Zebur
135 Ýaha alkyş aýdyň!*
Ýehowanyň adyna alkyş aýdyň!
Ýehowanyň gullary, alkyş aýdyň!+
2 Ýehowanyň öýünde,
Hudaýymyzyň howlularynda gulluk edýänler, alkyş aýdyň!+
3 Ýaha alkyş aýdyň, sebäbi Ýehowa ýagşydyr+.
Adynyň şanyna aýdym aýdyň, sebäbi ady ajaýypdyr.
6 Gökde hem ýerde, deňizde hem düýbünde,
Ýehowanyň islegi amala aşýar+.
7 Ol bulutlary ýeriň dört künjeginden asmana galdyrýar,
Ýyldyrym çakdyryp*, ýagyş ýagdyrýar,
Ammarlaryny açyp, ýel öwüsdirýär+.
8 Alla müsürlileriň nowbahar ogullaryny öldürdi,
Mal-garalaryň ilkinji doglanlaryny gyrdy+.
9 Ol faraonyň, onuň hyzmatkärleriniň öňünde,
Müsür topragynda alamatlar we gudratlar görkezdi+.
10 Köp halklary gyryp taşlady+,
Güýçli patyşalary ýok etdi+.
11 Amorlaryň hany Sihony+,
Başanyň hany Ogy+,
Kenganyň ähli patyşalyklaryny ýok etdi.
12 Olaryň ýurduny,
Öz halky ysraýyla miras berdi+.
13 Ýehowa, seniň adyň ebedidir!
Ýehowa, şan-şöhratyň nesilden-nesle dowam edýändir!+
15 Halklaryň altyn-kümüş butlary,
Adam elleriniň işidir+.
16 Olaryň agzy bar, ýöne geplemeýär+,
Gözleri bar, ýöne görmeýär.
17 Olaryň gulagy bar, ýöne eşitmeýär,
Burny bar, ýöne dem almaýar+.
19 Ysraýyl öýi, Ýehowa alkyş aýdyň!
Harunyň öýi, Ýehowa alkyş aýdyň!
20 Lewiniň öýi, Ýehowa alkyş aýdyň!+
Ýehowadan gorkýanlar, Ýehowa alkyş aýdyň!
Ýaha alkyş aýdyň!+