Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Musa 19
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Musa kitabynyň mazmuny

      • Sinaý dagynda (1—25)

        • Ysraýyllar patyşa hem ruhany bolýar (5, 6)

        • Halk Hudaýyň huzuryna barmak üçin tämizlenýär (14, 15)

2 Musa 19:2

Parallel aýatlar

  • +2Ms 17:1
  • +2Ms 3:1, 12

2 Musa 19:3

Parallel aýatlar

  • +Res 7:38

2 Musa 19:4

Parallel aýatlar

  • +5Ms 32:11, 12; Işa 63:9
  • +5Ms 4:34

2 Musa 19:5

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: genji-hazynam; hususy emlägim.

Parallel aýatlar

  • +1Pa 8:53; Zb 135:4
  • +5Ms 10:14

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/10/2012, sah. 25

    15/1/2012, sah. 27—29

    15/1/2010, sah. 4, 5

2 Musa 19:6

Parallel aýatlar

  • +3Ms 11:44; 5Ms 7:6; 1Pe 2:9; Ylh 5:9, 10

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 248

    «Garawul diňi»,

    15/10/2012, sah. 25

    15/1/2012, sah. 27—29

2 Musa 19:7

Parallel aýatlar

  • +2Ms 24:3

2 Musa 19:8

Parallel aýatlar

  • +2Ms 24:7; Ýuş 24:24

2 Musa 19:10

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 40

2 Musa 19:13

Çykgytlar

  • *

    Peýkam atmak göz öňünde tutulýan bolmaly.

  • *

    Sözme-söz: goçuň şahynyň.

Parallel aýatlar

  • +Ýew 12:20
  • +2Ms 20:18

2 Musa 19:14

Parallel aýatlar

  • +2Ms 19:10

2 Musa 19:15

Çykgytlar

  • *

    Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.

2 Musa 19:16

Parallel aýatlar

  • +5Ms 4:11; 1Pa 8:12; Zb 97:2
  • +Ýew 12:18—21

2 Musa 19:18

Parallel aýatlar

  • +2Ms 24:17; 5Ms 4:11, 12; 2Tr 7:1—3
  • +Zb 68:8

2 Musa 19:20

Parallel aýatlar

  • +2Ms 24:12

2 Musa 19:22

Çykgytlar

  • *

    Maşgalabaşylar göz öňünde tutulýan bolmaly.

Parallel aýatlar

  • +3Ms 10:1, 2; 1Tr 13:10

2 Musa 19:23

Parallel aýatlar

  • +2Ms 19:12

2 Musa 19:24

Parallel aýatlar

  • +4Ms 16:19, 35

Umumy salgylar

2 Mus. 19:22Ms 17:1
2 Mus. 19:22Ms 3:1, 12
2 Mus. 19:3Res 7:38
2 Mus. 19:45Ms 32:11, 12; Işa 63:9
2 Mus. 19:45Ms 4:34
2 Mus. 19:51Pa 8:53; Zb 135:4
2 Mus. 19:55Ms 10:14
2 Mus. 19:63Ms 11:44; 5Ms 7:6; 1Pe 2:9; Ylh 5:9, 10
2 Mus. 19:72Ms 24:3
2 Mus. 19:82Ms 24:7; Ýuş 24:24
2 Mus. 19:13Ýew 12:20
2 Mus. 19:132Ms 20:18
2 Mus. 19:142Ms 19:10
2 Mus. 19:165Ms 4:11; 1Pa 8:12; Zb 97:2
2 Mus. 19:16Ýew 12:18—21
2 Mus. 19:182Ms 24:17; 5Ms 4:11, 12; 2Tr 7:1—3
2 Mus. 19:18Zb 68:8
2 Mus. 19:202Ms 24:12
2 Mus. 19:223Ms 10:1, 2; 1Tr 13:10
2 Mus. 19:232Ms 19:12
2 Mus. 19:244Ms 16:19, 35
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
Mukaddes Kitap
2 Musa 19:1—25

Ikinji Musa

19 Ysraýyllar Müsürden çykyp gaýdanlaryndan soň, üçünji aýda Sinaý çölüne bardylar. 2 Repidimden+ gaýdan halk Sinaý çölüne gelip, dagyň öňünde düşledi+.

3 Musa daga çykyp, hak Hudaýyň huzurynda durdy. Şonda Ýehowa dagdan+ seslenip: «Ýakubyň nesillerine, Ysraýylyň ogullaryna şeýle diý: 4 „Bürgüdiň jüýjelerini ganatynda göterişi deý, sizi huzuryma+ getirmek üçin müsürlileri ne güne salanymy+ gözüňiz bilen gördüňiz. 5 Indi sözüme ýürekden gulak asyp, ähtimi berjaý etseňiz, sizi ähli halklaryň arasyndan eziz halkym* edip saýlaryn+, sebäbi bütin ýer ýüzi meniňki+. 6 Siz meniň üçin ruhanylaryň patyşalygy we mukaddes halk bolarsyňyz“+. Ine şu zatlary ysraýyllara aýt» diýdi.

7 Musa dagdan düşüp, ysraýyl ýaşulularyny ýygnady-da, Ýehowanyň tabşyran zatlaryny aýtdy+. 8 Şonda halk biragyzdan: «Ýehowanyň ähli aýdan zadyny ederis»+ diýdi. Musa dessine olaryň sözlerini Ýehowa ýetirdi. 9 Ýehowa Musa: «Gara bulut içinde ýanyňa gelip, seniň bilen gepleşerin. Adamlar sesimi eşidip, saňa hemişe ynanarlar» diýdi. Musa halkyň sözlerini ýene-de Ýehowa ýetirdi.

10 Şonda Ýehowa: «Git-de, halka aýt, olar şu gün we ertir özlerini tämizläp, eşiklerini ýuwsunlar. 11 Birigüne taýyn bolsunlar, sebäbi şol gün Ýehowa halkyň gözüniň alnynda Sinaý dagyna iner. 12 Dagyň töweregine araçäk aýla-da, halka: „Daga çykaýmaň, araçäkden geçmäň. Kimde-kim daga aýak bassa, hökman öldüriler. 13 Şu tabşyrygy bozan adama eliňizi-de degirmän, daşlap ýa-da ok atyp* öldüriň. Ol ynsan bolsa-da, haýwan bolsa-da, hökman öldüriler“+ diý. Ýöne surnaý* sesini+ eşitseler, dagyň golaýyna gelip bilerler» diýdi.

14 Musa aşak düşüp, halkyň ýanyna bardy-da, olara özlerini tämizläp, eşiklerini ýuwmagy tabşyrdy+. 15 Ol halka: «Birigüne taýyn boluň. Aýalyňyza ýanaşmaň*» diýdi.

16 Üçünji gün diýlende, irden gök gürläp, ýyldyrym çakdy. Dagyň depesini gara bulut büräp+, güýçli surnaý sesi ýaňlandy. Düşelgedäki adamlar gorkudan ýaňa sandyraşyp başladylar+. 17 Musa halky düşelgeden alyp gaýdyp, hak Hudaýyň huzuryna getirdi. Olar dagyň eteginde durdular. 18 Sinaý dagyny tüsse gaplap alypdy, sebäbi Ýehowa lowlap duran ýalyn+ içinde aşak inipdi. Dag ojak ýaly gara tütün bolup, güýçli sarsýardy+. 19 Surnaýyň sesi gitdigiçe güýjeýärdi. Musa gepleýärdi, hak Hudaý bolsa jogap berýärdi.

20 Ýehowa Sinaý dagynyň depesine indi. Ýehowa Musany dagyň depesine çagyrdy, ol hem ýokaryk çykdy+. 21 Ýehowa Musa: «Aşak düş-de, halka duýdur, Ýehowany görjek bolup, araçäkden geçmesinler, ýogsam köpüsi heläk bolar. 22 Ýehowa hyzmat edýän ruhanylar* hem özlerini tämizlesin, ýogsam Ýehowa olary heläk eder»+ diýdi. 23 Şonda Musa Ýehowa: «Adamlar Sinaý dagyna çykmaz, sen: „Dagyň töweregine araçäk aýlap, mukaddes et“ diýip tabşyrypdyň ahyryn»+ diýdi. 24 Emma Ýehowa: «Aşak düş-de, Haruny alyp gel. Ýöne ruhanylar bilen adamlar Ýehowanyň ýanyna daga çykmasyn, ýogsam baryny heläk ederin»+ diýdi. 25 Şeýlelikde, Musa halkyň ýanyna baryp, Hudaýyň aýdan zatlaryny habar berdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş