Üçünji Musa
15 Ýehowa sözüni dowam edip, Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 2 «Ysraýyllara aýdyň: „Eger erkek adamyň jyns agzasyndan suwuklyk aksa, ol hapa bolýandyr+. 3 Suwuklyk dynman aksa-da, kesilip aksa-da, ol adam hapa hasaplansyn.
4 Onuň ýatan düşegi-de, oturan ýeri-de hapa bolýandyr. 5 Düşegine degen adam eşigini ýuwup, suwa düşsün. Ol agşama çenli hapa hasaplanar+. 6 Eger biri suwuklygy akýan adamyň oturan ýerinde otursa, eşigini ýuwup, suwa düşsün. Ol agşama çenli hapa hasaplanar. 7 Suwuklygy akýan adama degen kişi eşigini ýuwup, suwa düşsün. Ol agşama çenli hapa hasaplanar. 8 Suwuklygy akýan adam tämiz adamyň üstüne tüýkürse, şol adam eşigini ýuwup, suwa düşsün. Ol agşama çenli hapa hasaplanar. 9 Suwuklygy akýan adamyň oturan eýeri-de hapa bolýandyr. 10 Onuň oturan zadyna degen adam agşama çenli hapa hasaplanar. Şol zady göteren adam hem eşigini ýuwup, suwa düşsün. Ol agşama çenli hapa hasaplanar. 11 Suwuklygy akýan adam elini ýuwman+, birine degse, şol adam eşigini ýuwup, suwa düşsün. Ol agşama çenli hapa hasaplanar. 12 Suwuklygy akýan adamyň ellän toýun gabyny döwüň, agaç gabyny ýuwuň+.
13 Suwuklyk akmasy kesilip sagalan adam tämizlenmek üçin ýedi gün garaşmaly bolar. Soňra eşiklerini ýuwup, çeşme suwuna ýuwunsyn. Şonda ol tämizlener+. 14 Sekizinji gün ol iki gumryny ýa-da iki kepderini*+ ýygnak çadyrynyň* agzyna, Ýehowanyň huzuryna getirip, ruhana bersin. 15 Ruhany olaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy edip hödürläp, suwuklyk akmasy zerarly hapa bolan adamy Ýehowanyň huzurynda günäden arassalasyn.
16 Eger erkek adamyň tohumy aksa, bütin bedenini ýuwsun. Ol agşama çenli hapa hasaplanar+. 17 Tohum degen islendik eşigi we deriden edilen zady ýuwmalydyr. Şol zat agşama çenli hapa hasaplanar.
18 Erkek adam aýalyna ýanaşan* wagty tohumy aksa, ikisi-de ýuwunmaly. Olar agşama çenli hapa hasaplanar+.
19 Aýbaşysy gelýän aýal ýedi gün hapa hasaplansyn+. Oňa degen adam hem agşama çenli hapa hasaplanar+. 20 Aýbaşysy gelýän aýalyň ýatan we oturan ýeri hapa bolýandyr+. 21 Düşegine degen adam eşigini ýuwup, suwa düşsün. Ol agşama çenli hapa hasaplanar. 22 Aýalyň oturan islendik zadyna degen adam eşigini ýuwup, suwa düşsün. Ol agşama çenli hapa hasaplanar. 23 Aýalyň oturan düşegine ýa başga bir zadyna degen adam agşama çenli hapa hasaplanar+. 24 Eger erkek adam aýalyna ýanaşyp, aýbaşy gany bilen hapalansa+, ol ýedi gün hapa hasaplansyn. Şol adamyň ýatan islendik düşegi-de hapa hasaplanar.
25 Eger aýalyň aýbaşy döwründen başga wagty+ hem birnäçe günläp gan akmasy bolsa+ ýa-da aýbaşysy uzaga çekse, ol gan akmasy kesilýänçä, aýbaşy döwründäki ýaly hapa hasaplanar. 26 Aýbaşy wagtyndaky ýaly, gan akmasy bolan aýalyň ýatan islendik düşegi+ we oturan ýeri hapa hasaplanar. 27 Şol zatlara degen adam hem hapa hasaplanar. Ol eşigini ýuwup, suwa düşsün. Ol agşama çenli hapa hasaplanar+.
28 Gan akmasy kesilen aýal ýene ýedi gün garaşsyn. Şondan soň ol tämiz hasaplanar+. 29 Sekizinji gün ol iki gumryny ýa-da iki kepderini+ ýygnak çadyrynyň agzyna getirip, ruhana bersin+. 30 Ruhany olaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy edip hödürläp, gan akmasy zerarly hapa bolan aýaly Ýehowanyň huzurynda günäden arassalasyn+.
31 Ysraýyllary hapalykdan goraň. Olar öz hapalygy bilen aralaryndaky mukaddes çadyrymy haram edip, heläk bolmasynlar+.
32 Jyns agzasyndan suwuklyk ýa tohum akyp, hapa bolan adam+, 33 aýbaşysy gelýän aýal+, suwuklygy akýan erkek we aýal+, hapa hasaplanýan aýala ýanaşan erkek barada kanun şeýledir“».