Birinji Musa
9 Hudaý Nuh bilen ogullaryna ak pata berip, şeýle diýdi: «Perzent dünýä indirip, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň+. 2 Ýer ýüzündäki haýwanlar, asmanda uçýan jandarlar, süýrenijiler* we deňizdäki balyklar mundan beýlägem sizden çekinip, gorkuda ýaşar. Olary siziň eliňize berýärin+. 3 Ähli janly-jandarlary iýip bilersiňiz+. Gök önümleri berişim ýaly, olary hem iýmit edip berýärin+. 4 Ýöne olaryň etini gany bilen iýmäň+, sebäbi jan* gandadyr+. 5 Onsoňam, adamyň ganyny döken islendik jandardan, adamdan hasap soraryn. Eger bir jandar adamy öldürse, onuň özi-de öldüriler. Biri adam öldürip, doganynyň ganyna galsa-da, öňümde jogap bermeli bolar+. 6 Kimde-kim adam öldürse, onuň özi hem ynsan eli bilen öldüriler+, sebäbi Hudaý adamy öz keşbinde ýaratdy+. 7 Siz bolsa perzent dünýä indirip, köpeliň, bütin ýer ýüzüni dolduryň»+.
8 Soňra Hudaý Nuha we ogullaryna: 9 «Siziň bilen, nesilleriňiz bilen, 10 ýanyňyzdaky janly-jandarlar: guşlar, haýwanlar, ýerdäki her dürli jandarlar, siziň bilen gämiden çykanlaryň ählisi+ bilen äht baglaşýaryn+. 11 Men siziň bilen şeýle äht baglaşýaryn: indi adamlary we haýwanlary hiç haçan suw-sil bilen ýok etmerin. Gaýdyp ýer ýüzüni tupan bilen weýran etmerin»+ diýdi.
12 Hudaý sözüni dowam edip: «Siziň bilen, ýanyňyzdaky janly-jandarlar bilen baglaşýan, nesilden-nesle dowam etjek ähtimiň alamaty şudur: 13 bulutlar arasynda älemgoşar çykararyn. Ol ýer ýüzi bilen baglaşan ähtimiň alamaty bolar. 14 Eger asmana gara bulutlary üýşürsem, hökman älemgoşar çykar. 15 Şonda siz bilen, janly-jandarlar bilen baglaşan ähtimi ýada salaryn. Indi adamlar we haýwanlar hiç wagt tupan bilen ýok edilmez+. 16 Men bulutlar arasynda çykan älemgoşary gören badyma, siz bilen, janly-jandarlar bilen baglaşan ebedilik ähtimi ýada salaryn» diýdi.
17 Hudaý Nuha ýene bir gezek gaýtalap: «Bu siziň bilen, ýer ýüzündäki janly-jandarlar bilen baglaşýan ähtimiň alamatydyr»+ diýdi.
18 Şeýlelikde, Nuh ogullary Sam, Ham we Ýafet+ bilen gämiden çykdy. Soňra Hamyň Kengan+ diýen ogly boldy. 19 Bütin dünýäniň ilaty Nuhuň şol üç oglundan döräp, çar tarapa ýaýrady+.
20 Nuh üzüm ekip, daýhançylyk bilen meşgullanyp başlady. 21 Bir gün ol şerapdan serhoş bolup, çadyrynda ýalaňaç ýatyrdy. 22 Kenganyň kakasy Ham öz kakasynyň ýalaňaçdygyny görüp, daşaryk çykdy-da, iki doganyna aýtdy. 23 Şonda Sam bilen Ýafet ýapynja alyp, hersi bir ujundan tutdy-da, arkanlygyna ýöräp baryp, kakalarynyň üstüni ýapdylar. Ýüzlerini başga tarapa sowup, onuň ýalaňaçdygyny görmediler.
24 Nuh serhoşlykdan açylyp, kiçi oglunyň näme edendigini bilende, 25 şeýle diýdi:
«Kengana nälet bolsun+.
Goý, ol doganlaryna gul bolsun»+.
26 Ol sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
«Samyň Hudaýy Ýehowa şöhrat bolsun!
Goý, Kengan Samyň guly bolsun+.
27 Hudaý Ýafete birgiden mülk bersin,
Goý, ol Samyň çadyrlarynda mesgen tutsun,
Kengan onuňam guly bolsun».
28 Tupandan soň Nuh ýene 350 ýyl ýaşady+. 29 Ol 950 ýaşap, dünýäden ötdi.