Mikaý
6 Ýehowanyň sözüni diňlemegiňizi haýyş edýärin!
Turuň, dawaňyzy daglara aýdyň,
Sizi depeler hem eşitsin+.
2 Daglar, ýeriň berk diregleri,
Ýehowanyň arzyny diňläň!+
Ýehowa öz halkynyň üstünden şikaýat edýär.
Ysraýyl halkyna garşy arz-şikaýatyny diňläň+:
3 «Eý halkym, size näme ýamanlyk etdim?
Men size ýük bolar ýaly näme etdim?+
Aýdyň hany, meni nämede aýyplaýarsyňyz?
4 Men sizi Müsürden çykardym+,
Gul bolan ýurduňyzdan azat etdim+.
Siziň üçin Musany, Haruny we Merýemi+ iberdim.
5 Eý halkym, Ýehowanyň adalatly işlerini biliň!
Mowap patyşasy Ballagyň guran hilesini+,
Benur ogly Bilgamyň beren jogabyny+,
6 Ýehowanyň huzuryna näme alyp baraýyn?
Göklerdäki Alla sežde etmek üçin näme elteýin?
Birýaşar öküzleri getireýinmi?+
Ýakma gurbanlygyny bereýinmi?
Gozgalaň edenim üçin nowbahar oglumy,
Günäm üçin bilimden önen perzendimi bereýinmi?+
8 Eý adam, Hudaý saňa nämäniň gowudygyny aýtdy.
Ýehowa senden nämä garaşýar?
9 Ýehowa şähere ýüzlenýär:
(Paýhasly adamlar seniň adyňdan gorkar).
Temmi taýagyna serediň, ony bereni diňläň!+
10 Erbetleriň öýi henizem haram gazançdan dolumy?
Kem ölçeýän çuwallary* barmy?
11 Meniň kem çekýän terezim bolsa,
Torbamda kem çekýän daşlar bar bolsa, päk bolarynmy?+
13 «Şonuň üçin seni urup ýaralaryn+,
Günäleriň üçin weýran ederin.
14 Iýersiň, emma doýmarsyň,
Garnyň hemişe aç bolar+.
Toplan zadyňy gorap bilmersiň,
Ýygnanyňy duşman eline bererin.
15 Ekersiň, emma hasylyny ormarsyň,
Zeýtuny ýenjersiň, emma ýagyny ulanmarsyň,
Täze şerap taýýarlarsyň, emma ondan içmersiň+.
16 Omranyň kada-kanunlaryny berjaý edýärsiň,
Ahabyň ýigrenji işlerine eýerýärsiň+.