Birinji Selanikliler
3 Sizden hiç hili habar bolmansoň ýeke özüm Afinada+ galyp, 2 ýanyňyza bolsa Timoteos+ dogany ibermegi makul bildik. Ol size göwünlik berip, imanyňyzy berkidendir, sebäbi ol Hudaýyň gullukçysy*, Mesih hakdaky hoş habary yhlasly wagyz edýär. 3 Goý, kynçylyklar sebäpli hiç kimiň imany gowşamasyn*. Biler bolsaňyz, biz şeýle kynçylyklardan gaçyp bilmeris+. 4 Biz siziň ýanyňyzdakak, şeýle kynçylyklara duş geljekdigimizi öňünden aýdypdyk+. Aýdyşymyz ýaly-da boldy. 5 Şol sebäpli mundan artyk çydap bilmän, imanyňyz hakda bilmek üçin+ ýanyňyza Timoteosy iberipdim. Birden Iblisiň* synagyna düşseňiz+, çeken zähmetimiz biderek bolar öýdüp gorkdum.
6 Timoteos ýaňy-ýakynda ýanyňyzdan gelip+, siziň imanda berk durandygyňyzy, söýgiňizi we bizi elmydama mähirli ýatlaýandygyňyzy gürrüň berdi. Ol siziň hem bizi küýseýändigiňizi aýtdy. 7 Doganlar, mätäçlik çekip, ençeme kynçylyklara duş gelýändigimize garamazdan, wepalydygyňyz hakda eşidip göwünlik tapdyk+. 8 Halypamyzyň şägirtleri hökmünde berk durandygyňyz üçin örän ruhlandyk*. 9 Siziň imanda berk durandygyňyzy eşidip, ýürekden begenýäris we Hudaýa minnetdarlyk aýdýarys. 10 Siziň didaryňyzy görüp, imanyňyzy berkitmek üçin+, gije-gündiz Hudaýa ýalbarýarys.
11 Ýanyňyza baryp biler ýaly, goý, Hudaýymyz, Atamyz we Halypamyz Isa ýol açsyn. 12 Biziň sizi söýşümiz ýaly, siziň hem bir-biriňizi we hemmeleri ýürekden söýmegiňiz+ üçin, goý, Halypamyz size ýardam etsin. 13 Şonda ýüregiňiz berk bolup, Hudaýymyzyň we Atamyzyň öňünde hem-de Halypamyz Isa gelende*+, ähli mukaddesler bilen bilelikde ýazyksyz*, mukaddes bolarsyňyz+.