Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Şamuwel 4
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Şamuwel kitabynyň mazmuny

      • Işboşetiň ölümi (1—8)

      • Dawut ganhorlary öldürýär (9—12)

2 Şamuwel 4:1

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: ysgyn⁠-⁠mydary galmady.

Parallel aýatlar

  • +2Şm 3:27
  • +2Şm 2:8

2 Şamuwel 4:2

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 9:17; 18:21, 25

2 Şamuwel 4:3

Parallel aýatlar

  • +Neh 11:31, 33

2 Şamuwel 4:4

Parallel aýatlar

  • +1Şm 20:16
  • +2Şm 9:3
  • +1Şm 29:1, 11
  • +2Şm 9:13; 1Tr 8:34

2 Şamuwel 4:6

Parallel aýatlar

  • +2Şm 4:2

2 Şamuwel 4:8

Parallel aýatlar

  • +2Şm 2:10
  • +1Şm 18:10, 11; 20:1, 33; 23:15
  • +1Şm 18:28, 29

2 Şamuwel 4:9

Parallel aýatlar

  • +1Şm 24:12; 26:25; 2Şm 12:7; Zb 34:7

2 Şamuwel 4:10

Parallel aýatlar

  • +2Şm 1:2, 4
  • +2Şm 1:13—15

2 Şamuwel 4:11

Parallel aýatlar

  • +1Ms 9:6; 2Ms 21:12; 4Ms 35:16, 30

2 Şamuwel 4:12

Parallel aýatlar

  • +Zb 55:23
  • +5Ms 21:22

Umumy salgylar

2 Şam. 4:12Şm 3:27
2 Şam. 4:12Şm 2:8
2 Şam. 4:2Ýuş 9:17; 18:21, 25
2 Şam. 4:3Neh 11:31, 33
2 Şam. 4:41Şm 20:16
2 Şam. 4:42Şm 9:3
2 Şam. 4:41Şm 29:1, 11
2 Şam. 4:42Şm 9:13; 1Tr 8:34
2 Şam. 4:62Şm 4:2
2 Şam. 4:82Şm 2:10
2 Şam. 4:81Şm 18:10, 11; 20:1, 33; 23:15
2 Şam. 4:81Şm 18:28, 29
2 Şam. 4:91Şm 24:12; 26:25; 2Şm 12:7; Zb 34:7
2 Şam. 4:102Şm 1:2, 4
2 Şam. 4:102Şm 1:13—15
2 Şam. 4:111Ms 9:6; 2Ms 21:12; 4Ms 35:16, 30
2 Şam. 4:12Zb 55:23
2 Şam. 4:125Ms 21:22
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
Mukaddes Kitap
2 Şamuwel 4:1—12

Ikinji Şamuwel

4 Abnuryň Hebronda ölendigini+ eşidip, Şawulyň ogly Işboşetiň+ ýüregi ýaryldy*, ysraýyllar hem howsala düşdi. 2 Şawulyň oglunyň alamançy esgerlerine baş bolan iki adamy bardy. Biriniň ady Baganaý, beýlekisiniňki Rehapdy. Olar benýaminlerden beýerotly Rimmonyň ogullarydy. Öňler Beýerot+ şäheri hem benýaminleriňkidi. 3 Beýerotlylar Gitaýyma+ gaçyp gidipdiler. Olar henizem şol ýerde gelmişek bolup ýaşaýarlar.

4 Şawulyň ogly Ýonatanyň+ iki aýagy⁠-⁠da agsak ogly bardy+. Ýizregelden+ Şawul bilen Ýonatanyň ölendigi barada habar gelende, ol bäş ýaşyndady. Şonda enekesi çagany alyp, gaçyp gidipdi. Ol ylgap barýarka, aljyrap, çagany elinden gaçyrýar. Şeýdip, oglanjyk maýyp bolýar, onuň ady Mepiboşetdi+.

5 Beýerotly Rimmonyň ogullary Rehap bilen Baganaý günortanyň jokrama yssysynda Işboşetiň öýüne bardylar. Şol wagt Işboşet dynç alyp ýatyrdy. 6 Olar+ bugdaý almaga gelen kişi bolup, öýe girdiler⁠-⁠de, Işboşeti gylyçdan geçirip, hiç kime bildirmän, gaçyp gitdiler. 7 Rehap bilen Baganaý içerik girende, Işboşet otagynda uklap ýatyrdy. Olar Işboşeti öldürip, kellesini kesip aldylar. Soňra Arabanyň ýoly bilen uzak gije ýöräp, 8 Işboşetiň+ kellesini Dawut patyşanyň ýanyna, Hebrona eltip: «Patyşahym, seniň kastyňa çykan+ duşmanyň Şawulyň+ ogly Işboşetiň kellesini getirdik. Ýehowa Şawuldan we onuň neslinden şa hezretleriniň aryny aldy» diýdiler.

9 Emma Dawut beýerotly Rimmonyň ogullary Rehap bilen Baganaýa: «Meni ähli bela⁠-⁠beterden dyndyran+ Ýehowa diri şaýatdyr, 10 öňem biri gelip, Şawulyň ölendigini aýdanda+, gowy habar getirendirin öýdüpdi. Ýöne men ony Ziklagda öldürdim+, getiren habary üçin şeýdip sylagladym. 11 Indi öz öýünde düşekde ýatan bigünä adamy öldüren zalymlary, heý, jezasyz goýarynmy?! Onuň ganyna galanyňyz üçin+, siziň hem janyňyzy alaryn!» diýdi. 12 Soňra Dawut ýigitlerine olary öldürmegi buýurdy+. Ýigitler olaryň el⁠-⁠aýagyny çapyp, jesetlerini Hebrondaky howdanyň ýanynda asdylar+. Işboşetiň kellesini bolsa Hebrona äkidip, Abnuryň mazarynda jaýladylar.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş