Birinji Timoteos
3 Şu aýdýanlarym dogrudyr: kim gözegçi+ bolmak isleýän bolsa, gowy zady arzuw edýär. 2 Gözegçi ýazyksyz bolmaly, bir aýaly bolmaly, ähli zatda çägini bilýän, sagdyn düşünjeli+, tertip-düzgünli, myhmansöýer+, öwretmäge ukyply bolmaly+. 3 Ol arakhor+ we zalym* bolmaly däl, gaýtam paýhasly*+, dawalaşmaýan+, pula gyzmaýan+, 4 maşgalasy hakda gowy alada edýän*, çagalary hem gulak asýan we edepli* bolmaly+. 5 Eger ol maşgalasy hakda gowy alada edip bilmeýän bolsa, Hudaýyň ýygnagy hakda nädip alada etsin? 6 Ýaňy-ýakynda mesihçi bolan adam gözegçi bellenmesin+, ýogsam ulumsylyk edip, Iblise çykarylan höküme sezewar bolar. 7 Mundan başga-da, adamlaryň* arasynda gowy abraýy bolmaly+, şonda hiç kim oňa dil ýetirip bilmez we Iblisiň duzagyna düşmez.
8 Ýygnagyň hyzmatçylary hem jogapkärli bolmaly. Olar ikiýüzli*, köp şerap içýän bolmaly däl we açgözlük bilen haram gazanç edýän bolmaly däl+. 9 Olar imanyň mukaddes syryny päk ynsap bilen saklap bilmeli+.
10 Ýöne olary başda barlap görüň*. Eger olary hiç kim ýazgarmasa+, hyzmatçy bolup gulluk etsin.
11 Aýallar hem edep-ekramly*, töhmet atmaýan*+, ähli zatda çägini bilýän we Hudaýa wepaly bolmaly+.
12 Hyzmatçynyň bir aýaly bolmaly. Ol maşgalasy, esasan-da, çagalary hakda gowy alada edýän* adam bolmaly. 13 Ýygnaga gowy hyzmat edýän doganlar abraý gazanýandyr we Isa Mesihe imany hakda batyrgaý* gürrüň berýändir.
14 Men tizden ýanyňa barmakçy bolsam-da, şeýle tabşyrygy berýärin. 15 Eger birden eglensem, Hudaýyň maşgalasynyň agzasy+ hökmünde özüňi nähili alyp barmalydygyňy bilersiň, sebäbi Biribaryň ýygnagy hakykatyň diregi hem daýanjydyr. 16 Hudaýa wepaly bolmagyň mukaddes syry örän uludyr: «Isa ynsan bedeninde geldi+, soňra täzeden ruh bolup, dogruçyl hasaplandy+, perişdeleriň ýanyna gitdi+. Ol hakda başga halklara wagyz edildi+, adamlar oňa iman etdi+, ol şan-şöhrat bilen göge galdy».