Nakyllar
6 Oglum, goňşyň karz alanda, kepil geçen bolsaň+,
Ýat adam bilen ylalaşyk baglaşan bolsaň*+,
2 Diliňden bela galan bolsaň,
Aýdan sözleriň bilen duzaga düşen bolsaň+,
3 Oglum, başyňy gutar.
Sebäbi onuň penjesine düşdüň.
Bar, aýagyna ýykylyp, ýalbar-ýakar et+.
4 Gözüňe uky gelmesin,
Gabaklaryň ýumulmasyn.
5 Awçydan gaçan jeren kimin,
Tordan sypan guş kimin janyňy halas et.
6 Eý ýalta+, bar, garynja seret!
Işleýşine syn etseň, paýhasly bolarsyň.
7 Onuň ne serdary, ne baştutany, ne-de ýolbaşçysy bar.
8 Emma ol tomusda azygyny ýygnaýar+,
Hasyl döwri iýjegini toplaýar.
9 Eý ýalta, haçana çenli ýatjak?
Haçan oýanjak?
10 Biraz ýatsaň, biraz irkilseň,
Biraz gol gowşuryp otursaň+,
11 Garyplyk garakçy kimin+,
Mätäçlik talaňçy ýaly üstüňe geler.
15 Şonuň üçin başyna birdenkä heläkçilik iner,
Ol duýdansyz ýykylar, ýerinden galyp bilmez+.
16 Ýehowa alty zady ýigrenýär,
Ýedi zat onuň üçin nejisdir:
17 Tekepbir gözler+, ýalançy dil+, bigünä gany dökýän eller+,
18 Päliýaman ýürek+, zalymlyk etmäge howlugýan aýaklar,
19 Her deminde ýalan ýagdyrýan şaýat+,
Aga-iniň arasyna çöp atýan adam+.
21 Olar ýüregiňe kök ursun,
Boýnuňa monjuk bolsun.
22 Ýöräniňde ýol görkezsin,
Ýatanyňda gorasyn,
Turanyňda maslahatçyň bolsun.
25 Onuň gözelligine maýyl bolma+,
Owadan gözleriniň ýesiri bolma.
26 Ahlaksyz aýala sataşan çörege zar bolar+,
Kesekiniň gelni janyňy awlar.
27 Ody gujaklap, eşigini ýakmadyk barmy?+
28 Közüň üstünden ýöräp, aýagyny bişirmedik barmy?
30 Garnyny doýurmak üçin ogrulyk eden kişini
Il-gün ýazgarýan däldir.
31 Emma ol tutulsa, ýedi esse öwezini dolmaly bolar,
Hatda öýüniň bar goşuny bermeli bolar+.
32 Zynahor adam akylsyzdyr,
Ol öz aýagyna özi palta urýar+.
34 Gabanjaň är gahar-gazaba münýär,
Ol ar alanda rehim etmeýär+.
35 Näçe töleseň-de, pul gözüne görünmez.
Dünýä malyny berseň-de, gahary köşeşmez.