak asdylar we ähli erkekler sünnetlendiler.

25 Üçünji gün adamlar heniz sünnetiň yzasyny çekip ýörkä, Ýakubyň iki ogly, Dinanyň agalary+ Şimgon bilen Lewi gylyçlaryny alyp, hiç kime bildirmän, şähere girdiler⁠-⁠de, erkekleriň baryny gyrdylar+. 26 Hamor bilen ogly Şekemi hem gylyçdan geçirip, Dinany Şekemiň öýünden alyp gaýtdylar. 27 Ýakubyň beýleki ogullary⁠-⁠da çalajan bolup ýatan adamlaryň üstüne çozup, uýasynyň namysyna degleni üçin+, şäheri taladylar. 28 Olaryň goýun⁠-⁠geçilerini, öküzlerini, eşeklerini, şäherdäki we meýdandaky bar zatlaryny alyp gaýtdylar. 29 Çaga⁠-⁠çugalaryny we aýallaryny hem ýesir aldylar, öýlerini talap, ähli goşlaryny äkitdiler.

30 Şonda Ýakup ogullary Şimgon bilen Lewä+: «Siz meni ýurduň ilatyna, kenganlara hem perizlere duşman edip, başymy agyr derde saldyňyz. Mende sanlyja adam bar⁠-⁠a! Indi olar jemlenişip, üstüme çozarlar⁠-⁠da, meni bütin hojalygym bilen gyrarlar» diýdi. 31 Olar bolsa: «Näme, islän zatlaryny eder ýaly, uýamyz ahlaksyz gyzmy?!» diýdiler.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş