Bäşinji Musa
27 Soňra Musa ysraýyl ýaşululary bilen birlikde halka şeýle tabşyryk berdi: «Şu günki berýän ähli tabşyryklarymy berjaý ediň. 2 Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurduna girmek üçin Iordandan geçeniňizde, ullakan daşlary goýuň-da, olara hek çalyň+. 3 Şol daşlara Kanundaky sözleri ýazyň. Siz derýadan geçip, Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurduna, ata-babalaryňyzyň Hudaýy Ýehowanyň wada berişi ýaly, süýt bilen bal akýan ýurda bararsyňyz+. 4 Iordandan geçeniňizden soň, size tabşyryşym ýaly, daşlary Gewal dagynda+ goýuň-da, hek çalyň. 5 Şeýle-de Ýehowa Hudaýyňyz üçin daşdan gurbanlyk ojagyny* guruň, ýöne daşlara demir gural degirmäň+. 6 Ýehowa Hudaýyňyzyň gurbanlyk ojagyny ýonulmadyk daşlardan gurup, üstünde Ýehowa Hudaýyňyza ýakma gurbanlyklary hödürläň. 7 Şol ýerde parahatlyk gurbanlyklary+ hem hödürläp, olardan iýiň-de+, Ýehowa Hudaýyňyzyň huzurynda şatlanyň+. 8 Kanundaky sözleri daşlaryň ýüzüne düşnükli edip ýazyň»+.
9 Soňra Musa bilen lewi ruhanylary halka ýüzlenip: «Ysraýyllar, üns beriň*, diňläň! Indi siz Ýehowa Hudaýyňyzyň halky bolduňyz+. 10 Şonuň üçin Ýehowa Hudaýyňyza gulak asyp, men arkaly berýän tabşyryklaryny+, kanunlaryny berjaý ediň» diýdiler.
11 Şol gün Musa halka şeýle tabşyryk berdi: 12 «Iordandan geçeniňizde, şimgon, lewi, ýahuda, ysahar, ýusup, benýamin taýpalary halka alkyş okamak* üçin Gerizim dagynda+ dursun. 13 Ruben, gad, aşer, zebulun, dan, naftaly taýpalary bolsa gargyş okamak üçin Gewal dagynda+ dursun. 14 Lewiler batly ses bilen ähli ysraýyllara şeýle diýsin+:
15 „Ýehowa ynsan* eli bilen ýasalan oýma+ we guýma butlary+ ýigrenýändir+. But ýasan we ony gizläp saklan adama nälet bolsun!“ Bütin halk: „Omyn!“* diýip jogap bersin.
16 „Ene-atasyny äsgermeýäne nälet bolsun!“+ Bütin halk: „Omyn!“ diýsin.
17 „Goňşusynyň araçägini süýşürene nälet bolsun!“+ Bütin halk: „Omyn!“ diýsin.
18 „Köri azaşdyrana nälet bolsun!“+ Bütin halk: „Omyn!“ diýsin.
19 „Gelmişege, ýetime we dul aýala+ adalatsyzlyk edene nälet bolsun!“+ Bütin halk: „Omyn!“ diýsin.
20 „Kakasynyň namysyny depeläp, onuň aýalyna ýanaşan* adama nälet bolsun!“+ Bütin halk: „Omyn!“ diýsin.
21 „Haýwana ýanaşan adama nälet bolsun!“+ Bütin halk: „Omyn!“ diýsin.
22 „Atabir ýa enebir uýasyna ýanaşan adama nälet bolsun!“+ Bütin halk: „Omyn!“ diýsin.
23 „Gaýynenesine ýanaşan adama nälet bolsun!“+ Bütin halk: „Omyn!“ diýsin.
24 „Bilgeşleýin* adam öldürene nälet bolsun!“+ Bütin halk: „Omyn!“ diýsin.
25 „Bigünä adamy öldürmek üçin pul* alana nälet bolsun!“+ Bütin halk: „Omyn!“ diýsin.
26 „Kanundaky tabşyryklary berjaý etmedik adama nälet bolsun!“+ Bütin halk: „Omyn!“ diýsin.