Üçünji Musa
27 Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi: 2 «Ysraýyllara aýt: „Kimde-kim bir adamyň bahasyny Ýehowa bagyş etmegi wada berse+, 3 onda 20 ýaşdan 60 ýaş aralygyndaky erkek adam üçin mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg bilen 50 şekel* kümüş bersin. 4 Aýal maşgala üçin bolsa 30 şekel tölesin. 5 Şeýle-de 5 ýaşdan 20 ýaş aralygyndaky oglanyň bahasy 20 şekel, gyzyňky 10 şekel bolsun. 6 Bir aýlykdan bäş ýaşa çenli oglanjygyň bahasy bäş şekel kümüş, gyzjagazyňky üç şekel kümüş bolsun.
7 Ýaşy 60 ýa-da ondan ýokary erkek adamyň bahasy 15 şekel, aýal maşgalanyňky 10 şekel bolsun. 8 Wada beren adamyň muňa ýagdaýy bolmasa+, Hudaýa bagyş edilýän adamy ruhanynyň ýanyna getirsin. Ruhany hem wada beren adamyň ýagdaýyny göz öňünde tutup, baha kessin+.
9 Eger biri gurbanlyk berip bolaýjak maly Ýehowa hödürlemegi wada berse, Ýehowa berilýän islendik zat mukaddes bolýandyr. 10 Şol malyň deregine başgasyny berip ýa-da semiz maly hor mala, hor maly semiz mala çalşyp bolýan däldir. Eger çalyşsa, mallaryň ikisi-de Hudaýyňky bolar*. 11 Eger ol Ýehowa haram hasaplanýan maly+ wada beren bolsa, ony ruhanynyň ýanyna getirsin. 12 Ruhany şol malyň hor ýa semizligine görä baha kessin. Ruhanynyň aýdan bahasy gutarnykly baha bolsun. 13 Eger ol adam maly yzyna satyn aljak bolsa, bahasynyň üstüne bäşden bir bölegini goşup bersin+.
14 Eger biri öýüni Ýehowa bagyş etjek bolsa*, ruhany öýüň ýagdaýyna görä baha kessin. Öýüň bahasy ruhanynyň aýdan bahasyna görä bolsun+. 15 Emma ol adam öýüni yzyna satyn aljak bolsa, bahasynyň üstüne bäşden bir bölegini goşup bersin. Şonda ol jaýyny yzyna alyp biler.
16 Kimde-kim melleginiň bir bölegini Ýehowa bagyş etmek islese, bahasy ekiljek tohuma görä hasaplansyn. Bir ganar* arpa ekiljek mellek 50 şekel kümşe deň bolsun. 17 Eger ol mellegini Azatlyk ýylynda+ bagyş etse, bahasy öňküligine galar. 18 Ýöne mellek Azatlyk ýylyndan soň bagyş edilse, ruhany indiki Azatlyk ýylyna çenli näçe ýylyň galandygyny hasaplap, bahasyny arzanlatsyn+. 19 Mellegini bagyş eden adam yzyna satyn aljak bolsa, bahasynyň üstüne bäşden bir bölegini goşup bersin. Şonda ol mellegini yzyna alyp biler. 20 Eger ol mellegini yzyna satyn almasa we mellek başga birine satylsa, eýesi ony yzyna satyn alyp bilmez. 21 Azatlyk ýylynda mellek mukaddes zat hökmünde Ýehowa bagyş edilsin. Ol ruhanylaryň mülki hasaplansyn+.
22 Bir adam öz mirasy bolmadyk mellegi satyn alyp+, Ýehowa bagyş etse, 23 ruhany indiki Azatlyk ýylyna çenli galan ýyllary hasaplap, bahasyny çykarsyn. Ol adam aýdylan bahany şol günüň özünde bersin+, sebäbi ol Ýehowa üçin mukaddesdir. 24 Azatlyk ýylynda mellek öňki eýesine, ýagny kimden satyn alnan bolsa, şoňa berilsin+.
25 Ähli zadyň bahasy şekel bilen, mukaddes çadyrda ulanylýan ölçegde hasaplansyn. Bir şekel 20 gera* deň bolsun.
26 Hiç kim mal-garasynyň ilkinji doglanyny Hudaýa bagyş etmesin, sebäbi olar şonsuzam Ýehowanyňkydyr+. Öküzleriň-de, goýunlaryň-da ilkinji doglany Ýehowanyňkydyr+. 27 Haram malyň ilkinji doglanyny yzyna satyn alyp bolýandyr. Eýesi onuň bahasynyň üstüne bäşden bir bölegini goşup bersin+. Ýöne ol malyny satyn almasa, ruhany ony öňki bahadan satyp biler.
28 Kimde-kim özüne degişli adamy, maly ýa mellegi Ýehowa bütinleý bagyş etse*, ony satyp ýa-da yzyna satyn alyp bolýan däldir. Sebäbi bagyş edilen zatlaryň bary Ýehowa üçin örän mukaddesdir+. 29 Ölüme höküm edilen* adamy hem töleg töläp, azat edip bolýan däldir+. Ol hökman öldürilmelidir+.
30 Toprakdan önýän ähli zadyň: ekiniň-de, agaçlaryň-da hasylynyň ondan bir bölegi+ Ýehowanyňkydyr. Olar Ýehowa üçin mukaddesdir. 31 Eger adam islendik zadyň ondan bir bölegini yzyna satyn almak islese, bahasynyň üstüne bäşden bir bölegini goşup bersin. 32 Mal-garanyň hem ondan biri Ýehowa bagyş edilsin*. Çopan sürini sanap, her onunjy maly Hudaý üçin aýyrsyn. 33 Ol maly semiz ýa hor diýip saýlap oturmasyn, ýa-da başgasyna çalyşjak bolmasyn. Eger çalyşjak bolsa, mallaryň ikisi-de Hudaýyňky bolar*+. Olary yzyna satyn alyp bolýan däldir“».
34 Ýehowanyň Sinaý dagynda Musa arkaly ysraýyllara beren tabşyryklary şulardyr+.