Serdarlar
18 Şol döwürde Ysraýylyň patyşasy ýokdy+. Dan taýpasy+ ýaşar ýaly ýer gözleýärdi. Sebäbi şol wagta çenli ysraýyl taýpalarynyň arasynda olara mülk paýy berilmändi+.
2 Danlar öz taýpasyndan, Zora bilen Eştawoldan+ bäş edermen adama: «Baryň, ýurdy gözden geçiriň» diýip ugratdylar. Olar Efraýymyň daglarynda ýaşaýan Mikaýyň+ öýüne baryp, gijäni geçirdiler. 3 Olar Mikaýyň öýünde bolýan ýaş lewini gepleýşinden tanap, ýanyna bardylar-da: «Seni kim getirdi? Bärde näme edýärsiň? Näme işläp ýörsüň?» diýip soradylar. 4 Ýigit: «Mikaý meni hakyna tutup, ruhanysy etdi» diýip jogap berdi+. 5 Olar: «Işimiziň ugruna boljagyny-bolmajagyny Hudaýdan sorap beräý» diýdiler. 6 Ruhany: «Arkaýyn gidiberiň, Ýehowa siziň bilen bolar» diýdi.
7 Bäş adam ol ýerden gaýdyp, Laýyşa+ geldi. Laýyşyň ilaty sidonlylar ýaly özbaşyna ýaşaýardy. Laýyşlylar parahat we asuda halkdy+. Olara azar berýän, üstüne çozýan adam ýokdy. Olar Sidondan uzakdady, hiç kim bilen gatnaşmaýardy.
8 Içalylar Zora bilen Eştawola+ dolanyp gelende, ildeşleri olardan: «Näme habar?» diýip soradylar. 9 Olar: «Ýurduň mes toprakly ýerleri bar eken. Ýaýdanyp durmalyň, tizräk baryp eýe çykalyň. 10 Ol ýurt giň we halky asuda+ ýaşaýar. Hudaý ýurdy elimize berer. Ol ýerde dünýäniň ähli baýlygy, näz-nygmaty bar»+ diýdiler.
11 Dan taýpasyndan 600 adam eline ýarag alyp, Zoradan we Eştawoldan+ ýola düşdüler. 12 Olar Ýahudadaky Kirýat-ýegarimiň+ günbatarynda düşelge gurdular. Şol sebäpli ol ýere henize çenli Mahan-dan*+ diýilýär. 13 Soňra olar Efraýymyň daglarynda ýaşaýan Mikaýyň öýüniň golaýyna bardylar+.
14 Laýyş+ topragyny gözden geçirmäge giden bäş adam ildeşlerine: «Bilýäňizmi, şol öýde öňlük*, guýma, oýma we maşgala butlary* bar+. Olary näme ederis?» diýdiler. 15 Soňra olar Mikaýyň öýünde ýaşaýan lewiniň+ ýanyna baryp, hal-ahwalyny soradylar. 16 Dan taýpasyndan eli ýaragly 600 adam+ derwezäniň agzynda durdy. 17 Ýurdy görmäge gelen bäş adam+ öňlügi+, oýma, guýma we maşgala butlaryny+ almaga bardylar. (Ruhany+ derwezäniň agzynda eli ýaragly 600 adamyň ýanynda durdy). 18 Olar Mikaýyň öýüne girip, öňlügi, oýma, guýma we maşgala butlaryny alanlarynda, ruhany: «Näme edýärsiňiz?» diýdi. 19 Olar: «Ýuwaş, sesiňi çykarma. Ýör, biziň bilen git, maslahatçymyz* we ruhanymyz bol. Diňe bir adama ruhany bolmak+ gowumy ýa-da Ysraýylyň bir tiresine, hatda tutuş taýpasyna ruhany bolmak gowumy?»+ diýdiler. 20 Olaryň sözi ruhanynyň göwnünden turdy. Ol öňlügi, oýma we maşgala butlaryny+ alyp, olaryň yzyna düşdi.
21 Olar çagalaryny, mal-garasyny we gymmatbaha zatlaryny alyp ýola düşdüler. 22 Olar Mikaýyň öýünden uzaklaşanda, Mikaýyň goňşy-golamlary ýygnanyşyp, danlaryň yzyndan kowalap başlady. 23 Olar danlaryň yzyndan gygyrdylar. Danlar bolsa Mikaýa: «Näme boldy? Adamlary nämä üýşürdiň?» diýdiler. 24 Ol: «Siz meniň ruhanymy, ýasan taňrylarymy alyp gitdiňiz. Mende hiç zat goýman „Näme boldy?“ diýip soraýaňyzmy?» diýdi. 25 Danlar: «Sesiňe bat berme, ýogsam gaharymyz gelse, seni-de, öý-içeriňi-de öldüreris» diýip jogap berdiler. 26 Danlar öz ýollary bilen gitdiler. Mikaý hem olaryň güýçlüdigini görüp, öýüne dolandy.
27 Olar Mikaýyň ýasan butlaryny we ruhanysyny alyp, Laýyşa+ tarap gitdiler. Olar Laýyşyň asuda we aladasyz ýaşaýan halkyny+ gylyçdan geçirdiler, şäheri bolsa otladylar. 28 Olaryň dadyna hiç kim ýetişmedi, sebäbi Sidondan uzakda ýaşaýardylar we hiç kim bilen gatnaşmaýardylar. Söweş Beýt-rehop+ jülgesinde bolup geçdi. Danlar şäheri täzeden gurup, ýaşap başladylar. 29 Şeýle-de olar atalary, Ysraýyl ogly Danyň+ hatyrasyna şäheriň adyna Dan+ goýdular. Şäheriň öňki ady Laýyşdy+. 30 Danlar oýma butlaryny+ getirip goýdular. Musanyň ogly Gerşomyň+ neslinden Ýonatan+ we onuň ogullary halk sürgün edilýänçä dan taýpasyna ruhany bolup gulluk etdiler. 31 Olar Mikaýyň ýasan oýma butuny dikdiler. Hak Hudaýyň çadyry bolsa Şilodady+.