Ýermeýa
10 Eý Ysraýyl öýi, Ýehowanyň hökümini diňläň! 2 Ýehowa şeýle diýýär:
3 Halklaryň däp-dessurlary biderekdir.
Ussa tokaýdan getirilen agaja
Guraly bilen şekil berýär+.
5 Butlar hyýar meýdanyndaky garantga meňzeýärler, gepläp bilmeýärler+.
Butlar ýöräp bilmeýärler, olary göterip geçirýärler+.
Olardan gorkmaň, sebäbi olar ne erbetlik,
Ne-de ýagşylyk edip bilýärler»+.
6 Eý Ýehowa, saňa taý geljek ýokdur+.
Sen şan-şöhratlysyň, adyň beýik hem gudratlydyr.
7 Eý milletleriň Patyşasy+, senden gorkmajak barmy?
Sen hormata mynasypsyň.
Halklaryň we patyşalyklaryň akyldarlarynyň hiç biri
Saňa taý gelmez+.
8 Olaryň ählisi düşünjesiz hem akmak+.
Agaç butdan maslahat soraýan adam öz-özüni aldaýar+.
9 Ussalar we zergärler agajy bezemek üçin,
Tarşyşdan+ getirilen kümüş gaplary,
Upaz altynyny ulanýarlar.
Butlary gök ýüpek we badam reňkli ýüň bilen bezeýärler.
Butlar ussalaryň işidir.
10 Emma Ýehowa hak Hudaýdyr.
Ol Biribardyr+, ebedi Patyşadyr+.
Onuň gaharyndan ýer titreýär+,
Hiç bir millet gazabyna çydap bilmez.
11* Olara şuny aýt:
«Ýeri, gögi ýaratmadyk taňrylar,
Gök astyndan, ýer ýüzünden ýok ediler»+.
12 Alla gudraty bilen Ýeri,
Akyldarlygy bilen mes topragy ýaradandyr+,
Düşünjesi bilen gök gümmezini ýaýandyr+.
14 Bilimsiz adam akmaklyk edýändir,
15 Olar biderekdir, masgara bolar+,
Hasabat bermeli güni gelende hemmesi ýok ediler.
16 Ýakubyň Hudaýy* olara meňzeýän däldir.
Ol ähli zada şekil berendir,
Onuň ady Serkerdebaşy Ýehowadyr+.
17 Eý gabawda oturan aýal,
Goş-golamyňy ýygna.
18 Ýehowa şeýle diýýär:
«Men ýurduň ýaşaýjylaryny kowup çykararyn+,
Olary agyr güne salaryn».
19 Ýüregim dilim-dilim boldy+,
Indi derdime derman ýok.
Men diýdim: «Başyma gelen derdi egnim bilen çekmeli.
20 Çadyrym ýykylyp, ýüpleri üzüldi+.
Ogullarym meni taşlap gitdi, olar ýok indi+,
Çadyrymy dikmäge, matalaryny asmaga hiç kim galmady.
Şol sebäpli olar akmaklyk edip,
Ähli sürülerini dargatdylar»+.
22 Duşmanlar ýetip gelýär,
Demirgazykdan güýçli gürrüldili ses eşidilýär+.
Olar Ýahuda galalaryny harabalyga,
Şagallaryň sürenine öwrer+.
23 Ýehowa, bilýärin, adam ýörejek ýoluny saýlap bilmeýär,
Hatda nirä ädim ätjegini çözüp bilmeýär+.
25 Seni äsgermeýän milletleriň+,
Adyňy çagyrmaýan taýpalaryň başyna gazabyňy inder.