Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Şamuwel 9
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Şamuwel kitabynyň mazmuny

      • Dawudyň Mepiboşete eden ýagşylygy (1—13)

2 Şamuwel 9:1

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgi bildirerdim.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 18:1, 3; 20:15, 42

2 Şamuwel 9:2

Parallel aýatlar

  • +2Şm 16:1; 19:17

2 Şamuwel 9:3

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: Hudaýyň wepaly söýgüsini bildireýin.

Parallel aýatlar

  • +2Şm 4:4; 9:13; 19:26

2 Şamuwel 9:4

Parallel aýatlar

  • +2Şm 17:27—29

2 Şamuwel 9:7

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgi bildirerin.

Parallel aýatlar

  • +Nak 11:17
  • +2Şm 19:28; Nak 11:25

2 Şamuwel 9:8

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: üns berer.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 24:14

2 Şamuwel 9:9

Parallel aýatlar

  • +2Şm 9:1; 16:4; 19:29

2 Şamuwel 9:10

Parallel aýatlar

  • +2Şm 19:28
  • +2Şm 19:17

2 Şamuwel 9:11

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: meniň saçagymdan.

2 Şamuwel 9:12

Parallel aýatlar

  • +1Tr 8:34; 9:40

2 Şamuwel 9:13

Parallel aýatlar

  • +2Şm 9:7; 19:28
  • +2Şm 4:4

Umumy salgylar

2 Şam. 9:11Şm 18:1, 3; 20:15, 42
2 Şam. 9:22Şm 16:1; 19:17
2 Şam. 9:32Şm 4:4; 9:13; 19:26
2 Şam. 9:42Şm 17:27—29
2 Şam. 9:7Nak 11:17
2 Şam. 9:72Şm 19:28; Nak 11:25
2 Şam. 9:81Şm 24:14
2 Şam. 9:92Şm 9:1; 16:4; 19:29
2 Şam. 9:102Şm 19:28
2 Şam. 9:102Şm 19:17
2 Şam. 9:121Tr 8:34; 9:40
2 Şam. 9:132Şm 9:7; 19:28
2 Şam. 9:132Şm 4:4
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
Mukaddes Kitap
2 Şamuwel 9:1—13

Ikinji Şamuwel

9 Bir gün Dawut: «Şawulyň maşgalasyndan diri galan barmyka? Ýonatanyň hatyrasyna+ oňa elimden gelen ýagşylygy ederdim*» diýdi. 2 Şawulyň öýünde hyzmatkär bolan Zyban+ diýen bir adamy Dawudyň ýanyna getirdiler. Patyşa ondan: «Zyban diýilýän senmi?» diýip sorady. Ol hem: «Hawa, patyşahym» diýdi. 3 Patyşa: «Şawulyň maşgalasyndan diri galan barmy? Hudaýyň haky üçin, oňa ýagşylyk edeýin*» diýdi. Zyban: «Ýonatanyň iki aýagy hem agsak ogly bar»+ diýdi. 4 Patyşa: «Nirede ol?» diýip sorady. Zyban: «Lodebarda, Emiýeliň ogly Mahyryň+ öýünde» diýdi.

5 Dawut patyşa dessine Lodebara adam iberip, ony Emiýeliň ogly Mahyryň öýünden getirtdi. 6 Ýonatanyň ogly, Şawulyň agtygy Mepiboşet Dawudyň ýanyna geldi⁠-⁠de, ýüzüni ýere berip, tagzym etdi. Şonda Dawut: «Mepiboşet!» diýdi. Ol: «Diňleýärin, patyşahym!» diýdi. 7 Dawut: «Gorkma, kakaň Ýonatanyň hatyrasyna saňa elimden gelen ýagşylygy ederin*+. Ataň Şawulyň mülküni yzyna bererin, sen hemişe meniň saçagymdan çörek iýersiň»+ diýdi.

8 Şonda Mepiboşet tagzym edip: «Beýle sylag⁠-⁠hormat eder* ýaly men kim?! Guluňyz öli it ahyryn»+ diýdi. 9 Patyşa Şawulyň hyzmatkäri Zybany çagyrdyp: «Şawula we hojalygyna degişli ähli zady agtygyna berdim+. 10 Ogullaryňy, hyzmatkärleriňi al⁠-⁠da, hojaýynyň agtygy Mepiboşetiň melleginde işle. Iýjek çöregi bolar ýaly, hasylyny öýündäkilere ber. Mepiboşet bolsa hemişe meniň saçagymdan iýip içer»+ diýdi.

Zybanyň 15 ogly, 20 hyzmatkäri bardy+. 11 Zyban Dawut patyşa: «Ähli zady aýdyşyňyz ýaly ederin, hökümdarym» diýdi. Şondan soň Mepiboşet patyşanyň ogullary ýaly, Dawudyň saçagyndan* çörek iýip başlady. 12 Mepiboşetiň Mika+ diýen oguljygy bardy. Zybanyň öýündäkiler Mepiboşetiň hyzmatkäri boldy. 13 Ol Iýerusalimde ýaşap, hemişe patyşanyň saçagyndan çörek iýerdi+. Mepiboşetiň iki aýagy⁠-⁠da agsakdy+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş