Birinji Timoteos
5 Ýaşy uly adam bilen gödek gepleşme+. Onuň bilen kakaň ýaly, ýaş doganlar bilen iniň ýaly gepleş. 2 Ýaşy uly aýallara ejeň ýaly, ýaşy kiçilere bolsa uýaň ýaly garap, päk ýürekli* bol.
3 Kömege mätäç dul aýallaryň* aladasyny et*+. 4 Eger dul aýalyň çagalary ýa-da agtyklary bar bolsa, goý, olar onuň aladasyny etsinler+. Sebäbi kakasynyň, ejesiniň, atasynyň we enesiniň aladasyny etmek olaryň borjudyr+, Hudaý hem muny halaýandyr+. 5 Kömege mätäç hossarsyz dul aýallar Hudaýa bil baglaýarlar+, gije-gündiz doga-dileg edýärler hem-de ýalbarýarlar+. 6 Emma ten höweslerine eýerip ýaşaýanlar diri bolsa-da ölüdirler. 7 Şonuň üçin olar günäkär bolmaz ýaly, şu tabşyryklara eýermegi maslahat ber. 8 Dogan-garyndaşlarynyň, esasan-da, maşgala agzalarynyň aladasyny etmeýän adam imandan dänendir, ol Hudaýa iman etmeýän adamdan hem beterdir+.
9 Ýaşy 60-dan geçen we ärine wepaly galan* dul aýallar hasaba alynsyn. 10 Olar çagalaryna gowy terbiýe beren+, myhmansöýer+, ýagşy işlere yhlasly, mukaddesleriň aýagyny ýuwup+, kynçylyk çekýänlere kömek edip+ abraý gazanan aýal bolmaly+.
11 Dul galan ýaş gelinler bolsa hasaba alynmasyn, sebäbi olar är küýsäp başlasa, Mesihe gulluk edip bilmezler. Şeýlelikde, durmuşa çykmagyň küýüne düşerler. 12 Olar ilkibaşda beren wadasyndan* dänip, höküme sezewar bolarlar. 13 Şeýle-de olar öýden-öýe aýlanyp, ýaltalygy öwrenýärler. Olar diňe ýalta bolmak bilen çäklenmän, gybat hem edýärler we başgalaryň işine goşulyp+, gep gezdirýärler*. 14 Şonuň üçin dul galan gelinleriň durmuş gurmagyny+, çaga dogurmagyny+, öý-içerisiniň aladasyny etmegini isleýärin. Şonda duşmanlar bize dil ýetirip bilmezler. 15 Dul aýallaryň käbiri dogry ýoldan azaşyp, Şeýtanyň yzyna eýerdiler. 16 Eger imanly aýalyň dul galan dogan-garyndaşy bar bolsa, olara kömek etsin, ýygnaga ýük bolmasyn. Şonda ýygnak kömege mätäç beýleki dul aýallaryň* aladasyny edip biler+.
17 Ýygnaga gowy gözegçilik edýän+, esasan-da, Hudaýyň sözüni aýdyp we öwredip, köp zähmet çekýän+ ýaşululara iki esse hormat goýuň+. 18 Sebäbi: «Harman döwýän öküziň agzyny baglamaň»+, «Işçi hakyna mynasypdyr»+ diýlip ýazylandyr. 19 Iki ýa-da üç şaýat bolmasa, ýygnak ýaşulusyna atylýan töhmete ynanma+. 20 Günä edýänlere+ hemmeleriň öňünde käýinç ber+, şonda beýlekiler sapak edinerler*. 21 Men Hudaýyň, Isa Mesihiň we mukaddes* perişdeleriň öňünde şeýle tabşyryklary berýärin. Ýöne adalatly bol, hiç kimi ala tutma+.
22 Ýygnakda birini jogapkärli borja bellemekçi* bolanyňda, howlukma+. Başgalaryň günäli işlerine-de goşulma, özüňi arassa sakla.
23 Mundan beýläk diňe bir suw içmän, aşgazanyň agyrmazlygy we ýygy-ýygydan kesellemezligiň üçin biraz şerap iç.
24 Käbir adamlaryň edýän günäsini hemmeler bilýär, olar şol bada höküme sezewar bolýar, emma käbirleriniň günäsi gelejekde belli bolar+. 25 Şonuň ýaly-da ýagşy işleri hemmeler görýändir+, emma görünmeýän ýagşy işler hem gizlin galyp bilmez+.