Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Şamuwel 4
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Şamuwel kitabynyň mazmuny

      • Äht sandygy piliştlileriň elinde (1—11)

      • Aly bilen ogullarynyň ölümi (12—22)

1 Şamuwel 4:3

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: Ýehowa bizi näme üçin heläk etdikä?

Parallel aýatlar

  • +5Ms 28:15, 25; 32:30; Ser 2:14
  • +2Şm 15:25

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/9/2015, sah. 27

1 Şamuwel 4:4

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: arasynda.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 25:18; 4Ms 7:89; 2Pa 19:15; Zb 80:1
  • +1Şm 2:12

1 Şamuwel 4:7

Parallel aýatlar

  • +2Ms 14:25; 15:14

1 Şamuwel 4:8

Parallel aýatlar

  • +2Ms 7:5; Zb 78:43, 51

1 Şamuwel 4:9

Parallel aýatlar

  • +5Ms 28:48; Ser 10:7; 13:1

1 Şamuwel 4:10

Parallel aýatlar

  • +3Ms 26:14, 17; 5Ms 28:25; 1Şm 4:2

1 Şamuwel 4:11

Parallel aýatlar

  • +1Şm 2:31, 34; 4:3, 17; Zb 78:61, 64

1 Şamuwel 4:12

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 7:6

1 Şamuwel 4:13

Parallel aýatlar

  • +1Şm 4:4

1 Şamuwel 4:15

Parallel aýatlar

  • +1Şm 3:2

1 Şamuwel 4:17

Parallel aýatlar

  • +1Şm 3:11
  • +1Şm 2:34
  • +1Şm 4:10, 11

1 Şamuwel 4:18

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: döwlüp.

1 Şamuwel 4:21

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Şan-şöhrat nirede?

Parallel aýatlar

  • +1Şm 2:32, 34; 4:5, 11
  • +Zb 78:61
  • +1Şm 14:3

1 Şamuwel 4:22

Parallel aýatlar

  • +1Şm 4:11; Ýer 7:12

Umumy salgylar

1 Şam. 4:35Ms 28:15, 25; 32:30; Ser 2:14
1 Şam. 4:32Şm 15:25
1 Şam. 4:42Ms 25:18; 4Ms 7:89; 2Pa 19:15; Zb 80:1
1 Şam. 4:41Şm 2:12
1 Şam. 4:72Ms 14:25; 15:14
1 Şam. 4:82Ms 7:5; Zb 78:43, 51
1 Şam. 4:95Ms 28:48; Ser 10:7; 13:1
1 Şam. 4:103Ms 26:14, 17; 5Ms 28:25; 1Şm 4:2
1 Şam. 4:111Şm 2:31, 34; 4:3, 17; Zb 78:61, 64
1 Şam. 4:12Ýuş 7:6
1 Şam. 4:131Şm 4:4
1 Şam. 4:151Şm 3:2
1 Şam. 4:171Şm 3:11
1 Şam. 4:171Şm 2:34
1 Şam. 4:171Şm 4:10, 11
1 Şam. 4:211Şm 2:32, 34; 4:5, 11
1 Şam. 4:21Zb 78:61
1 Şam. 4:211Şm 14:3
1 Şam. 4:221Şm 4:11; Ýer 7:12
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
Mukaddes Kitap
1 Şamuwel 4:1—22

1 Şamuwel

4 Şamuwel pygamber ysraýyl halkyna Hudaýyň habaryny ýetirýärdi.

Biraz wagtdan ysraýyllar piliştlilere garşy söweşe çykdy. Ysraýyllar Ebenezeriň golaýynda, piliştliler bolsa Apekde düşelge gurdy. 2 Piliştliler nyzama düzülip, ysraýyllar bilen söweşdi. Söweş gandöküşikli bolup, ysraýyllar ýeňildi, 4 000-e golaý esger wepat boldy. 3 Esgerler düşelgä dolanyp gelende, ysraýyl ýaşululary: «Ýehowa näme üçin piliştlilerden ýeňilmegimize ýol berdikä?*+ Şilodan Ýehowanyň äht sandygyny alyp gaýdalyň+. Äht sandygy ýanymyzda bolsa, duşmanlary ýeňeris» diýişdiler. 4 Şeýdip, olar Şilo adam ugratdylar. Olar hem gidip, keruplaryň+ üstünde* tagtda oturan Serkerdebaşy Ýehowanyň äht sandygyny alyp gaýtdylar. Hak Hudaýyň äht sandygy getirilende, Alynyň iki ogly Hopny bilen Pinehas+ hem geldi.

5 Ýehowanyň äht sandygy düşelgä getirilen badyna, ysraýyllar begenjinden ýaňa şeýle bir gygyryşdylar welin, ýer sarsyp gitdi. 6 Piliştliler olaryň sesini eşidip: «Ýewreýleriň düşelgesindäki goh nämekä?» diýişdiler. Olar ysraýyllaryň düşelgesine Ýehowanyň äht sandygynyň getirilendigini eşidip 7 gorkdular. Olar öz aralarynda: «Ysraýyllaryň düşelgesine Hudaýyň özi gelipdir!+ Işimiz gaýtdy, öň beýle zat bolmandy! 8 Bagtymyz ýatdy! Haýbatly Hudaýyň elinden bizi kim halas eder? Ol çölde müsürlileri her hili bela-beter bilen heläklän Hudaý ahyryn!+ 9 Eý piliştliler, batyrgaý hem mert boluň!+ Mertlerçe söweşiň! Ýogsam hyzmatkär ýewreýlere özüňiz gul bolarsyňyz» diýişdiler. 10 Olar ysraýyllar bilen söweşip, ýene-de ýeňiş gazandylar+. Ysraýyl esgerleri bolsa gaçdylar. Uruşda uly heläkçilik boldy, ysraýyllardan 30 000 pyýada esger wepat boldy. 11 Hudaýyň äht sandygy duşmanlaryň eline düşdi, Alynyň iki ogly Hopny bilen Pinehas hem öldürildi+.

12 Şol gün benýamin taýpasyndan bir adam söweş meýdanyndan gaçyp, Şilo geldi. Ol ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowrupdy+. 13 Şähere baranda, Aly ýoluň ugrunda oturgyçda gözüni ýola dikip otyrdy. Ol hak Hudaýyň äht sandygyny+ alada edýärdi, ýüregi bükgüldäp durdy. Ýaňky adam şähere girip, bolan zatlary halka gürrüň berdi. Şonda adamlar dady-perýat edip başlady. 14 Aly olaryň ahy-nalasyny eşidip: «Galmagal näme?» diýip sorady. Ýaňky adam ylgaşlap geldi-de, ähli zady gürrüň berdi. 15 Şol wagt Aly 98 ýaşyndady, gözi hem görmeýärdi+. 16 Ol adam Ala: «Men söweş meýdanyndan gelýärin. Şu gün gaçyp gaýtdym» diýdi. Şonda Aly: «Oglum, näme boldy?» diýip sorady. 17 Habar getiren adam: «Ysraýyllar piliştlilerden gaçdy, esgerleriň köpüsi gyryldy+. Iki ogluň Hopny bilen Pinehas hem öldi+. Hak Hudaýyň äht sandygy duşmanlaryň eline düşdi»+ diýdi.

18 Ol adam hak Hudaýyň äht sandygyny agzanda, Aly derwezäniň gapdalynda oturan ýerinden diň arkan gaýtdy. Ýaşy bir çene ýeten daýaw adam bolansoň, ýykylanda boýny omrulyp*, şol bada jan berdi. Aly Ysraýylda 40 ýyl kazylyk edipdi. 19 Şol wagt onuň gelni, ýagny Pinehasyň aýaly göwrelidi we aýy-güni dolupdy. Ol hak Hudaýyň äht sandygynyň elden gidendigini, gaýynatasy bilen äriniň ölendigini eşidende, iki bükülip, burgusy tutup başlady. Ol çagasyny dogrup, 20 demini sanap ýatyrka, ýanyndaky aýallar: «Gorkma, ogluň boldy!» diýdiler. Emma ol sesini çykarmady, ünsem bermedi. 21 Hak Hudaýyň äht sandygynyň elden gidendigi, gaýynatasy bilen äriniň hem ölendigi+ üçin: «Ysraýylyň şan-şöhraty elden gitdi»+ diýip, oglunyň adyna Eýhabut*+ dakdy. 22 Ol: «Ysraýylyň şan-şöhraty elden gitdi, sebäbi hak Hudaýyň äht sandygy duşmanlaryň eline düşdi»+ diýdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş