Rimliler
10 Doganlar, men ysraýyllaryň halas bolmagyny ýürekden isleýärin, munuň üçin Hudaýa dileg edýärin+. 2 Men olaryň Hudaýy razy etmek isleýändigini bilýärin+, ýöne olar muny Hudaý hakdaky dogry bilime laýyklykda etmeýärler. 3 Olar Hudaýyň isleýşi ýaly dogruçyl bolmadylar+, gaýtam özüçe dogruçyl bolup+, Hudaýyň adalatly kada-kanunlaryna tabyn bolmadylar+. 4 Mesihden soň Musanyň kanuny ýatyryldy+, şonuň üçin iman eden her kes dogruçyl hasaplanýar+.
5 Musa pygamber dogruçyllyk hakda şeýle diýdi: «Kanuny berjaý edýän adam ýaşar»+. 6 Ýöne dogruçyl bolmak üçin iman etmegiň wajypdygy hakda şeýle diýilýär: «Mesihi getirmek üçin „kim göge çykar“?+ 7 Ýa-da Mesihi direltmek üçin „kim düýpsüz çuňluga iner“?+ diýip pikir etme»+. 8 Mukaddes kitaplarda näme diýilýär? Onda: «Söz siziň ýanyňyzda, diliňizde we ýüregiňizde» diýilýär+. «Söz» biziň wagyz edýän habarymyzdyr, ol adamlaryň iman etmegini talap edýändir. 9 Eger siz Isanyň Halypamyzdygy hakda diliňiz bilen wagyz edip+, Hudaýyň ony direldendigine ýürekden iman etseňiz, halas bolarsyňyz. 10 Sebäbi dogruçyl bolmak üçin ýürekden iman edilýär, halas bolmak üçin dil bilen wagyz edilýär+.
11 Şeýlelikde, «Oňa iman eden adamyň tamasy puç bolmaz» diýip ýazylypdy+. 12 Ýehudy bilen gregiň arasynda tapawut ýok+, sebäbi hemmeleriň bir Halypasy* bardyr. Ol özüni çagyrýanlara köp bereket berýändir. 13 Hawa, «Ýehowanyň* adyny çagyran her bir adam halas bolar»+. 14 Emma iman etmeseler, ony nädip çagyrsynlar? Ol hakda eşitmeseler, oňa nädip iman etsinler? Olara wagyz edilmese, nädip eşitsinler? 15 Hiç kim iberilmese, kim wagyz etsin?+ «Gowy zatlary, hoş habary aýdýanlaryň aýaklary nähili owadan!» diýip ýazylgy+ ahyryn.
16 Olar bolsa hoş habara gulak asmadylar. Işaýa pygamber hem: «Ýehowa*, biziň aýdan habarymyza kim iman etdi?» diýipdi+. 17 Diýmek, adam sözi eşidip iman edýär+. Mesih barada wagyz edilse, şonda sözi eşidýär. 18 Emma ysraýyllar hoş habary eşitmedilermi? Elbetde, eşitdiler. Sebäbi «onuň owazy dünýä ýaýraýar, älem-jahana wagyz edilýär»+. 19 Ysraýyllar muňa düşünmedimi? Elbetde, düşündi+. Musa pygamber: «Adam hasabynda görülmeýänler bilen seni gabandyraryn. Akmak halkyň üsti bilen gaharyňy getirerin» diýipdi+. 20 Işaýa pygamber hem Hudaýyň sözüni batyrgaý wagyz edip: «Meni agtarmaýan adamlar tapdylar+, meni tanamaýanlara özümi tanatdym» diýdi+. 21 Ol ysraýyllar hakda: «Maňa gulak asmaýan we kesir halka uzakly gün elimi uzatdym» diýýär+.