Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Şamuwel 19
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Şamuwel kitabynyň mazmuny

      • Şawulyň Dawuda ýigrenji (1—13)

      • Dawut Şawuldan gaçýar (14—24)

1 Şamuwel 19:1

Parallel aýatlar

  • +1Şm 18:9; Nak 27:4

1 Şamuwel 19:2

Parallel aýatlar

  • +1Şm 18:1; Nak 18:24

1 Şamuwel 19:3

Parallel aýatlar

  • +1Şm 20:9, 13; Nak 17:17

1 Şamuwel 19:4

Parallel aýatlar

  • +1Şm 22:14

1 Şamuwel 19:5

Parallel aýatlar

  • +1Şm 17:49
  • +1Şm 20:32

1 Şamuwel 19:7

Parallel aýatlar

  • +1Şm 16:21; 18:2, 13

1 Şamuwel 19:9

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: Şawulyň üstüne Ýehowadan gelen zalym ruh indi.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 16:14
  • +1Şm 18:10, 11

1 Şamuwel 19:11

Parallel aýatlar

  • +Zb 59:sözbaşy; 59:3

1 Şamuwel 19:13

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň: Maşgala butlary.

1 Şamuwel 19:15

Parallel aýatlar

  • +1Şm 18:9

1 Şamuwel 19:17

Parallel aýatlar

  • +1Şm 18:29

1 Şamuwel 19:18

Parallel aýatlar

  • +1Şm 7:15, 17
  • +1Şm 20:1

1 Şamuwel 19:22

Parallel aýatlar

  • +1Şm 19:18

1 Şamuwel 19:24

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: içki eşiginde.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 10:11

Umumy salgylar

1 Şam. 19:11Şm 18:9; Nak 27:4
1 Şam. 19:21Şm 18:1; Nak 18:24
1 Şam. 19:31Şm 20:9, 13; Nak 17:17
1 Şam. 19:41Şm 22:14
1 Şam. 19:51Şm 17:49
1 Şam. 19:51Şm 20:32
1 Şam. 19:71Şm 16:21; 18:2, 13
1 Şam. 19:91Şm 16:14
1 Şam. 19:91Şm 18:10, 11
1 Şam. 19:11Zb 59:sözbaşy; 59:3
1 Şam. 19:151Şm 18:9
1 Şam. 19:171Şm 18:29
1 Şam. 19:181Şm 7:15, 17
1 Şam. 19:181Şm 20:1
1 Şam. 19:221Şm 19:18
1 Şam. 19:241Şm 10:11
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
Mukaddes Kitap
1 Şamuwel 19:1—24

1 Şamuwel

19 Soňra Şawul ogly Ýonatana we emeldarlaryna Dawudy öldürjekdigini aýtdy+. 2 Şawulyň ogly Ýonatan Dawudy juda gowy görýärdi+. Ol Dawuda: «Kakam seni öldürjek bolýar. Seresap bol, ertir irden bir çola ýere git-de, gizlen. 3 Men kakam bilen şol töwereklere baryp, sen hakda gepleşip göreýin. Bir zat bildigim, hökman habar ederin»+ diýdi.

4 Ýonatan kakasynyň ýanynda Dawudy öwüp+, şeýle diýdi: «Şa hezretleri, guluň Dawuda ýamanlyk etme, sebäbi Dawutdan hiç hili ýamanlyk görmediň. Ol elinden gelse, saňa diňe ýagşylyk etdi. 5 Janyny orta goýup, piliştli pälwany öldürdi+. Şonda Ýehowa Ysraýyla uly ýeňiş beripdi, senem muňa begenipdiň. Indi sebäpsiz ýere Dawudy öldürip, bigünä adamyň ganyna galjak bolýaňmy?»+ 6 Şawul ogluny diňläp: «Ýehowa diri şaýatdyr, Dawudy öldürmerin» diýip ant içdi. 7 Ýonatan Dawudy çagyryp, bolan zatlary gürrüň berdi. Soňra Dawudy Şawulyň ýanyna äkitdi. Dawut ýene-de patyşa hyzmat edip başlady+.

8 Birnäçe wagtdan ýene uruş turdy. Dawut piliştliler bilen söweşip, olary derbi-dagyn etdi, diri galanlary bolsa gaçyp gitdi.

9 Bir gün Ýehowa Şawuly ynjalykdan gaçyrdy*+. Şol wagt Şawul öýünde eli naýzaly otyrdy+, Dawut bolsa arfa çalýardy. 10 Şawul naýzasyny zyňyp, Dawudy diwara çüýlejek boldy, emma ol sowlup ýetişdi, naýza-da diwara çümdi. Dawut şol gije gaçyp, başyny gutardy. 11 Şawul nökerlerini iberip, Dawudyň öýüni garawullamagy we irden öldürmegi tabşyrdy+. Aýaly Mihal Dawuda: «Şu gije başyňy gutarmasaň, ertir seni öldürerler» diýdi. 12 Ol Dawudy penjireden aşak düşürip, gaçyryp goýberdi. 13 Soňra bir buty* düşekde goýdy-da, kelle tarapyna geçi ýüňünden ýapynja goýup, üstüne eşik ýapdy.

14 Şawul nökerlerine Dawudy tutup getirmegi buýurdy. Emma Mihal olara: «Ol syrkaw ýatyr» diýip goýberdi. 15 Şawul nökerlerini ýene-de Dawudyň ýanyna iberip: «Düşekde ýatan bolsa-da, alyp gaýdyň! Onuň damagyny çalaryn!»+ diýdi. 16 Baryp görseler, düşege bir but salnypdyr, kelle tarapyna-da geçi ýüňünden ýapynja goýlan eken. 17 Şawul Mihala: «Meni aldap, duşmanymy+ näme üçin gaçyryp goýberdiň?» diýdi. Mihal bolsa: «Dawut maňa: „Eger goýbermeseň, öldürerin“ diýdi» diýip jogap berdi.

18 Dawut gaçyp, başyny gutardy. Ol Rama+ Şamuweliň ýanyna baryp, Şawulyň eden zatlaryny gürrüň berdi. Soňra Şamuwel ikisi gidip, Naýotda+ ýaşadylar. 19 Biraz wagtdan Şawula: «Dawut Ramadaky Naýotda ýaşap ýör» diýip habar berdiler. 20 Ol Dawudy ele salmak üçin nökerlerini iberdi. Şawulyň nökerleri pygamberlik edýän ýaşululara duşdular. Olara Şamuwel baştutanlyk edýän eken. Şonda nökerlere-de Hudaýyň ruhy inip, özlerini pygamber ýaly alyp bardylar.

21 Muny Şawula habar berenlerinde, ol dessine başga nökerleri iberdi. Ýöne olaram özlerini pygamber ýaly alyp bardylar. Ol üçünji gezek nökerlerini iberdi, olaram özlerini pygamber ýaly alyp bardylar. 22 Ahyrsoňy Şawulyň özi Rama gitdi. Sekuwdaky uly howdana ýetip: «Şamuwel bilen Dawut nirede?» diýip soranda, adamlar: «Ramadaky Naýotda»+ diýdiler. 23 Ramadaky Naýota barýarka, Şawula-da Hudaýyň ruhy indi. Ol Naýota ýetýänçä, özüni pygamber ýaly alyp bardy. 24 Şawul hem beýlekiler ýaly egin-eşigini çykaryp, Şamuweliň öňünde özüni pygamber ýaly alyp bardy. Şol gün ol gijesi bilen ýarym-ýalaňaç bolup* ýatdy. «Şawulam pygamber bolupdyrmy?»+ diýen sözler şondan galypdy.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş