Ikinji Korinfliler
4 Hudaýyň bize rehim edip, şeýle gullugy ynanandygy üçin elimizi gowşatmaýarys. 2 Ýöne biz gizlinlikde edilýän utanç-haýasyz işlere baş goşmaýarys, mekirlik etmeýäris. Hudaýyň sözüni ýoýman, hakykaty öwredýäris+. Hudaýyň öňünde ähli adamlaryň ynsabyny göz öňünde tutup, görelde görkezýäris+. 3 Biziň wagyz edýän hoş habarymyz diňe heläk boljak adamlar üçin mata bilen ýapylandyr. 4 Sebäbi şu dünýäniň* taňrysy+ iman etmeýän adamlaryň aň-düşünjesini küteldendir+. Ol Hudaýyň keşbinde ýaradylan Mesih+ hakdaky ajaýyp hoş habaryň nur saçmagyny islemeýär+. 5 Biz wagyzda özümiz hakda däl-de, Isa Mesihiň Halypamyzdygy hakda gürrüň berýäris. Şeýle-de Isanyň hatyrasy üçin size hyzmat edýändigimizi aýdýarys. 6 Sebäbi: «Garaňkylykda nur saçsyn»+ diýen Hudaý ýüreklerimizi ýagtylandyryp+, Mesih* arkaly Özi hakdaky ajaýyp bilim bilen şöhratlandy.
7 Biz toprakdan ýaradylsak-da+, gymmatly hazyna ynanyldy+, şonuň üçin gullugymyzy öz güýjümiz bilen däl-de, Hudaýyň güýji bilen ýerine ýetirýäris.+ 8 Bizi her tarapdan gysyp-gowursalar-da, güýçden gaçmadyk. Biz aljyraňňy ýagdaýa düşsek-de, çykalgasyz ýagdaýda* däldiris+. 9 Biz yzarlansak-da, ýeke galmadyk+. Bizi urup-ýençseler-de, heläk bolmadyk+. 10 Isanyň ýaşaýşy durmuşymyzda görner ýaly, Isa ýaly hemişe görgi görüp, ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýarys+. 11 Biz ýaşasak-da, Isanyň hatyrasy üçin janymyzy howp astyna salýarys+. Adamlar hem biziň Isa ýaly görgi görýändigimizi görýärler. 12 Sizi ýaşaýşa gowşurmak üçin, biz ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýarys.
13 «Men iman bilen gepledim»+ diýip ýazylyşy ýaly, biz hem siziň imanyňyz üçin iman* bilen gepleýäris. 14 Isany direlden Hudaýyň bizi-de direldip, ählimizi Isanyň ýanyna eltjekdigini bilýäris+. 15 Ähli zat siziň üçin edilýär. Adamlar Hudaýa alkyş* aýdyp, şöhratlandyrar ýaly, Hudaý olara köp ýagşylyk edýär+.
16 Şeýlelikde, beden garrasa-da, içki dünýämiz günsaýyn täzelenýär, şonuň üçin ruhdan düşmeýäris. 17 Biziň häzirki görýän kynçylyklarymyz wagtlaýyn hem ýeňildir, ýöne şolar arkaly deňsiz-taýsyz we ebedi şöhrata ýeteris+. 18 Biz görünýän zatlara däl-de, görünmeýän zatlara seredýäris+, sebäbi görünýän zatlar wagtlaýyn, görünmeýän zatlar bolsa bakydyr.