Matta
4 Soňra Hudaýyň ruhy Isany çöle alyp gitdi, şonda Iblis ony synap başlady+. 2 Isa 40 gije-gündiz agyz bekläp ajykdy. 3 Synagçy+ onuň ýanyna gelip: «Eger sen Hudaýyň ogly bolsaň, şu daşlary çörege öwür» diýdi. 4 Isa şeýle diýdi: «„Adam diňe çörek bilen däl, Ýehowanyň* agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr“ diýip ýazylgy»+.
5 Iblis ony mukaddes şähere+ getirdi-de, ybadathananyň diwarynyň üstüne* çykaryp+, şeýle diýdi: 6 «Eger sen Hudaýyň ogly bolsaň, özüňi aşak zyň, sebäbi: „Ol perişdelerine buýruk berer“ we „Aýaklaryň daşa degmez ýaly, olar seni ellerinde göterer“+ diýip ýazylgy». 7 Isa oňa: «„Ýehowa* Hudaýyňy synama“ diýip hem ýazylgy»+ diýdi.
8 Iblis Isany bir beýik daga çykaryp, dünýäniň ähli patyşalyklaryny, olaryň şan-şöhratyny görkezdi+. 9 Iblis: «Eger dyza çöküp, maňa sežde etseň, ähli zady saňa bererin» diýdi. 10 Şonda Isa: «Ýanymdan aýryl, Şeýtan! „Ýehowa* Hudaýyňa sežde etmeli+, diňe oňa gulluk* etmeli“+ diýip ýazylgy» diýdi. 11 Şonda Iblis Isanyň ýanyndan gitdi+, perişdeler hem gelip, Isa hyzmat edip başladylar+.
12 Isa Ýahýanyň tussag edilendigini eşidip+, Jelilä gitdi+. 13 Ol Nazaretden gaýdandan soň, Zebulun we Naftaly etraplaryna geldi, soňra deňziň ýakasyndaky Kapernawumda ýaşap başlady+. 14 Şeýdip, Işaýa pygamberiň aýdan sözleri ýerine ýetdi: 15 «Eý Zebulun topragy we Naftaly topragy! Eý Jelile topragynda ýaşaýan ýat halklar! Deňze barýan ýoldaky, Iordanyň aňyrsyndaky halk! 16 Garaňkylykda oturan adamlar güýçli ýagtylyk gördi. Ölüm kölegesinde oturanlara nur saçyldy»+. 17 Şondan soň Isa: «Toba ediň, gökdäki Patyşalyk golaýlaşdy» diýip, wagyz edip başlady+.
18 Isa Jelile deňziniň kenaryndan barýarka, iki dogany, ýagny Petrus diýilýän Simun+ bilen Andreasy gördi. Olar balykçydy+, deňze tor zyňyp durdylar. 19 Isa olara: «Meniň yzyma düşüň. Men sizi adam tutýan balykçy edeýin» diýdi+. 20 Olar şol bada torlaryny taşlap, Isanyň yzyna düşdüler+. 21 Soňra Isa ol ýerden gidip, başga iki dogany, ýagny Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýahýany+ gördi. Olar kakasy Zebedeý bilen gaýykda torlaryny bejerip otyrdylar. Isa olary hem çagyrdy+. 22 Olar derrew gaýygyny we kakasyny goýup, Isanyň yzyna düşdüler.
23 Isa tutuş Jeliläni aýlanyp+, Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýärdi we sinagogalarda* öwredýärdi+. Ol her dürli keselli adamlary sagaldýardy+. 24 Isa hakdaky habar tutuş Siriýa ýaýrady. Onuň ýanyna her dürli keselli, syrkaw+, jyn-arwahly+, garaguşly+ we ysmaz adamlary getirdiler. Isa olaryň ählisini sagaltdy. 25 Şeýlelikde, Jelileden, Dekapolisden*, Iýerusalimden, Ýahudadan we Iordanyň aňyrsyndan gelen adamlar Isanyň yzyna düşdüler.