Dördünji Musa
34 Ýehowa Musa şeýle diýdi: 2 «Ysraýyllara aýt: „Kengan ýurduna+ baranyňyzda, mülk edip aljak ýurduňyzyň serhedi şular bolar+:
3 Günorta serhediňiz Edomyň golaýyndaky Zin çölünden başlar. Gündogar tarapdaky günorta serhediňiz bolsa Duz deňziniň*+ çetinden başlar. 4 Serhet Akrap depesiniň+ günortasyndan Zine tarap uzalyp, Kadeş-barneýanyň+ günortasyna ýeter. Ondan bolsa Hasar-adara+ we Azmona çenli uzalar. 5 Azmondan Müsür jülgesine tarap uzalyp, deňze*+ baryp ýeter.
6 Günbatar serhediňiz Beýik deňziň* kenaryndan başlar. Şol siziň günbatar serhediňiz+ bolar.
7 Demirgazyk serhediňiz bolsa Beýik deňizden Hor dagyna çenli uzalar. 8 Hor dagyndan Lebo-hamata*+, ondanam Zedata+ ýeter. 9 Soňra Ziprona çenli uzalyp, Hasar-enana+ baryp ýeter. Şol siziň demirgazyk serhediňiz bolar.
10 Gündogar serhediňiz Hasar-enandan başlap, Şepama çenli uzalar. 11 Şepamdan Aýnyň gündogaryndaky Ribla çenli uzalyp, aşaklygyna Kinneret deňziniň*+ gündogaryndan* geçer. 12 Soňra Iordana çenli uzalyp, Duz deňzine+ baryp ýeter. Ine şular ýurduňyzyň+ serhedi bolar“».
13 Musa ysraýyllara: «Ýehowa ýurdy dokuz ýarym taýpanyň arasynda bije atyp+ paýlamagy tabşyrdy. 14 Rubenler, gadlar we manaşa taýpasynyň ýarysy eýýäm mülküni aldy+. 15 Şol iki ýarym taýpanyň mülki Ýerihonyň golaýyndaky Iordanyň gündogarynda bolar»+ diýdi.
16 Ýehowa Musa şeýle diýdi: 17 «Mülk ýeriňizi Algazar+ ruhany bilen Nunuň ogly Ýuşa+ bölüp berer. 18 Ýer paýlamaga her taýpadan bir baştutan kömek etsin+. 19 Olar şulardyr: ýahuda taýpasyndan+ Ýepunnanyň ogly Kalep+, 20 şimgon taýpasyndan+ Emihutyň ogly Şemuwel, 21 benýamin taýpasyndan+ Kislonyň ogly Alydat, 22 dan taýpasyndan+ Ýoglynyň ogly Bekki baştutan, 23 Ýusubyň ogly+ Manaşanyň taýpasyndan+ Efodyň ogly Hannyýel baştutan, 24 efraýym taýpasyndan+ Şiptanyň ogly Kemuwel baştutan, 25 zebulun taýpasyndan+ Parnagyň ogly Alsapan baştutan, 26 ysahar taýpasyndan+ Azanyň ogly Paltaýel baştutan, 27 aşer taýpasyndan+ Salamlynyň ogly Ahyhut baştutan, 28 naftaly taýpasyndan+ Emihutyň ogly Pedahel baştutan». 29 Ýehowa şol baştutanlara ysraýyl halkyna Kengan ýurduny paýlap bermegi tabşyrdy+.