Luka
7 Isa halka ähli zady aýdyp bolansoň, Kapernawuma bardy. 2 Ol ýerde ýüzbaşynyň gowy görýän guly keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy+. 3 Ýüzbaşy Isa hakda eşidende, onuň ýanyna ýehudy ýaşulularyny iberip, guluny sagaltmagy haýyş etdi. 4 Olar Isanyň ýanyna gelip ýalbardylar: «Oňa kömek et, ol gowy adam. 5 Ol halkymyzy gowy görýär, bize sinagoga-da gurup berdi». 6 Isa olar bilen gitdi. Ýüzbaşynyň öýüne golaýlanlarynda, ýüzbaşy dostlaryny iberip, şeýle diýmegi tabşyrdy: «Agam, alada etme! Öýüme geler ýaly, men mynasyp adam däl+. 7 Özümi mynasyp görmämsoň ýanyňa barmadym. Ýekeje söz aýtsaň ýetik, hyzmatkärim sagalar. 8 Sebäbi menem birine tabyn bolýaryn, maňa-da tabyn bolýan esgerler bar. Olaryň birine: „Git!“ diýsem, gidýär. Başga birine: „Gel!“ diýsem, gelýär. Guluma: „Şuny et!“ diýsem, edýär». 9 Isa onuň sözlerine haýran galyp, yzyna düşüp gelýän märekä: «Size diýýärin, şeýle imanly adamy Ysraýylda heniz görmedim»+ diýdi. 10 Isanyň ýanyna gelen adamlar yzyna baranlarynda, gul sagalan eken+.
11 Biraz wagtdan Isa Naýyn şäherine gitdi. Onuň ýanynda şägirtleri we birgiden adam bardy. 12 Ol şäheriň derwezesine golaýlanda, adamlar dul aýalyň ýekeje oglunyň tabydyny göterip gelýärdiler+. Dul aýalyň ýanynda şäherden gelen köp adamlar bardy. 13 Isanyň aýaly görende ýüregi awap+: «Aglama!»+ diýip, 14 tabyda elini degirdi, göterip barýanlar hem durdular. Isa: «Ýaş ýigit, saňa diýýärin, ýeriňden tur!»+ diýdi. 15 Oglan ýerinden turup, gepläp başlady. Isa hem oglany ejesine tabşyrdy+. 16 Şonda ähli adamlar gorkup: «Aramyzda beýik pygamber peýda bolupdyr+. Hudaý halkyna nazar saldy»+ diýip, Hudaýy şöhratlandyrdylar. 17 Şeýdip, Isa hakdaky gürrüňler daş-töwerege we tutuş Ýahuda ýaýrady.
18 Ýahýanyň şägirtleri halypasyna bolan wakalary gürrüň berdiler+. 19 Şonda Ýahýa iki şägirdini çagyryp: «Gelmeli Mesih senmi+ ýa-da başga birine garaşmalymy?» diýip soratmak üçin Halypanyň ýanyna iberdi. 20 Olar Isanyň ýanyna gelip: «Suwa çümdürýän Ýahýa: „Gelmeli Mesih senmi ýa-da başga birine garaşmalymy?“ diýip soraýar» diýdiler. 21 Şonda Isa köp syrkawlary+, agyr keselli we jynly adamlary sagaltdy, ençeme körleriň gözüni açdy. 22 Isa olara: «Baryň, gören we eşiden zatlaryňyzy Ýahýa gürrüň beriň: körler görýär+, agsaklar ýöreýär, heýwere keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär+, ölüler direlýär, garyplara hoş habar aýdylýar+. 23 Maňa şübhelenmeýän* adam bagtlydyr»+ diýdi.
24 Ýahýanyň şägirtleri gidensoň, Isa märekä ýüzlenip, Ýahýa barada şeýle diýdi: «Siz çöle näme görmäge gitdiňiz? Ýele yranýan gamşymy?+ 25 Siz näme görmäge gitdiňiz? Gowy geýnen adamymy?+ Gowy geýinýän we bolelin ýaşaýan adamlar patyşanyň köşgünde bolýar. 26 Dogrudan-da, çöle näme üçin gitdiňiz? Pygamberi görmägemi? Size diýýärin, ol pygamberden hem has beýikdir+. 27 Ol hakda şeýle ýazylandyr: „Seniň öňüňden habarçymy ýollaýaryn, ol saňa ýol taýýarlar“+. 28 Size diýýärin, şu wagta çenli adamlaryň arasynda Ýahýadan beýigi bolan däldir. Emma Hudaýyň Patyşalygynda iň pesi ondan beýikdir»+. 29 Isany diňläp duran adamlar we salgytçylar Hudaý adalatly diýdiler, sebäbi olar Ýahýanyň aýdyşy ýaly, suwa çümdürilipdiler+. 30 Emma fariseýler we Töwradyň mugallymlary Hudaýyň beren maslahatyny* kabul etmediler+, sebäbi olar Ýahýanyň aýdyşy ýaly, suwa çümdürilmändiler.
31 Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Men şu nesli kime meňzedeýin?+ 32 Olar bazarda oturyp, biri-birine: „Size tüýdük çalyp berdik, tans etmediňiz; zaryn-zaryn agladyk, hasrat çekmediňiz“ diýýän çagalar ýalydyr. 33 Suwa çümdürýän Ýahýa geldi, hemmeler ýaly çörek iýmedi, şerap içmedi+, ýöne siz: „Ol jynly“ diýdiňiz. 34 Ynsan ogly geldi, iýip içdi, ýöne siz: „Ol hajymelik*, arakhor, salgytçylaryň we günäkärleriň dosty“+ diýýärsiňiz. 35 Emma adamyň akyldarlygy edýän işinden görünýär»+.
36 Fariseýleriň biri Isany myhmançylyga çagyrdy. Isa onuň öýüne baryp, saçak başynda oturdy. 37 Şol şäherde bir günäkär aýal bardy. Ol Isanyň fariseýiň öýündedigini eşidip, atyr ysly ýagly gaby* alyp geldi+. 38 Aýal Isanyň aýagujunda dyza çöküp aglady, gözýaşlary bilen onuň aýagyny ýuwdy, saçy bilen süpürip, aýaklaryny mähirli ogşaýardy we aýaklaryna atyr ysly ýag çaldy. 39 Isany myhmançylyga çagyran fariseý içinden: «Ol pygamber bolsa, aýaklaryna kimiň el degirýändigini bilerdi. Ol günäkär aýal ahyry» diýdi+. 40 Isa bolsa: «Simun, saňa bir zat aýdaýyn» diýdi. Ol: «Aýdyber, Mugallym!» diýdi.
41 «Biri iki adama karzyna pul berýär. Birine 500 teňňe*, beýlekisine 50 teňňe. 42 Olaryň bergisini berere hiç zady ýokdy. Şonda karz beren adam ikisiniň hem bergisini geçýär. Seniň pikiriňçe, olaryň haýsysy karz bereni has gowy görer?» 43 Simun: «Kimiň bergisi köp bolsa, şol has gowy görer» diýip jogap berdi. Isa: «Dogry aýtdyň» diýdi. 44 Soňra Isa aýala seredip, Simuna: «Aýaly görýäňmi? Men öýüňe myhmançylyga geldim, sen bolsa aýagymy ýuwara-da suw bermediň. Şu aýal bolsa aýaklarymy gözýaşlary bilen ýuwup, saçy bilen süpürdi. 45 Sen meni ogşap garşy almadyň, aýal bolsa geleni bäri aýaklarymy ogşap otyr. 46 Sen meniň başyma ýag guýmadyň, aýal bolsa atyr ysly ýagy aýaklaryma guýdy. 47 Saňa diýýärin, ol köp günä edenem bolsa, günäleri bagyşlanýar+. Şonuň üçin hem ol meni has gowy görýär. Az günä eden adam bagyşlansa welin, kän gowy görmez» diýdi. 48 Isa aýala: «Günäleriň bagyşlandy»+ diýdi. 49 Isa bilen saçak başynda oturanlar: «Günäleri bagyşlar ýaly ol kimmişin?»+ diýişdiler. 50 Isa bolsa aýala: «Imanyň seni halas etdi+, sag-aman gaýt» diýdi.