Işaýa
33 Waý seniň halyňa! Eý weýran edýän duşman,
Sen heniz weýran edilmediň!+
Eý dönük, heniz saňa dönüklik edilmedi!
Sen weýran edeniňden soň, özüň weýran bolarsyň+,
Dönüklik edeniňden soň, saňa-da dönüklik ediler.
2 Ýehowa, bize rehim et!+
Biz saňa umyt edýäris.
3 Batly sesiňden halklar gaçýarlar,
Ýeriňden turanyňda, milletler dumly-duşa dargaýarlar+.
4 Milletler çekirtgeler ýaly mal-mülküňizi ýalmap ýuwudar,
Halklar çekirtge sürüsi deý baýlygyňyza çozar.
5 Ýehowa beýgeler,
Sebäbi onuň mekany gökdedir.
Ol Siony dogruçyllyk we adalatlylyk bilen doldurar.
6 Ol sizi asuda zamanda ýaşadar.
Ynsanyň* hazynasy: beýik ýeňiş*+, akyldarlyk, bilim,
Ýehowadan gorkudyr+.
7 Olaryň gahrymanlary köçede ajy gözýaş dökýärler,
Parahatlyk habarçylary zar-zar aglaýarlar.
8 Şaýollarynda adam-gara görünmez,
Ýollaryndan ýolagçylar ýöremez.
9 Ýurt ýas tutup*, tapdan düşýär,
Liwan masgaraçylykdan+ ýaňa saralyp solýar.
Şaron çöle öwrülýär,
Başan bilen Karmeliň ýapraklary dökülýär+.
11 Siz guran ota göwreli bolup, saman dogurdyňyz.
Oý-pikirleriňiz içiňizde ot bolup, sizi ýakyp ýandyrar+.
12 Halklar ýanan hek kimin dargap gider,
Çapylan ýandak kimin oda taşlanar+.
13 Eý uzakdakylar, etjek işlerimi eşidiň!
Eý golaýdakylar, güýç-kuwwatymy görüň!
14 Sionyň günäkärleri sandyraýar+.
Imandan dänenler titräp:
„Ýakyp ýandyrýan oduň içinde kim ýaşap biler?+
Sönmeýän oduň ýalnyna kim çydap biler?“ diýýärler.
15 Dogry ýoldan ýöreýän ynsan+
Hakykaty aýdýar+,
Hilegärlik etmeýär, haram gazançdan ýüz öwürýär,
Para almaýar, halal ýaşaýar+,
Ganhorlary diňlemän, gulagyny ýapýar,
Pisligi görmezlik üçin gözüni ýumýar.
16 Ol daglaryň depesinde ýaşar,
Gaýalar oňa gaçybatalga bolar.
Saçagynda nany egsilmez,
Içere suwy tükenmez»+.
17 Seniň gözleriň şan-şöhratly patyşany,
Uzakdaky ýurdy görer.
18 Gorkunç zatlary ýatlap:
«Kätip nirede?
Salgyt töleýän adam hany?+
Diňleri sanaýan adam nirede?» diýersiň.
20 Siona, baýramçylyk geçirilýän şähere seret!+
Iýerusalimi, asuda mekany,
Ýykylmajak çadyry gözüň bilen görersiň+.
Onuň gazyklary asla sogrulmaz,
Ýüpleriniň hiç biri üzülmez.
21 Ol ýerde gudratly Hudaý Ýehowa,
Bizi derýa, giň derýa kimin gorar.
Ol ýerden kürekli gämiler-de,
Ägirt uly gämiler-de geçip bilmez.
23 Duşmanlaryň ýüpleri gowşar,
Gäminiň pürsüni saklap bilmezler,
Ýelkenini açyp bilmezler.
Şonda köp olja paýlaşarlar,
Agsaklar-da olja baryny alarlar+.
24 Hiç bir adam: «Men syrkaw» diýmez+.
Ýurduň ilatynyň günäsi geçiler+.