Nesihat
9 Men şu zatlar barada oýlanyp, şeýle netijä geldim: dogruçyl, paýhasly adamlar we olaryň edýän işleri hak Hudaýyň elindedir+. Adam öňki döwürde bolan söýgüden we ýigrençden habarsyzdyr. 2 Hudaýhonlaryň-da, zalymlaryň-da+, ýagşylaryň-da, halallaryň-da, haramlaryň-da, gurbanlyk berýänleriň-de, gurbanlyk bermeýänleriň-de, gowularyň-da, erbetleriň-de, wada berýänleriň-de we wada bermäge gorkýanlaryň-da — ähli adamlaryň soňy birdir+. 3 Gök* astynda ruhdan düşürýän bir zat bar: ähli adamlaryň soňy birdir+, şol sebäpli olaryň ýüregi erbetlikden doly. Adamlar bütin ömrüne akylsyzlyk edip, ölüp gidýärler.
4 Diri adamyň umydy bar. Diri it ölen ýolbarsdan gowudyr+. 5 Sebäbi diriler öljegini bilýär+, ölüler bolsa hiç zat bilmeýär+. Indi olara hiç hili sylag* berilmez, olary hiç kim ýatlamaz+. 6 Olaryň söýgüsi, ýigrenji, göripligi ýok bolup gitdi. Indi olara gök astynda edilýän işlerden hiç hili paý ýokdur+.
7 Git-de, çöregiňi iýip şatlan, şerabyňy içip, göwnüňi hoşla+; sebäbi hak Hudaý eden işleriňden razydyr+. 8 Eşigiň hemişe ak* bolsun we başyňa ýag çalmagy unutma+. 9 Hudaýyň gök astynda saňa beren biderek ömründe, durmuşyň ähli biderek günlerinde söýgüli aýalyň bilen bagtly döwran sür+. Şonda sen gök astynda çeken agyr zähmetiň üçin paýyňy alarsyň we hözirini görersiň+. 10 Eliňden gelýän işi güýjüňi gaýgyrman et, sebäbi seniň barjak mazaryňda* ne iş, ne maksat-myrat, ne bilim, ne-de akyldarlyk bardyr+.
11 Gök astynda şuny gördüm: ýaryşda hemişe ýüwrük ozmaýar, göreşde hemişe pälwan ýeňmeýär+, akyldaryň saçagynda hemişe çörek bolmaýar, paýhasly adam hemişe baý bolmaýar+, bilimli adam hemişe üstünlik gazanmaýar+, sebäbi olaryň hemmesi garaşylmadyk ýagdaýa tötänden* duçar bolýarlar. 12 Ynsan haçan öljegini bilmeýär+. Balygyň we guşuň tora düşüşi ýaly, ynsan ogly hem betbagtçylygyň duzagyna tötänden düşýär.
13 Gök astynda akyldarlyk hakda bir zat gördüm, ol meni geň galdyrdy: 14 bir kiçiräk galada sanlyja adam ýaşaýardy. Güýçli şa gelip, galany gabady we daş-töweregine gabaw diwarlaryny gurdy. 15 Galada bir garyp, ýöne paýhasly adam bardy. Ol öz akyldarlygy bilen galany halas etdi. Emma ol garybyň gadyryny hiç kim bilmedi+. 16 Özüme diýdim: «Akyldarlyk güýç-kuwwatdan gowudyr+. Emma garyp adamyň akyldarlygyna üns bermeýärler, maslahatyny diňlemeýärler»+.
17 Paýhasly adamyň mylaýym sözüni diňlemek, akylsyzlaryň patyşasynyň gykylygyny eşideniňden gowudyr.
18 Akyldarlyk söweş ýaraglaryndan gowudyr, emma bir günäkär edilen köp gowy zady zaýalap biler+.