Nakyllar
24 Erbetlere gözüň gitmesin,
Olara goşulmagy arzuw etme+.
2 Sebäbi olaryň oý-pikiri zorluk-sütem,
Agzyndan ýamanlyk çykýar.
5 Paýhasly adamyň erk-ygtyýary köp+,
Bilim güýç-kuwwatyňy artdyrýar.
8 Hile gurýan adama,
Hilegärleriň başy diýerler+.
9 Akmagyň niýeti günä eltýär,
Ýaňsylaýjyny il-gün ýigrenýär+.
10 Kyn günüňde ruhdan düşseň,
Göreşmäge güýjüň bolmaz.
11 Ölüme höküm edilenleri halas et,
Ölümine howlugýanlary alyp gal+.
12 Eger: «Mundan habarym ýok?» diýseň,
Ýürekleri* barlaýan Hudaý bilmezmi?+
Seni synlaýan hak Alla bilýär,
Her kimiň işine görä hakyny berýär+.
13 Oglum, bal iý, peýdalydyr,
Bal jana lezzet berýär.
14 Akyldarlyk hem peýdalydyr+,
Ony tapsaň, görjegiň gowy bolar,
Umydyň üzülmez+.
15 Erbet adamlar ýaly,
Dogruçylyň öýüniň golaýynda bukuda ýatma,
Asuda ojagyny ýykma.
16 Dogruçyl adam ýedi gezek ýykylsa-da, ýerinden turýar+,
Erbetler bolsa bela-beteriň içine taýyp gidýär+.
17 Duşmanyň ýykylanda begenme,
Büdrände ýüregiňde şatlanma+.
18 Ýogsa Ýehowa görüp, senden närazy bolar,
Gaharyny duşmanyňdan sowar+.
19 Erbetlere gaharyň gelmesin*,
Ýaramazlara göriplik etme.
20 Erbetleriň gelejegi ýok+,
Erbetleriň çyrasy sönýär+.
21 Oglum, Ýehowadan we patyşadan gork+.
Olaryň* gozgalaňçylara nähili jeza berjegini kim biler?+
23 Ine, akyldaryň öwüt-ündewi:
Kazyýetde tarapgöýlik etmek gowy däl+.
24 Erbede: «Sen dogruçyl adam» diýeni+,
Halk näletlär, milletler ýazgarar.
26 Hakykaty aýdýanyň ýaňagyndan ogşarlar*+.
28 Goňşyňa garşy ýalan şaýatlyk etme+,
Diliň bilen adamlary aldama+.
30 Men ýaltanyň melleginiň+,
Akmagyň üzümçiliginiň golaýyndan geçdim.
32 Muny görüp, oýa batdym,
Özüme şeýle sapak edindim:
33 Biraz ýatsaň, biraz irkilseň,
Biraz gol gowşuryp otursaň,
34 Garyplyk garakçy kimin,
Mätäçlik talaňçy ýaly üstüňe geler+.