Koloslylara hat
2 Siziň şuňa düşünmegiňizi isleýärin: men siziň üçin, Laodikiýadakylaryň+ we meni görmedikleriň ählisi üçin aýgytly göreş alyp barýaryn. 2 Muny olaryň göwnüne giňlik bermek+ we biri-birini ýürekden söýmekleri üçin edýärin+. Şonda olar ähli bereketlere we Hudaýyň mukaddes syryna doly düşünip, ynamly bolarlar, ýagny Mesih hakda dogry bilim alarlar+. 3 Sebäbi akyldarlygyň we bilimiň ähli hazynasy Mesihde gizlenendir+. 4 Goý, hiç kim sizi ynandyryjy deliller bilen aldamasyn. 5 Ýanyňyzda bolmasam-da, ýüregim siziň bilendir. Siziň ähli zady tertip-düzgün boýunça edýändigiňize+ we Mesihe berk iman edýändigiňize begenýärin+.
6 Siz Halypamyz Isa Mesihi kabul etdiňiz, şonuň üçin hem oňa tabyn bolup ýaşaň. 7 Size öwredilişi ýaly, Mesihe bolan imanyňyzda kök urup+, berk duruň we oňa berk ýapyşyň+. Güýçli iman bilen Hudaýa minnetdarlyk aýdyň+.
8 Seresap boluň, hiç kim sizi Mesihiň taglymatlaryna esaslanmadyk boş zatlar, ýagny dünýäniň düşünjeleri, akyldarlygy*+ we däp-dessurlary bilen aldap, ýesir* edäýmesin. 9 Aslynda, Hudaýyň häsiýetleri Mesihde görünýär+. 10 Galyberse-de, siz ähli hökümetleriň we häkimiýetleriň başy bolan Mesih+ arkaly ähli zada eýe bolduňyz. 11 Mesihiň şägirtleri hökmünde siz ynsan elleri bilen däl-de, Mesih arkaly sünnetlendiňiz+. Sebäbi Mesihiň gullukçylary şeýle sünnetlenmelidir+. 12 Hudaý sizi Mesih ýaly çümdürip+, onuň bilen jaýlady. Siz ony direlden Hudaýyň gudratly işlerine iman etdiňiz+ we Mesihiň şägirtleri hökmünde direldiňiz+.
13 Siz günäleriňiz sebäpli ölen bolsaňyz-da, sünnetli bolmasaňyz-da, Hudaý size Mesih bilen bilelikde ýaşaýyş berdi+. Hudaý rehim edip, ähli günäleriňizi bagyşlady+. 14 Hudaý bize garşy+ ýazylan kanuny+ aýryp+, ony jebir pürsüne* çüýläp ýok etdi+. 15 Hudaý jebir pürsi* arkaly hökümetleriň we häkimiýetleriň üstünden ýeňiş gazandy+. Olary ýesir alyp, hemmeleriň öňünde masgara etdi.
16 Goý, hiç kim sizi iýip-içýän zatlaryňyz üçin+ ýa-da Täze aý+, Sabat güni* ýaly baýramçylyklary bellemeýändigiňiz üçin ýazgarmasyn+. 17 Olar gelejekde boljak zatlaryň kölegesidir+, emma kölegäni döredýän Mesihdir+. 18 Ýalandan pesgöwünli bolýan, görýän zatlaryna «berk eýerip»*, perişdelere höwes bilen sežde edýän adamlar sizi sylagdan mahrum etmesin+. Aslynda, olar bikämil adamyň pikirine eýerip, biderek ýere buýsanýarlar. 19 Şeýle adamlar bütin bedeni iýmitlendirýän, onuň agzalaryny özara sazlaşykly birleşdirip, bogunlaryny birikdirýän we Hudaýyň islegi bilen ösdürýän başa boýun bolmaýarlar+.
20 Eger siz dünýäniň düşünjelerinden ýüz öwrüp, Mesih bilen ölen bolsaňyz+, onda näme üçin henizem dünýä degişli ýaly+: 21 «Muny alma, datma, elleme» diýen düzgünlere eýerýärsiňiz. 22 Olar iýip-içilýän, soňra ýok bolup gidýän zatlar bolsa-da, siz şolar babatda ynsan tabşyryklaryna we taglymatlaryna eýerýärsiňiz+. 23 Olaryň edýäni paýhasly ýaly görünse-de, öz isleýşi ýaly sežde edýärler. Ýalandan pesgöwünli bolup, bedenini horlaýarlar+. Emma olaryň ten höwesleri bilen göreşmegi biderekdir.