Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Şamuwel 14
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Şamuwel kitabynyň mazmuny

      • Ýowap bilen tekoýaly aýal (1—17)

      • Dawut Ýowabyň hilesiniň üstüni açýar (18—20)

      • Abselimiň yzyna getirilmegi (21—33)

2 Şamuwel 14:1

Parallel aýatlar

  • +2Şm 2:18; 1Tr 2:15, 16
  • +2Şm 13:39; 18:33; 19:2

2 Şamuwel 14:2

Parallel aýatlar

  • +2Tr 11:5, 6; 20:20; Ams 1:1
  • +Nes 9:8; Dan 10:3

2 Şamuwel 14:7

Çykgytlar

  • *

    Ýagny nesli dowam etdirjek soňky perzendi öldürmek.

Parallel aýatlar

  • +4Ms 35:19; 5Ms 19:11, 12

2 Şamuwel 14:11

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: ar alýan.

Parallel aýatlar

  • +4Ms 35:19, 27; 5Ms 19:6
  • +5Ms 6:13; Nes 8:4

2 Şamuwel 14:13

Parallel aýatlar

  • +2Şm 13:38
  • +2Ms 19:5; 4Ms 6:27

2 Şamuwel 14:16

Parallel aýatlar

  • +2Şm 14:2, 7

2 Şamuwel 14:19

Parallel aýatlar

  • +2Şm 14:1—3

2 Şamuwel 14:21

Parallel aýatlar

  • +2Şm 14:13
  • +2Şm 13:38

2 Şamuwel 14:23

Parallel aýatlar

  • +5Ms 3:14; 2Şm 3:3; 13:37

2 Şamuwel 14:26

Çykgytlar

  • *

    Köşgüň agyrlyk ölçegi göz öňünde tutulýan bolmaly. Köşk şekeliniň agramy adaty şekelden tapawutlanýardy.

  • *

    Takmynan 2,3 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.

2 Şamuwel 14:27

Parallel aýatlar

  • +2Şm 18:18

2 Şamuwel 14:28

Parallel aýatlar

  • +2Şm 14:24

2 Şamuwel 14:32

Parallel aýatlar

  • +2Şm 14:23

2 Şamuwel 14:33

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: ogşady.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 45:15

Umumy salgylar

2 Şam. 14:12Şm 2:18; 1Tr 2:15, 16
2 Şam. 14:12Şm 13:39; 18:33; 19:2
2 Şam. 14:22Tr 11:5, 6; 20:20; Ams 1:1
2 Şam. 14:2Nes 9:8; Dan 10:3
2 Şam. 14:74Ms 35:19; 5Ms 19:11, 12
2 Şam. 14:114Ms 35:19, 27; 5Ms 19:6
2 Şam. 14:115Ms 6:13; Nes 8:4
2 Şam. 14:132Şm 13:38
2 Şam. 14:132Ms 19:5; 4Ms 6:27
2 Şam. 14:162Şm 14:2, 7
2 Şam. 14:192Şm 14:1—3
2 Şam. 14:212Şm 14:13
2 Şam. 14:212Şm 13:38
2 Şam. 14:235Ms 3:14; 2Şm 3:3; 13:37
2 Şam. 14:272Şm 18:18
2 Şam. 14:282Şm 14:24
2 Şam. 14:322Şm 14:23
2 Şam. 14:331Ms 45:15
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
Mukaddes Kitap
2 Şamuwel 14:1—33

Ikinji Şamuwel

14 Seruýanyň ogly Ýowap+ Dawut patyşanyň Abselimi göresi gelýänini+ bildi. 2 Ol Tekoýa galasyna+ adam iberip, bir akylly aýaly getirtdi. Ýowap: «Biriniň ýasyny tutýan ýaly, ýas eşiklerini geý⁠-⁠de, ýag çalynma+. Köp wagtdan bäri ýas tutýan kişi bolup, 3 patyşanyň ýanyna bar⁠-⁠da, şeý diý» diýip, aýtmaly zatlaryny öwretdi.

4 Tekoýaly aýal patyşanyň huzuryna baryp, dyza çökdi⁠-⁠de: «Patyşahym, kömek ediň!» diýdi. 5 Patyşa: «Näme boldy?» diýip sorady. Aýal: «Wah, men bir dul aýal. 6 Iki oglum bardy. Bir gün olar urşupdyrlar. Aralamaga hiç kim bolmansoň, biri beýlekisini öldüripdir. 7 Indi bolsa garyndaşlarym maňa: „Doganyny öldüren ogluňy elimize ber. Maşgalaň mirasdüşersiz galýanam bolsa, ogluňy öldürjek, ol doganynyň ganyna galdy!“+ diýýärler. Olar meniň ýekeje oglumy hem öldürip, ojagymyň oduny söndürjek* bolýarlar. Olar ärimiň adyny ýagty jahandan öçürip taşlajak bolýarlar!» diýdi.

8 Patyşa: «Arkaýyn gidiber, meseläňi çözüp bererin» diýdi. 9 Şonda tekoýaly aýal: «Patyşahym, oglumyň günäsi meniň we atamyň öýünde bolsun! Munda şa hezretleriniň ýa öýüniň hiç hili günäsi ýokdur» diýdi. 10 Patyşa: «Biri bir zat diýäýse, ýanyma getir, gaýdyp adyňy tutmaz ýaly ederin» diýdi. 11 Aýal bolsa: «Patyşahym, onda Ýehowa Hudaýyňyzdan ant içiň, ýogsam gan algyly* garyndaşym+ oglumy öldürip, derdime dert goşar» diýdi. Şonda patyşa: «Ýehowa diri şaýatdyr+, ogluň saçynyň ýekeje tary hem gaçmaz» diýdi. 12 Aýal: «Rugsat berseňiz, gyrnagyňyz ýene bir zat aýtmakçy» diýdi. Patyşa: «Aýdyber!» diýdi.

13 Şonda aýal: «Patyşahym, siz ogluňyzy ýurtdan kowduňyz, indi hem yzyna getirmän+, ýaňky aýdanlaryňyza garşy gidýäňiz. Hudaýyň halkyny+ horlamak nämä gerek? 14 Suwuň ýere dökülip, siňip gidişi ýaly, biz hem dünýäden öter gideris. Hudaý hiç kimiň janyny alýan däldir, gaýtam kowlan bendäni yzyna getirmäge mümkinçilik gözleýändir. 15 Il⁠-⁠günden çekinip, derdimi patyşa aýtmaly boldum. Men: „Patyşa arzymy aýdaýyn, belki, gyrnagynyň haýyşyny bitirer. 16 Sözümi diňläp, meni we ýalňyz oglumy Hudaýyň mirasyndan mahrum etjek bolýanlardan halas eder“+ diýip pikir etdim. 17 „Patyşa ýüregime giňlik berer“ diýdim, sebäbi şa hezretleri hak Hudaýyň perişdesi ýaly, ýagşy⁠-⁠ýamany saýgaryp bilýändir. Patyşahym, goý, Ýehowa Hudaý sizi goldasyn!» diýdi.

18 Patyşa: «Bir zat soraýyn welin, dogryňy aýt» diýdi. Aýal: «Soraberiň, patyşahym!» diýdi. 19 Şonda ol: «Şu zatlary Ýowap aýtdyrýan⁠-⁠a däldir?»+ diýip sorady. Aýal bolsa: «Patyşahym, janyňyzdan ant içýärin, edil aýdyşyňyz ýaly, meni guluňyz Ýowap iberdi. Ol aýtmaly sözlerimi öwretdi. 20 Guluňyz Ýowap meselä başga tarapdan seretdirjek bolýar. Ýöne patyşahym hak Hudaýyň perişdesi ýaly paýhaslydyr, ýurtda bolýan ähli zatdan habarlydyr» diýip jogap berdi.

21 Soňra patyşa Ýowaba: «Goý, seniň diýeniň bolsun+. Git⁠-⁠de, oglum Abselimi getir»+ diýdi. 22 Ýowap dyza çöküp, tagzym etdi⁠-⁠de, patyşa alkyş okap: «Patyşahym, bu gün guluňyz göwnüňizden turup bildi, şa hezretleri gulunyň haýyşyny bitirdi» diýdi. 23 Soňra Ýowap Geşura+ gidip, Abselimi Iýerusalime alyp gaýtdy. 24 Ýöne patyşa: «Göni öýüne gitsin. Men onuň bilen görüşjek däl» diýdi. Abselim hem patyşanyň huzuryna barman, öýüne gitdi.

25 Tutuş Ysraýylda Abselim ýaly görmegeý ýigit ýokdy, depesinden dabanyna çenli onuň ýekeje⁠-⁠de kem ýeri ýokdy. 26 Ol her ýylyň ahyrynda saçyny gyrkdyrardy, sebäbi saçy kellesine agram salýardy. Gyrkylan saçyny köşgüň terezi daşynda* ölçänlerinde, 200 şekel* bolýardy. 27 Abselimiň üç ogly+ we Tamar atly owadan gyzy bardy.

28 Abselimiň Iýerusalime gelenine iki ýyl boldy, ýöne ol henizem kakasyny görmändi+. 29 Ol Ýowaby ýanyna çagyryp, patyşa bilen gepleşip bermegi haýyş etjek boldy, emma Ýowap gelmedi. Abselim ýene çagyrtdy, Ýowap şonda⁠-⁠da gelmedi. 30 Ahyry Abselim hyzmatkärlerine: «Meniň ekinimiň gapdalynda Ýowabyň arpaly meýdany bar. Gidiň⁠-⁠de, şony otlaň» diýdi. Olar hem Ýowabyň ekin meýdanyny otladylar. 31 Ýowap Abselimiň öýüne gelip: «Hyzmatkärleriň näme üçin ekinimi otlady?» diýdi. 32 Şonda Abselim: «Näçe çagyrsamam gelmediň. Seni patyşanyň ýanyna iberip: „Meni Geşurdan näme üçin getirtdiň?+ Şol ýerde galan bolsam gowy bolardy. Şa hezretleri didaryny görmäge rugsat etsin. Ýazygym bolsa⁠-⁠da, meni öldürsin“ diýdirjek boldum» diýdi.

33 Ýowap Abselimiň habaryny Dawut patyşa ýetirdi. Ol hem Abselimi çagyrdy. Abselim Dawut patyşanyň huzuryna gelende, ýüzüni ýere berip, tagzym etdi. Patyşa ogluny gujaklady*+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş