Ýuşa
16 Ýusubyň nesliniň+ bijesine+ Ýerihonyň golaýyndaky Iordan derýasyndan tä Ýerihon çeşmesiniň günortasyna çenli, Ýerihonyň garşysyndaky çölden Beýteliň+ daglygyna çenli aralyk düşdi. 2 Olaryň mülki Luzuň golaýyndaky Beýtelden arhytlaryň serhedi Atarota çenli uzalýardy. 3 Soňra günbatara, ýafletleriň we aşaky Beýthoronyň+ serhedine, Gezere+ çenli uzalyp, deňizde gutarýardy.
4 Şeýlelikde, Ýusubyň neslinden+ manaşa bilen efraýym taýpasyna mülk berildi+. 5 Efraýym taýpasyna tirelerine görä berlen mülküň serhedi şulardyr: gündogar serhedi Atarot-addardan+ başlap, ýokarky Beýthorona+ 6 we deňze çenli uzalýardy. Mikmetat+ olaryň demirgazyk serhedidi. Soňra serhet gündogara, Tanat-şylo tarap aýlanyp, Ýanowanyň üstünden geçýärdi. 7 Ýanowadan aşaklygyna Atarota we Nara çenli uzalyp, Ýerihona+ we Iordan derýasyna baryp ýetýärdi. 8 Serhet Tapuwdan+ günbatara, Kanah jülgesine tarap uzalyp, deňizde gutarýardy+. Şol aralyk efraýym taýpasyna tirelerine görä mülk edip paýlandy. 9 Efraýymlaryň manaşa taýpasynyň arasynda-da şäherleri we obalary bardy+.
10 Emma olar Gezerde ýaşaýan kenganlary kowmadylar+. Şol sebäpli kenganlar häzirem efraýymlaryň arasynda gul bolup ýaşaýar+.