Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Şamuwel 18
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Şamuwel kitabynyň mazmuny

      • Dawut bilen Ýonatanyň dostlugy (1—4)

      • Şawulyň Dawuda göripçiligi (5—9)

      • Şawul Dawudy öldürjek bolýar (10—19)

      • Dawut Şawulyň gyzy Mihala öýlenýär (20—30)

1 Şamuwel 18:1

Parallel aýatlar

  • +1Şm 14:1, 49
  • +1Şm 19:2; 20:17, 41; 2Şm 1:26

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    1/2021, sah. 22

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 48

1 Şamuwel 18:2

Parallel aýatlar

  • +1Şm 8:11; 16:22; 17:15

1 Şamuwel 18:3

Parallel aýatlar

  • +Nak 17:17; 18:24
  • +1Şm 20:8, 42; 23:18; 2Şm 9:1; 21:7

1 Şamuwel 18:4

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: ýeňsiz donuny.

1 Şamuwel 18:5

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: ol paýhasly hereket edýärdi.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 18:30
  • +1Şm 14:52

1 Şamuwel 18:6

Çykgytlar

  • *

    Gitara meňzeş gadymy saz guraly.

Parallel aýatlar

  • +Ser 11:34
  • +2Ms 15:20, 21; Ser 5:1

1 Şamuwel 18:7

Parallel aýatlar

  • +1Şm 21:11; 29:5

1 Şamuwel 18:8

Parallel aýatlar

  • +1Ms 4:5; Nak 14:30
  • +1Şm 13:14; 15:27, 28; 16:13; 20:31; 24:17, 20

1 Şamuwel 18:10

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: Şawulyň üstüne Hudaýdan gelen zalym ruh indi.

  • *

    Ýa-da: Ol özüni pygamber ýaly alyp baryp başlady.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 16:14
  • +1Şm 16:16, 23
  • +1Şm 19:9, 10

1 Şamuwel 18:11

Parallel aýatlar

  • +1Şm 20:33

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/9/2008, sah. 4

1 Şamuwel 18:12

Parallel aýatlar

  • +1Şm 18:28, 29
  • +1Şm 16:14

1 Şamuwel 18:13

Parallel aýatlar

  • +2Şm 5:2

1 Şamuwel 18:14

Parallel aýatlar

  • +1Ms 39:2; Ýuş 6:27; 1Şm 10:7; 16:18
  • +1Şm 18:5

1 Şamuwel 18:17

Parallel aýatlar

  • +1Şm 14:49; 17:25
  • +1Şm 25:28
  • +1Şm 18:25

1 Şamuwel 18:18

Parallel aýatlar

  • +2Şm 7:18

1 Şamuwel 18:19

Parallel aýatlar

  • +2Şm 21:8

1 Şamuwel 18:20

Parallel aýatlar

  • +1Şm 14:49; 19:11; 25:44; 2Şm 3:13; 6:16

1 Şamuwel 18:21

Parallel aýatlar

  • +1Şm 18:17

1 Şamuwel 18:23

Parallel aýatlar

  • +1Şm 18:18

1 Şamuwel 18:25

Parallel aýatlar

  • +1Ms 29:18
  • +1Şm 17:26, 36; 2Şm 3:14

1 Şamuwel 18:26

Parallel aýatlar

  • +1Şm 18:21

1 Şamuwel 18:27

Parallel aýatlar

  • +1Şm 17:25

1 Şamuwel 18:28

Parallel aýatlar

  • +1Şm 16:13; 24:17, 20
  • +1Şm 18:20

1 Şamuwel 18:29

Parallel aýatlar

  • +1Şm 18:9, 12; 20:33

1 Şamuwel 18:30

Parallel aýatlar

  • +1Şm 18:5
  • +2Şm 7:9

Umumy salgylar

1 Şam. 18:11Şm 14:1, 49
1 Şam. 18:11Şm 19:2; 20:17, 41; 2Şm 1:26
1 Şam. 18:21Şm 8:11; 16:22; 17:15
1 Şam. 18:3Nak 17:17; 18:24
1 Şam. 18:31Şm 20:8, 42; 23:18; 2Şm 9:1; 21:7
1 Şam. 18:51Şm 18:30
1 Şam. 18:51Şm 14:52
1 Şam. 18:6Ser 11:34
1 Şam. 18:62Ms 15:20, 21; Ser 5:1
1 Şam. 18:71Şm 21:11; 29:5
1 Şam. 18:81Ms 4:5; Nak 14:30
1 Şam. 18:81Şm 13:14; 15:27, 28; 16:13; 20:31; 24:17, 20
1 Şam. 18:101Şm 16:14
1 Şam. 18:101Şm 16:16, 23
1 Şam. 18:101Şm 19:9, 10
1 Şam. 18:111Şm 20:33
1 Şam. 18:121Şm 18:28, 29
1 Şam. 18:121Şm 16:14
1 Şam. 18:132Şm 5:2
1 Şam. 18:141Ms 39:2; Ýuş 6:27; 1Şm 10:7; 16:18
1 Şam. 18:141Şm 18:5
1 Şam. 18:171Şm 14:49; 17:25
1 Şam. 18:171Şm 25:28
1 Şam. 18:171Şm 18:25
1 Şam. 18:182Şm 7:18
1 Şam. 18:192Şm 21:8
1 Şam. 18:201Şm 14:49; 19:11; 25:44; 2Şm 3:13; 6:16
1 Şam. 18:211Şm 18:17
1 Şam. 18:231Şm 18:18
1 Şam. 18:251Ms 29:18
1 Şam. 18:251Şm 17:26, 36; 2Şm 3:14
1 Şam. 18:261Şm 18:21
1 Şam. 18:271Şm 17:25
1 Şam. 18:281Şm 16:13; 24:17, 20
1 Şam. 18:281Şm 18:20
1 Şam. 18:291Şm 18:9, 12; 20:33
1 Şam. 18:301Şm 18:5
1 Şam. 18:302Şm 7:9
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
Mukaddes Kitap
1 Şamuwel 18:1—30

1 Şamuwel

18 Dawudyň Şawula aýdan sözlerini eşidip, Ýonatan+ ony juda gowy gördi. Ýonatan Dawut bilen jana-jan dost boldy+. 2 Şawul hem Dawudy öýüne goýbermän, ýanynda alyp galdy+. 3 Ýonatan Dawudy janyndan hem eziz görüp+, onuň bilen äht baglaşdy+. 4 Ol egnindäki donuny* çykaryp, Dawuda berdi, ýaraglaryny, gylyjyny, ýaýyny, guşagyny-da berdi. 5 Dawut söweşlere gatnaşyp başlady. Şawul nirä iberse-de, Dawudyň edeni ugruna bolýardy*+. Şonuň üçin Şawul ony batyr ýigitlerine baş edip goýdy+. Şawulyň nökerleri-de, tutuş halk-da muny halady.

6 Dawut esgerleri bilen piliştlileri derbi-dagyn edip gelende, Ysraýylyň ähli şäherlerinden gelin-gyzlar çykyp, deprek+, tanbur* çalyp, aýdym aýdyp+, tans edip, şatlyk-şowhun bilen Şawul patyşany garşylardylar. 7 Olar ýeňşiň şanyna aýdym aýdyp:

«Şawul müňüsini öldürdi,

Dawut on müňüsini»+

diýerdiler. 8 Şawul aýdymy halaman, gaty gaharlandy+. Ol içinden: «Görsene, men bary-ýogy müňüsini, Dawut bolsa on müňüsini ýeňipmiş. Indi Dawuda diňe tagty beräýmek galdy!»+ diýdi. 9 Şondan soň Şawul Dawuda müňkürlik edip başlady.

10 Ertesi gün Hudaý Şawuly ynjalykdan gaçyrdy*+. Ol öýde özüni birhili alyp barýardy*. Şol wagt Dawut hemişekisi ýaly, arfada saz çalyp otyrdy+. Şawulyň elinde naýza bardy+. 11 Ol içinden: «Dawudy diwara çüýläýin-le!» diýip, iki gezek naýza zyňdy+. Emma Dawut sowlup ýetişdi. 12 Ýehowa Dawudy goldaýardy+, Şawuldan bolsa ýüz öwrüpdi+, şonuň üçin Şawul Dawutdan gorkýardy. 13 Şawul Dawudy ýanyndan aýryp, müňbaşy etdi. Dawut goşuna baş bolup, söweşe çykardy+. 14 Ýehowa Dawudy goldaýardy+, şonuň üçin edeni ugruna bolýardy+. 15 Şawul Dawudyň ähli işiniň oňuna bolýanyny görüp, has-da gorkdy. 16 Tutuş Ysraýyl we Ýahuda ilaty Dawudy gowy görýärdi, sebäbi ol söweşlerde goşunyň öňüni çekerdi.

17 Şawul Dawuda: «Saňa uly gyzym Meýraby bereýin+. Hyzmatymda durup, Ýehowa üçin mertlerçe söweşseň bolýar»+ diýdi. Sebäbi Şawul: «Goý, ol meniň elimden däl-de, piliştlileriň elinden ölsün»+ diýip pikir edýärdi. 18 Dawut bolsa: «Patyşanyň giýewsi bolar ýaly, men kimmişim? Dogan-garyndaşlarym, atamyň hojalygy Ysraýylda kim bolupdyr?»+ diýdi. 19 Emma Meýraby Dawuda bermeli wagty gelende, Şawul gyzyny eýýäm meholaly Adryýele+ durmuşa çykaran eken.

20 Şawulyň Mihal+ atly gyzy Dawudy gowy görýärdi. Şawul muny eşidip, juda begendi. 21 Ol: «Şu gyzymy bersem, Dawudy duzaga düşürip, piliştlileriň elinden öldürerin»+ diýip pikir etdi. Şawul Dawuda ýene-de: «Gel, garyndaşlyk açaly» diýdi. 22 Soňra ol hyzmatkärlerine: «Bilmediksirän bolup, Dawut bilen gepleşiň-de: „Patyşanyň saňa göwni ýetýär, emeldarlary hem seni gowy görýär. Patyşanyň gyzyna öýlenseň gowy bolar“ diýiň» diýip tabşyrdy. 23 Hyzmatkärler muny Dawuda aýdanlarynda, ol: «Şa gyzyna öýlenmek aňsatdyr öýdýäňizmi? Meniň üýşüp ýatan baýlygym ýok, özümem at-abraýly däl»+ diýdi. 24 Olar hem Dawudyň aýdanlaryny Şawula ýetirdiler.

25 Muny eşiden Şawul şeýle buýruk berdi: «Gidiň-de, Dawuda: „Patyşa senden galyň soranok+. Ol duşmanlaryndan ar almak üçin, 100 piliştlini sünnetläp+, pürçügini getirmegiňi isleýär“ diýiň». Aslynda, Şawul Dawudy piliştlileriň elinden öldürjek bolýardy. 26 Hyzmatkärler patyşanyň aýdanlaryny Dawuda habar berdiler. Dawut hem şanyň giýewsi+ bolanyny kem görmedi. Şonuň üçin ol heniz berlen möhlet dolmanka, 27 esgerleri bilen gidip, 200 piliştlini öldürdi. Şa gyzyna öýlenmek üçin, pürçükleri patyşa getirip berdi. Şawul hem gyzy Mihaly Dawuda durmuşa çykardy+. 28 Şawul Ýehowanyň Dawudy goldaýandygyna+, gyzy Mihalyň hem ony juda gowy görýändigine düşündi+. 29 Şonda ol Dawutdan has-da gorkup başlady. Şawul bütin ömrüne Dawuda duşman boldy+.

30 Piliştli hanlar Ysraýyla häli-şindi çozardy. Her gezek Şawulyň beýleki hyzmatkärlerine garanyňda, Dawut köp üstünlik gazanardy+. Il içinde Dawudyň abraýy gitdigiçe artýardy+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş