Nakyllar
25 Süleýmanyň nakyllary+. Olary Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň+ kätipleri ýazyp aldy.
2 Syr saklamak Hudaýyň şöhratydyr+,
Meseläni derňemek patyşalaryň şöhratydyr.
3 Gökler beýikdir, ýeriň düýbi çuňdur,
Patyşanyň pikirini bilip bolýan däldir.
5 Erbedi patyşanyň huzuryndan kowsaň,
Tagt adalat bilen berkidiler+.
6 Patyşanyň ýanynda özüňi uly tutma+,
At-abraýly adamlaryň arasynda oturma+.
7 Sebäbi han-begleriň öňünde kemsidileniňden,
Patyşanyň: «Töre geç!» diýeni ýagşydyr+.
8 Kazynyň ýanyna barmaga howlukma,
Goňşyň sözüňi ýalana çykarsa näme edersiň?+
9 Goňşyň bilen dawaňy çöz+,
Emma kesekiniň syryny paş etme*+.
10 Gürrüňiňizi biri eşidip, seni utanja goýaýmasyn,
Agzyňdan çykan erbet sözleri* yzyna gaýtaryp bolmaz.
12 Maslahatyň gadyryny bilýän* adam üçin,
Akyldaryň käýinji altyn gulakhalka,
Sap altyndan ýasalan şaý-sep ýalydyr+.
13 Hasyl döwri sowuk suw* jana lezzet berýär,
Wepaly çapar hem özüni ýollanyň,
Hojaýynynyň göwnüni galkyndyrýar+.
14 Bermedik sowgady bilen öwünýän adam,
Ýagyşsyz buluda, gurak şemala meňzeýär+.
16 Bal görseň, köp iýme,
Aşa düşüp gusaýma+.
17 Goňşyň öýüne köp barma,
Senden bizar bolup, ýigrenäýmesin.
18 Goňşusyna garşy ýalan şaýatlyk edýän adam+,
Çekiç, gylyç we ýiti peýkam ýalydyr.
19 Ynamyňy ödemeýäne* kyn günüňde bil baglamak,
Döwük dişe, agsak aýaga daýanan ýalydyr.
20 Gaýgyly ýürege aýdym aýdyp bermek,
Sowuk howada geýimi çykaran,
21 Duşmanyň* aç bolsa, naharla,
Suwsan bolsa, suw ber+.
22 Şonda başyna közler goýarsyň*+,
Ýehowanyň berekedini alarsyň.
23 Demirgazyk ýeli ýagyş getirýär,
Gybatçy dil gahary getirýär+.
26 Erbediň gepine giden dogruçyl adam
Bulançak çeşme, hapa guýy ýalydyr.
28 Gaharyna erk edip bilmeýän adam
Diwarlary ýumrulan gala ýalydyr+.