Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Musa 18
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Musa kitabynyň mazmuny

      • Şugaýyp we Sefura (1—12)

      • Şugaýyp kazylary bellemegi maslahat berýär (13—27)

2 Musa 18:1

Parallel aýatlar

  • +2Ms 2:16, 21; 3:1
  • +Ýuş 2:9, 10; 9:3, 9

2 Musa 18:3

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Ýat ýurtda sergezdan.

Parallel aýatlar

  • +Res 7:29
  • +2Ms 2:22

2 Musa 18:4

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Hudaý kömekçimdir.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 2:15

2 Musa 18:5

Parallel aýatlar

  • +2Ms 19:2; 1Pa 19:8, 9

2 Musa 18:6

Parallel aýatlar

  • +2Ms 4:18; 4Ms 10:29

2 Musa 18:8

Parallel aýatlar

  • +2Ms 7:3; 14:27, 28; 5Ms 4:34
  • +2Ms 15:22; 16:3

2 Musa 18:11

Parallel aýatlar

  • +2Ms 15:11; Zb 95:3; 97:9

2 Musa 18:13

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar»,

    8/2020, sah. 4

2 Musa 18:16

Parallel aýatlar

  • +5Ms 4:5; 5:1

2 Musa 18:19

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 1:5, 17
  • +2Ms 20:19
  • +4Ms 27:1—5

2 Musa 18:20

Parallel aýatlar

  • +5Ms 7:11

2 Musa 18:21

Parallel aýatlar

  • +4Ms 11:16, 17; 5Ms 1:13; Res 6:3
  • +2Ms 23:8; 1Tm 3:2, 3; Tit 1:7; 1Pe 5:2
  • +5Ms 1:15; Res 14:23

2 Musa 18:22

Parallel aýatlar

  • +3Ms 24:10, 11; 4Ms 15:32, 33; 5Ms 1:17
  • +4Ms 11:17

2 Musa 18:26

Parallel aýatlar

  • +Res 15:2

2 Musa 18:27

Parallel aýatlar

  • +4Ms 10:29

Umumy salgylar

2 Mus. 18:12Ms 2:16, 21; 3:1
2 Mus. 18:1Ýuş 2:9, 10; 9:3, 9
2 Mus. 18:3Res 7:29
2 Mus. 18:32Ms 2:22
2 Mus. 18:42Ms 2:15
2 Mus. 18:52Ms 19:2; 1Pa 19:8, 9
2 Mus. 18:62Ms 4:18; 4Ms 10:29
2 Mus. 18:82Ms 7:3; 14:27, 28; 5Ms 4:34
2 Mus. 18:82Ms 15:22; 16:3
2 Mus. 18:112Ms 15:11; Zb 95:3; 97:9
2 Mus. 18:165Ms 4:5; 5:1
2 Mus. 18:19Ýuş 1:5, 17
2 Mus. 18:192Ms 20:19
2 Mus. 18:194Ms 27:1—5
2 Mus. 18:205Ms 7:11
2 Mus. 18:214Ms 11:16, 17; 5Ms 1:13; Res 6:3
2 Mus. 18:212Ms 23:8; 1Tm 3:2, 3; Tit 1:7; 1Pe 5:2
2 Mus. 18:215Ms 1:15; Res 14:23
2 Mus. 18:223Ms 24:10, 11; 4Ms 15:32, 33; 5Ms 1:17
2 Mus. 18:224Ms 11:17
2 Mus. 18:26Res 15:2
2 Mus. 18:274Ms 10:29
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
Mukaddes Kitap
2 Musa 18:1—27

Ikinji Musa

18 Musanyň gaýynatasy Şugaýyp Midýanyň ruhanysydy+. Ol Ýehowa Hudaýyň Musa we ysraýyl halky üçin nämeleri edendigini, olary Müsürden nädip çykarandygyny eşitdi+. 2 Musa aýalyny atasy öýüne iberipdi. Biraz wagtdan Şugaýyp gyzy Sefurany, 3 iki agtygyny+ alyp, ýola düşdi. Musa: «Ýat ýurtda sergezdan boldum» diýip, uly oglunyň adyna Gerşom*+ dakypdy. 4 Kiçi ogly doglanda bolsa: «Atamyň Hudaýy kömekçimdir, ol meni faraonyň gylyjyndan+ halas etdi» diýip, adyna Alygezer* goýupdy.

5 Şeýdip, Musanyň gaýynatasy Şugaýyp gyzyny we agtyklaryny alyp, çöle Musanyň ýanyna geldi. Şol wagt Musa hak Hudaýyň dagynda düşläpdi+. 6 Şugaýyp Musa: «Gaýynataň Şugaýyp+ aýalyňy hem iki ogluňy alyp, ýanyňa barýar» diýip habar ýollady. 7 Musa dessine gaýynatasynyň öňünden çykyp, tagzym etdi-de, gujaklap ogşady. Olar saglyk-amanlyk soraşyp, çadyra girdiler.

8 Musa Ýehowanyň ysraýyl halkyny faraonyň we müsürlileriň elinden halas edişini+, ýolda gören kynçylyklaryny+ we Ýehowanyň olary goraýşyny gaýynatasyna birin-birin gürrüň berdi. 9 Şugaýyp Ýehowanyň ysraýyllary Müsürden çykaryp eden ýagşylyklaryna begenip: 10 «Sizi müsürlileriň we faraonyň elinden halas eden, halkyny Müsür gulçulygyndan çykaran Ýehowa şöhrat bolsun! 11 Indi Ýehowanyň ähli taňrylardan beýikdigine göz ýetirdim+. Ol halkyny ezen duşmanlary, gör, ne günlere salypdyr!» diýdi. 12 Soňra Musanyň gaýynatasy Şugaýyp Hudaýa ýakma gurbanlygyny we başga-da gurbanlyklary berdi. Harun we ysraýyl ýaşululary hak Hudaýyň öňünde Musanyň gaýynatasy bilen naharlandylar.

13 Ertesi Musa hemişekisi ýaly, halka kazylyk etmäge oturdy. Irdenden agşama çenli ýanyna gelip gidýänleriň yzy üzülmeýärdi. 14 Musanyň gaýynatasy muny görüp: «Halky näme beýdip köseýäň? Munça adama näme üçin ýeke özüň kazylyk edýäň? Adamlar ertirden agşama çenli aýak üstünde dur ahyryn» diýdi. 15 Şonda Musa: «Adamlar ýanyma Hudaýdan maslahat soramaga gelýär. 16 Aralarynda dawa bolsa, kimiň haklydygyny çözüp, olara hak Hudaýyň hökümlerini we kanunlaryny+ aýdýaryn» diýdi.

17 Gaýynatasy bolsa: «Muny başgaçarak etseň gowy bolar. 18 Ýogsam özüňi-de, halky-da kösärsiň. Beýle agyr ýük ýeke özüňe başartmaz. 19 Diňleseň, bir maslahat bereýin. Hudaý hem seni goldar+. Dogry, sen halkyň adyndan hak Hudaýa ýüz tutmaly+. Olaryň dawasyny hak Hudaýa ýetirmeli+. 20 Sen olara Hudaýyň kanunlaryny, tabşyryklaryny+ aýdyp, ýöremeli ýollaryny we etmeli işlerini öwretmeli. 21 Ýöne halkyň arasyndan Hudaýdan gorkýan, başarjaň+, haram gazanjy ýigrenýän+, ynamdar adamlary saýlap, olary müňbaşy, ýüzbaşy, ellibaşy we onbaşy edip belleseň+ gowy bolar. 22 Bir mesele ýüze çyksa, olar halka kazylyk etsinler. Çözüp bilmeseler, saňa aýtsynlar+. Kiçiräk zatlary özleri çözsün. Olara iş tabşyrsaň, ýüküň ýeňlär+, özüňe aňsat bolar. 23 Şeýtseň, Hudaý ýol berse, ähli işiň hötdesinden gelersiň, adamlar hem razy bolup gider» diýdi.

24 Musa gaýynatasyna gulak asyp, haýal etmän ähli zady aýdyşy ýaly etdi. 25 Ol ysraýyllardan başarjaň adamlary saýlap, olary halka müňbaşy, ýüzbaşy, ellibaşy we onbaşy edip goýdy. 26 Şeýlelikde, olar halka kazylyk edip, ýüze çykan meselelere seredip başladylar. Çözüp bilmeseler, Musa habar berdiler+. Kiçiräk meseleleri bolsa özleri çözdüler. 27 Soňra Musa gaýynatasyny+ ugratdy, ol hem ýurduna gaýtdy.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş