Dördünji Musa
26 Gyrgynçylykdan soň+ Ýehowa Musa we Harun ruhanynyň ogly Algazara: 2 «Ysraýyl goşunynda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekleri tiresi boýunça hasaba alyň»+ diýdi. 3 Musa bilen Algazar+ ruhany Ýerihonyň+ garşysynda, Iordanyň boýunda ýerleşýän Mowap düzlüginde+ halka ýüzlenip: 4 «Ýehowanyň Musa aýdyşy ýaly, ysraýyllaryň 20 ýaşdan ýokary erkeklerini hasaba alyň»+ diýdiler.
Müsürden çykan ysraýyllar şulardyr: 5 Ruben+ Ysraýylyň uly ogludy. Rubeniň ogullaryndan+: Hanohyň nesilleri, Palluwyň nesilleri, 6 Hesronyň nesilleri, Karminiň nesilleri. 7 Olar ruben taýpasynyň tireleridi. Olardan 43 730 adam hasaba alyndy+.
8 Alyýap Palluwyň ogludy. 9 Alyýabyň ogullary: Nemuýel, Datan we Abyram. Datan bilen Abyram jemagatyň arasyndan saýlanan adamlardy. Olar Karunyň tarapdarlaryna+ goşulyp, Musa bilen Haruna garşy baş göterip+, Ýehowa garşy çykdylar+.
10 Şonda ýer ýarylyp, olary ýuwutdy. Karun bilen 250 tarapdary bolsa oda ýanyp, kül boldy+. Şol waka hemmelere sapak* boldy+. 11 Emma Karunyň ogullaryna+ hiç zat bolmady.
12 Şimgonyň ogullaryndan+ dörän tireler: Nemuýeliň nesilleri, Ýaminiň nesilleri, Ýahiniň nesilleri, 13 Zeranyň nesilleri, Şewulyň nesilleri. 14 Olar şimgon taýpasynyň tireleridi. Olar 22 200 adamdy+.
15 Gadyň ogullaryndan+ dörän tireler: Zeponyň nesilleri, Hagganyň nesilleri, Şuniniň nesilleri, 16 Oznanyň nesilleri, Eriýiň nesilleri, 17 Arotyň nesilleri, Äralynyň nesilleri. 18 Olar gad taýpasynyň tireleridi. Olardan 40 500 adam hasaba alyndy+.
19 Er bilen Onan+ Ýahudanyň+ ogullarydy. Ýöne Er bilen Onan Kenganda aradan çykdy+. 20 Ýahudanyň beýleki ogullaryndan dörän tireler: Şelanyň+ nesilleri, Pereziň+ nesilleri, Zeranyň+ nesilleri. 21 Pereziň ogullaryndan: Hesronyň+ nesilleri, Hamulyň+ nesilleri. 22 Olar ýahuda taýpasynyň tireleridi. Olardan 76 500 adam hasaba alyndy+.
23 Ysaharyň ogullaryndan+ dörän tireler: Tolanyň nesilleri+, Puwanyň nesilleri, 24 Ýaşubyň nesilleri, Şimronyň nesilleri. 25 Olar ysahar taýpasynyň tireleridi. Olardan 64 300 adam hasaba alyndy+.
26 Zebulunyň ogullaryndan+ dörän tireler: Seratyň nesilleri, Elonyň nesilleri, Ýahlyýeliň nesilleri. 27 Olar zebulun taýpasynyň tireleridi. Olardan 60 500 adam hasaba alyndy+.
28 Ýusubyň ogullaryndan+ dörän tireler: Manaşa bilen Efraýym+; 29 Manaşanyň+ ogullaryndan: Mahyryň+ nesilleri, Gileadyň+ nesilleri; Mahyr Gileadyň kakasydy. 30 Gileadyň ogullaryndan: Iýezeriň nesilleri, Helegiň nesilleri, 31 Asryýeliň nesilleri, Şekemiň nesilleri, 32 Şemidanyň nesilleri, Heperiň nesilleri. 33 Heper ogly Selophatyň ogly ýokdy, diňe gyzy bardy+. Gyzlarynyň ady Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsady+. 34 Olar manaşa taýpasynyň tireleridi. Olardan 52 700 adam hasaba alyndy+.
35 Efraýymyň+ ogullaryndan dörän tireler: Şutelahyň+ nesilleri, Bekiriň nesilleri, Tahanyň nesilleri. 36 Şutelahyň ogullaryndan: Eranyň nesilleri. 37 Olar efraýym taýpasynyň tireleridi. Olardan 32 500 adam hasaba alyndy+. Olaryň hemmesi Ýusubyň ogullaryndan dörän tirelerdi.
38 Benýaminiň ogullaryndan+ dörän tireler: Beliniň+ nesilleri, Aşbeliň nesilleri, Ahyramyň nesilleri, 39 Şepuhamyň nesilleri şupimler, Hupamyň nesilleri. 40 Art bilen Nagyman+ Beliniň ogullarydy; Artyň nesilleri, Nagymanyň nesilleri. 41 Olar benýamin taýpasynyň tireleridi. Olardan 45 600 adam hasaba alyndy+.
42 Danyň+ ogullaryndan dörän tireler: Şuhamyň nesilleri. Olar dan taýpasynyň tireleridi. 43 Şuhamyň nesillerinden 64 400 adam hasaba alyndy+.
44 Aşeriň ogullaryndan+ dörän tireler: Imnanyň nesilleri, Ýişwiniň nesilleri, Beriýanyň nesilleri. 45 Beriýanyň ogullaryndan: Heberiň nesilleri, Mälikyllanyň nesilleri. 46 Aşeriň Sera diýen gyzy bardy. 47 Olar aşer taýpasynyň tireleridi. Olardan 53 400 adam hasaba alyndy+.
48 Naftalynyň ogullaryndan+ dörän tireler: Ýahzeýeliň nesilleri, Gunanyň nesilleri, 49 Ýezeriň nesilleri, Selimiň nesilleri. 50 Olar naftaly taýpasynyň tireleridi. Olardan 45 400 adam hasaba alyndy+.
51 Ysraýyllardan jemi 601 730 adam hasaba alyndy+.
52 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 53 «Her taýpa adam sanyna görä mülk berilsin+. 54 Uly tirelere köpräk, kiçi tirelere azrak ber+. Her tirede näçe adam hasaba alnan bolsa, şoňa görä-de mülk paýlaň. 55 Ýer paýlanyňyzda, bije atyň+. Her kime öz taýpasynyň mülkünden ýer beriň. 56 Ýeri bije atyp paýlaň we tiräniň uly-kiçiligine görä bölüň».
57 Lewi taýpasyndan+ hasaba alnanlar şulardyr: Gerşonyň nesilleri, Kohatyň+ nesilleri, Meraryň nesilleri. 58 Lewi tirelerinden: libniler+, hebronlar+, mahlylar+, muşeler+, karunlar+.
Kohatyň Imram+ atly ogly bardy. 59 Imramyň aýalynyň ady Ýokebetdi+. Ol Lewiniň gyzydy we Müsürde doglupdy. Ýokebet Imrama Haruny, Musany we Merýemi+ dogrup berdi. 60 Harunyň Nadap, Abyhuw, Algazar we Ytamar diýen ogullary boldy+. 61 Emma Nadap bilen Abyhuw Ýehowanyň öňünde kanuna garşy gelýän ot ýakandygy üçin heläk bolupdy+.
62 Lewileriň bir aýlyk çagalaryndan başlap, ähli erkekleri hasaba alyndy+. Olar jemi 23 000 adamdy. Lewiler beýleki ysraýyllar bilen hasaba alynmady+, sebäbi olara ysraýyllaryň arasyndan mülk berilmedi+.
63 Olar Ýerihonyň garşysynda, Iordanyň boýunda ýerleşýän Mowap düzlüginde hasaba alyndy. Olary Musa bilen Algazar ruhany hasaba aldy. 64 Emma Musa bilen Harun ruhanynyň Sinaý çölünde hasaba alan ysraýyllaryndan biri-de diri galmandy+. 65 Ýehowa: «Olaryň bary çölde heläk bolar»+ diýipdi. Şol sebäpli olardan diňe Ýepunnanyň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýuşa diri galypdy+.