Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Şamuwel 30
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Şamuwel kitabynyň mazmuny

      • Amalekleriň Ziklaga çozmagy we otlamagy (1—6)

        • Dawut Hudaýdan teselli tapýar (6)

      • Dawudyň amalekleri gyrmagy (7—31)

        • Dawut ýesirleri azat edýär (18, 19)

        • Olja paýlaşmak hakda Dawudyň düzgüni (23, 24)

1 Şamuwel 30:1

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: günorta. Ýahudanyň günorta tarapy göz öňünde tutulýar.

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 15:21, 31; 1Şm 27:5, 6
  • +1Ms 36:12; 2Ms 17:14; 1Şm 15:2; 27:8

1 Şamuwel 30:2

Parallel aýatlar

  • +1Şm 27:3

1 Şamuwel 30:5

Parallel aýatlar

  • +1Şm 25:42, 43

1 Şamuwel 30:6

Parallel aýatlar

  • +Zb 18:6; 31:1, 9; 34:19; 143:5

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi (Ýygnak üçin)»,

    4/2022, sah. 2

1 Şamuwel 30:7

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 22:20; 1Pa 2:26
  • +1Şm 23:9

1 Şamuwel 30:8

Parallel aýatlar

  • +4Ms 27:21; Ser 20:28; 1Şm 23:2, 11; 28:6
  • +1Şm 30:18; Zb 34:19

1 Şamuwel 30:9

Parallel aýatlar

  • +1Şm 23:13; 27:2

1 Şamuwel 30:10

Parallel aýatlar

  • +1Şm 30:21

1 Şamuwel 30:12

Çykgytlar

  • *

    Kak edilen injir göz öňünde tutulýar.

1 Şamuwel 30:14

Parallel aýatlar

  • +2Şm 8:18; 1Pa 1:38; 1Tr 18:17; Hyz 25:16; Sep 2:5
  • +Ýuş 14:13

1 Şamuwel 30:17

Parallel aýatlar

  • +2Ms 17:14

1 Şamuwel 30:18

Parallel aýatlar

  • +1Şm 30:3

1 Şamuwel 30:19

Parallel aýatlar

  • +1Şm 30:8; Zb 34:19

1 Şamuwel 30:21

Parallel aýatlar

  • +1Şm 30:10

1 Şamuwel 30:23

Parallel aýatlar

  • +1Şm 30:8

1 Şamuwel 30:24

Parallel aýatlar

  • +1Şm 30:10
  • +4Ms 31:27; Ýuş 22:8; Zb 68:12

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar»,

    5/2022, sah. 2

1 Şamuwel 30:26

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: bereket.

1 Şamuwel 30:27

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Negepde ýerleşýän.

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 19:4, 8
  • +Ýuş 15:20, 48; 21:8, 14

1 Şamuwel 30:28

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 15:20, 50; 21:8, 14

1 Şamuwel 30:29

Parallel aýatlar

  • +1Şm 27:10; 1Tr 2:9
  • +Ser 1:16; 1Şm 15:6

1 Şamuwel 30:30

Parallel aýatlar

  • +4Ms 21:3; Ýuş 19:1, 4; Ser 1:17

1 Şamuwel 30:31

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 14:13; 2Şm 2:1

Umumy salgylar

1 Şam. 30:1Ýuş 15:21, 31; 1Şm 27:5, 6
1 Şam. 30:11Ms 36:12; 2Ms 17:14; 1Şm 15:2; 27:8
1 Şam. 30:21Şm 27:3
1 Şam. 30:51Şm 25:42, 43
1 Şam. 30:6Zb 18:6; 31:1, 9; 34:19; 143:5
1 Şam. 30:71Şm 22:20; 1Pa 2:26
1 Şam. 30:71Şm 23:9
1 Şam. 30:84Ms 27:21; Ser 20:28; 1Şm 23:2, 11; 28:6
1 Şam. 30:81Şm 30:18; Zb 34:19
1 Şam. 30:91Şm 23:13; 27:2
1 Şam. 30:101Şm 30:21
1 Şam. 30:142Şm 8:18; 1Pa 1:38; 1Tr 18:17; Hyz 25:16; Sep 2:5
1 Şam. 30:14Ýuş 14:13
1 Şam. 30:172Ms 17:14
1 Şam. 30:181Şm 30:3
1 Şam. 30:191Şm 30:8; Zb 34:19
1 Şam. 30:211Şm 30:10
1 Şam. 30:231Şm 30:8
1 Şam. 30:241Şm 30:10
1 Şam. 30:244Ms 31:27; Ýuş 22:8; Zb 68:12
1 Şam. 30:27Ýuş 19:4, 8
1 Şam. 30:27Ýuş 15:20, 48; 21:8, 14
1 Şam. 30:28Ýuş 15:20, 50; 21:8, 14
1 Şam. 30:291Şm 27:10; 1Tr 2:9
1 Şam. 30:29Ser 1:16; 1Şm 15:6
1 Şam. 30:304Ms 21:3; Ýuş 19:1, 4; Ser 1:17
1 Şam. 30:31Ýuş 14:13; 2Şm 2:1
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
Mukaddes Kitap
1 Şamuwel 30:1—31

1 Şamuwel

30 Üçünji gün diýlende, Dawut adamlary bilen Ziklaga+ geldi. Görseler, amalekler+ Negebe* we Ziklaga çozupdyr. Ziklagy ýer bilen ýegsan edip, otlapdyrlar. 2 Ýöne hiç kimi öldürmän, aýallary+, uludan-kiçä baryny ýesir alypdyrlar. 3 Dawut bilen adamlary gelip, şäheriň otlanandygyna, aýallaryň we çagalaryň ýesir äkidilendigine 4 ses edip aglaşdylar. Olar aglap-aglap güýçden gaçdylar. 5 Dawudyň iki aýaly: ýizregelli Aganogam bilen karmelli Nabalyň dul galan aýaly Abygaýyl hem ýesir alnypdy+. 6 Dawut halys tapdan düşdi, sebäbi ogul-gyzlaryndan aýra düşenine jany ýanyp duran adamlar ony daşlajak bolýardy. Emma Dawut Ýehowa Hudaýyndan teselli tapdy+.

7 Dawut Agamäligiň ogly Abyýatar+ ruhana: «Hany, öňlügi* getir»+ diýdi. Abyýatar öňlügi getirip berdi. 8 Dawut Ýehowadan+: «Talaňçylaryň yzyndan gideýinmi? Olary ele salyp bilerinmi?» diýip sorady. Hudaý: «Gidiber, olaryň yzyndan ýetip, ýesirleri azat edersiň»+ diýip jogap berdi.

9 Dawut haýal etmän 600 adamy+ bilen ýola düşdi. Besor jülgesine ýetenlerinde, adamlaryň käbiri şol ýerde galdy. 10 Dawut 400 adamy bilen talaňçylary kowalamagyny dowam etdi, 200 adam bolsa ýadap, Besor jülgesinden geçip bilmedi+.

11 Ýolda bir müsürlini tapyp, Dawudyň ýanyna getirdiler. Müsürlä suw, çörek, 12 injirli külçe*, iki sany kişmişli külçe berdiler. Ol iýip-içip, biraz özüne geldi, sebäbi üç günden bäri hiç zat datmandy. 13 Dawut: «Sen kimiň guly? Aslyň nireli?» diýip sorady. Ol: «Hojaýynym amaleklerden, özümem müsürli. Üç gün mundan öň syrkawlapdym, hojaýynym meni taşlap gitdi. 14 Biz keretleriň+ günortasyna, Ýahuda, Kalebiň+ günortasyna çozup, Ziklagy otlap gaýtdyk» diýdi. 15 Şonda Dawut: «Meni şol talaňçylaryň ýanyna äkidermiň?» diýdi. Ol: «Bolýar, ýöne meni öldürmejegiňe, hojaýynymyň eline bermejegiňe Hudaýyň adyndan ant iç» diýdi.

16 Şol müsürli Dawudy amalekleriň düşelgesine eltdi. Olar bolsa Pilişt ýurdundan we Ýahudadan köp olja alandyklaryna begenip, şadyhorramlyk edip otyrdylar. 17 Dawut daň atandan Gün ýaşýança olaryň baryny gyrdy. Düýeli gaçan 400 adamdan başga hiç kim diri galmady+. 18 Ol amalekleriň talan zatlaryny yzyna alyp+, iki aýalyny hem azat etdi. 19 Olaryň öý-içerisinden hiç kim, emläginden hiç zat kem çykmady. Ogul-gyzlaryny, mal-garalaryny alyp gaýtdylar+. Dawut olja alnan zatlarynyň baryny yzyna getirdi. 20 Ol amalekleriň mallaryny-da talap gaýtdy. Olary Dawudyň oljasy diýip, öz sürülerine goşup alyp gaýtdylar.

21 Soňra Dawut Besor jülgesinden+ geçip bilmedik 200 nökeriniň ýanyna bardy. Olar Dawudy we ýanyndakylary garşylamaga çykdylar. Dawut olar bilen görşüp, hal-ýagdaýlaryny sorady. 22 Emma Dawut bilen giden käbir päliýaman hem betnebis adamlar: «Olar biz bilen gitmedi, şonuň üçin oljadan hiç zat bermeris. Diňe aýallary bilen çagalaryny alyp gitsinler» diýdiler. 23 Dawut bolsa: «Doganlar, beýtmäň! Ähli zady Ýehowa berdi ahyryn. Ol üstümize dökülen talaňçylary elimize berip+, bizi halas etdi. 24 Siziň diýýäniňizi hiç kim makullamaz. Söweşe gidenlerem, goşda galanlaram deň paý alar+. Hemmelere deň paý berler»+ diýdi. 25 Şol günden soň Dawut muny Ysraýylda kanun we düzgün edip goýdy.

26 Dawut Ziklaga baryp, oljalardan käbir zatlary dostlaryna, ýagny Ýahuda ýaşulularyna iberip: «Ine, Ýehowanyň duşmanlaryndan alnan oljadan size paý* iberýärin!» diýdi. 27 Şeýlelikde, ol Beýtelde+, günorta* Ramotda, Ýaterde+, 28 Arogerde, Sipmotda, Eştemowada+, 29 Rakalda, ýerehmilleriň+ we kenleriň+ şäherlerinde, 30 Hormada+, Boraşanda, Atakda, 31 Hebronda+ ýaşaýan ýaşululara sowgat-serpaý iberdi. Dawut adamlary bilen şol ýerlerde bolupdy.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş