Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Maskil. Dawudyň aýdymy. Dawut Agamäligiň öýünde. Edomly Döwek muny Şawula habar berýär+.
52 Hudaýyň söýgüsi ebedi dowam edýär+.
Eý pälwan, zalymlygyňa näme üçin öwünýärsiň?+
2 Päliýamansyň, hilegärsiň+,
Diliň päki kimin ýitidir+.
3 Ýagşylykdan ýamany,
Hakykatdan ýalany has köp söýýärsiň. (Sela)
4 Eý hilegär dil,
Zäherli sözleri söýýärsiň.
5 Alla seni ebedilik ýok eder+,
Ýakaňdan tutup, çadyryňdan süýräp çykarar+.
Ýagty jahandan sogrup taşlar+. (Sela)
6 Dogruçyllar muny görüp, haýran galar+,
Zalymyň üstünden gülüp+ diýer:
7 «Ol Hudaýy pena edinmedi+,
Mal-mülküne guwandy+,
Zalymlygyna daýandy».
8 Men Hudaýyň öýünde uly zeýtun agajy kimin bolaryn,
Hudaýyň ýagşylygyna ebedi bil baglaryn+.
9 Eden işleriň üçin seni baky şöhratlandyraryn+,
Wepaly gullaryň ýanynda
Ýagşy adyňa umyt baglaryn+.