Ýahudanyň haty
1 Men Isa Mesihiň guly we Ýakubyň dogany Ýahuda+. Men Atamyz Hudaýyň söýenlerine we Isa Mesih üçin gorap saklanlaryna+ hem-de saýlananlara+ hat ýazýaryn.
2 Goý, Hudaý size ýagşylyk* etsin, parahatlyk bersin, söýsün!
3 Eziz doganlarym, size gutulyşymyz hakda ýazmak isläpdim+, ýöne mukaddeslere bir gezekde hemişelik berlen iman üçin gaýduwsyz göreşmegiňiz+ hakda ýazmagy has wajyp saýdym. 4 Mukaddes kitaplarda öňden aýdylyşy ýaly, höküm ediljek adamlar ogrynça araňyza girdi. Şol hudaýsyz adamlar Hudaýymyzyň ýagşylygyny* öz peýdasyna ulanyp, haýasyzlygyny*+ aklaýarlar we ýeke-täk hojaýynymyz hem-de Halypamyz Isa Mesihe biwepalyk edýärler+.
5 Siz bulary bilýän hem bolsaňyz, Ýehowanyň* öz halkyny Müsürden alyp çykandygyny+ we iman etmedikleri ýok edendigini+ ýatladýaryn. 6 Hudaý öz ornunda durmadyk we mekanyny goýup gaýdan perişdeleri+ beýik höküm güni gelýänçä, hemişelik zynjyrlar bilen baglap, tüm-garaňkylyga taşlady+. 7 Şonuň ýaly-da Sodom, Gomorra we daş-töwerekdäki şäherler ýigrenji ahlaksyzlyga* baş goşup, azgyn ten höweslerini kanagatlandyrýardylar+. Olar ebedilik ot bilen jezalandyrylyp, bize sapak boldy+.
8 Şol adamlar muny bilseler-de, hemişe erbet zatlary pikir edip, özleriniň-de, başgalaryň-da bedenini hapalaýarlar. Olar häkimiýeti äsgermeýärler, Hudaýyň hormatlan adamlaryna sögýärler+. 9 Emma baş perişde+ Mikaýyl+ Musa pygamberiň jesedi barada+ Iblis bilen jedelleşende, erbet sözleri aýtmady, höküm çykarmady+, gaýtam: «Saňa Ýehowa* käýesin!»+ diýdi. 10 Olar bolsa düşünmeýän zatlaryna dil ýetirýärler+, düşünjesiz haýwanlar ýaly+ özlerini haram edýärler.
11 Olaryň dat gününe! Sebäbi olar Kabylyň ýoluny saýladylar+, sylag-serpaý almak islän Bilgamyň erbet ýolundan ýörediler+ we Karun+ ýaly gozgalaň turzup+ heläk boldular. 12 Olar siziň oturyşyklaryňyza gelenlerinde-de, suwuň astyndaky gaýalar ýaly howpludyr+, gorkman özlerini bakýan çopanlardyr+. Olar ýel bilen eýläk-beýläk kowulýan bulutlardyr+. Möwsüminde miwe bermeýän we tutuşlygyna guran* köksüz agaçlardyr. 13 Deňziň güýçli tolkunlarynyň köpürjikleri kimin olaryň haýasyz işleri görnüp durandyr+. Olar tüm-garaňkylyga ebedilik taşlanjak+ ýol görkezmeýän ýyldyzlardyr.
14 Hatda Adam atanyň ýedinji nesli Idris pygamber+ hem olar hakda şeýle welilik etdi: «Ine, Ýehowa* ençeme* mukaddes perişdeleri bilen geldi+. 15 Ol ähli adamlary höküm etdi+, hudaýsyzlary zalym işleri üçin ýazgardy, Alla dil ýetiren günäkärleriň pis işlerini paş etdi»+.
16 Şeýle adamlar igenýärler+, durmuşdan nägile bolýarlar, höweslerine görä ýaşaýarlar+ we uly gepläp öwünýärler. Olar öz bähbidi üçin başgalara ýaranjaňlyk edýärler+.
17 Eziz doganlarym, siz bolsa Halypamyz Isa Mesihiň resullarynyň aýdan sözlerini* ýadyňyza salyň. 18 Olar: «Soňky günlerde erbet höweslerine görä ýaşaýan ýaňsylaýjy adamlar dörär»+ diýerdiler. 19 Olar ýygnakda bölünişik döredýärler+, olarda Hudaýyň ruhy ýokdur we düşünjesiz adamlardyr. 20 Eziz doganlarym, siz bolsa mukaddes imanyňyz bilen özüňizi berkidiň we mukaddes ruhuň kömegi bilen doga-dileg ediň+. 21 Hudaýa söýgiňiz sowamasyn+, Halypamyz Isa Mesihiň rehimdarlygyna garaşýan wagtyňyz gözüňizi ebedi ýaşaýşa dikiň+. 22 Şeýle-de ynanýan zatlaryna şübhelenýänlere+ rehimdar boluň+. 23 Olary otdan çekip halas ediň+. Adamlara hemişe rehimdar boluň, ýöne özüňiz hem seresap boluň, erbet işler bilen hapalanan eşikleri ýigreniň+.
24 Hudaý sizi büdremekden saklar, ol size şatlanyp, şöhratly huzurynda ýazyksyz bolmaga+ kömek eder. 25 Halypamyz Isa Mesih arkaly halas edýän Hudaýymyza şöhrat bolsun! Gadymy döwürden häzire çenli we gelejekde-de gudrat, güýç, ygtyýar Onuňky bolsun! Omyn!